gurbanspr
15.08.2024 21:47

Çaga mekdepde erbet netije alsa we erbet baha alsa, ony käýemäge, samsyk ýa-da şowsuz hasaplamaga howlukmaň. Galyberse-de, okuwdan soň şeýle çagalaryň durmuşy düýpgöter üýtgäp, olar iň zehinli, meşhur ýa-da dünýädäki iň baý adamlaryň birine öwrülip bilerler.

Amerikaly alymlaryň geçiren barlaglary, pes öndürijiligi, ukypsyzlygy we hatda samsyklygy sebäpli mekdeplerden kowulan okuwçylaryň otuz göteriminiň zehinli we aşa zehinli çagalardygyny subut etdi. Şeýle çagalar adaty mekdep dersleri bilen gyzyklanmaýarlar. Olaryň zehini, köplenç, okuwy gutarandan soň açylýar.

Ynha, ylymda, sungatda, döredijilikde we beýleki ugurlarda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan ikilikçileriň geçmişdäki wakalary.


Gowşak we näsag Isaak Nýuton mekdepde gaty erbet okaýardy. Mugallymlar ony ýalta we samsyk hasaplaýardylar, synpdaşlary ony masgaralapdyrlar we her dürli edip gorkuzypdyrlar. Bu ýagdaý, bir adam Nýutony erbet urýança dowam edýär. Şondan soň beýik fizik synpdaky iň gowy okuwçy bolup, ähli göwnüne degenlerden ar almak kararyna geldi. Hekaýanyň dowamy hemmelere mälimdir.


Nobel baýragynyň eýesi we “otnositellik teoriýasyny” döreden Albert Eýnşteýn giç gürläp başlady, deň-duşlaryndan has giç mekdebe gitdi we on bäş ýaşyndaka okuwynyň pesligi sebäpli bütinleý okuwdan kowuldy. Daş-töweregindäkiler ýaş Albertden hiç hili gowy zadyň gelmejekdigine ynanýardylar. Şeýle-de bolsa, Eýnşteýn iň beýik alymlaryň biri hökmünde taryha girdi.


Microsoft-y esaslandyryjy we dünýädäki iň baý adamlardan biri Bill Geýts mekdepde ikilikçi okuwçydy.

Ene-atalar her gowy bahasy üçin çagalaryna 25 sent tölemäge taýyn bolsalar-da, Bill ýylda bäş dollardan köp gazanmagy başardy. Ýöne mekdepde EHM-leriň peýda bolmagy bilen hemme zat - şol wagtyň özünde ýaş Geýtsde “oýanan” ajaýyp ukyplar hem üýtgeýär.


Golliwud ýyldyzlarynyñ köpüsi hem ikilikçiler we bezzatlar.

Mysal üçin, Al Paçinogaty pes okaýardy, ýöne hyýalbent we ýazyjydy we on dört ýaşynda sahnada ilkinji rollaryny ýerine ýetiren mekdep drama klubyna ýazyldy. Bu oňa geljekki hünäri barada karar bermäge kömek etdi. Alfredo soňky synaglarynyň hemmesinden şowsuz bolansoň, okuwdan çykaryldy. Aktýorlyk okuwy üçin pul ýygnamaga az aýlykly iş bilen meşgullandy. Onuň arzuwy hasyl boldy.


dowamy bar

çeshmesi orient.tm sayty.

20
64
flowers_
16 Awgust 2024
@myrataly_, elim diplomly taxsi saklajak bolup durkam, adyny dogry ýazyp bilmeýan maşynly deñimden geçdi diýýäñmi))
Dark
15 Awgust 2024
Mekdep sana diñe bilim berer.Pikirleri ve ädimi ätmek özüñe bagly.Gyzyl diploma dynsan name peyda bar.Gidip mekdepde işlejek bolsan.Balyk iymani dälde balyk tutmany bilmeli.
myrataly_
15 Awgust 2024
Akmak surer dowrany akylly onuň haŷrany. Gyzyl diplom,attestat geljegini garantiya edenok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.