gurbanowa
13.10.2023 09:26

Bileje ýagyşa ezilmesek-de,

Kän sürüpdik hyýalyny şol günüň.

Aýna düşýän damjalary yzarlap,

Şolar bilen deň nemlenýär söwdügiň.


Ýagyşly howadan giňeýän gursak

Bu mahal jahana sygmajak bolýa.

Ejap edip syr bukulan dideleň

Gök asmandan beter boguny dolýa.


Gijelere ýesir düşüp ýene-de,

Söwdügiň ýesiri jybar ýagyşyň.

Neçün bize nesip dälkä, ezilip

bileje synlamak ýagşyň ýagyşyn.


Annabeg Aýmakowa

26
28
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.