Öýleden soň ýüzün garaňka tutup,
Başlady güýz ýagşy ýagmaga ýene.
Kalbyňa çen aralaşýar jümşüldi,
Sowuk damja degeninde bedene.
Saralan ýapraklar ýatyr paýraşyp,
Şahada galanam taýyn tänmäge.
Duýgularym saralsa-da, solsa-da,
Mejbur etmez õz söýgimden dänmäge.
Guran ýapraklarda döwülýär damja,
Ses edýär güýz ýagşy şybyr-şybyrdap.
Hem: “Ol indi hiç wagt dolanmaz” diýip,
Gulagyma çawuş çakýar pyşyrdap.
Tänmesin arzuwyň.
Güýzüň bir güni
Dönmesin islegiň yza gaýtmaga.
Bagtly bolsaň bolýar.
...Aý, menem näme...
Maňa-da Güýz bar-a arzym aýtmaga.
Çemen Annaberdiýewa.