gulu
27.09.2023 21:52

Öýde adam galan däldirdä belki,

Başlyk körpe ogluny getirdi işe.

Kömekçiden başlap hasapça çenli,

Garagol çagajyk ýetirdi pişe.


Hemmeler yzynda hälki körpäniñ,

Kimler süýji berýär, kimler şokolad.

Kimlerden başlygy soramasa-da,

''ogluñ gowja'' diýip edip ýör doklad.


Gaharjañ pylanyñ gapysyn açyp,

Girende gygyrdy -kimiñki çaga?

-olmy başlygyñky!

-hää wi tanadym'

Gelendir bujagaz kemput iýmäge.


Öýündede beýle söýulmändi ol,

Her kim gujaklaýar, ogşaýar her kim.

Bezzatlygyna gahar edýänleride,

Kakasy gelende üýtgedýär durkun.


Wagt geçdi, başga gün mekdepden çykyp,

Edara barypdyr, üşän ekeni.

Salmady garawul,

Şol gün ir säher,

Kakasy işinden boşan ekeni...

30
90
gulu
30.08.2023 19:40
Bir gün bir adam polisiýa jañ edýär.
A:alo polisiýamy?
P:Hawa, aýdyber👮‍♂️
A:bärde bir giden öli bar.
P:duran ýeriñde dur. nirede sen🤯🤯
A:mazarlykda.🤣🤣🤣

Mugallym okuwça soraýar:
hany öý işiñ
okuwçy:mugallym öýiñ işi bolany üçin öýde goýup gaýdaýdym.🤣🤣🤣

Eli mantrowkaly türkmen oglan bir orsy kowalap barýa diýýä.iki köçe kowalap üçünjide tutdy diýýä.oldir ýaly urupdyr welin köçeden geçip barýan ýaşuly.
-oglum bu ors janeweriñ näme günäsi bar. name üçin muny urup dursyñ
-agam bular gökdepe galasyny basyp alypdyrlar ekeni.Ýaşulam oglum bu birwagtlar bolan zat ahyryn diýse
-men şu wagt eştdimlaý diýýä🤣🤣🤣

Gowy adamlar ir ölýä diýýäler.Özümden gorkýanow.

imojyga imojyk,
istoriyasy nazejik,
bökjekleya oynaya
50mb çeýneýä🤪😜

seni söýýä ýöne gelenok şeýlemi?
öküzem şeýle ulaga sereder ýöne münmez🤣🤣🤣

imoda söýgiden ýananlar men ölesim gelýär. ýaşasym gelenok ş.m sözler goýýanlar gynansakda Ezraýyl imo girenok eken🤣🤣🤣

Eger bu dünýä seniñ gözüñe dar görünse siz hytaý ýada ýapon🎎🧧🤣🤣🤣

Allajan hemme gyzlara kirlenmeýän öý🧽🧽🧼gutarmaýan pul💸💸we diñe señki dogry diýýan ýanýoldaş ber🤲🤣🤣🤣😁
43
441
gulu
29.08.2023 17:26
Durup men döşim gerip,
Namys dag gaýasynda,
Ýörip men döwran sürüp,
Kakamyñ saýasynda.

Rowan ömür ýollarym,
Göge ýeter gollarym,
Aýan sagy sollarym,
Kakamyñ saýasynda.

Duşmana har bolmadym,
Dostlaryma zar bolmadym,
Ýaşadym hiç solmadym,
Kakamyñ saýasynda.

Hemmämiziñ kakamyzyñ jany sag bolsun!
27
52
gulu
28.08.2023 23:30
Ejeler,ejeler mährem ejeler,
Kemeltmäliñ ajap-ajap ýazlary,
Iki gün sowuljak tokga pul diýip,
Bagtyndan kesmäliñ gözel gyzlary.

Galyñy ýazýañyz, kagyz üç metr,
Geýiljek geýimden gök çaýa çenli,
Gelen gudalaryñ gözleri çykýar,
Çaşýar, ýöräp bilmän o jaýa çenli.

Bu galyñ belasy mundan-da beter,
Ara daş bolsada gyz berilenok,
Nämemiş gyz berse Lebapdan-Mara,
Dereksiz ýitýärmiş soñ görülenok.

Zamana serediñ mährem ejeler,
Ýoluñda otly bar asmanda uçar,
Görjek diýseñizem hepdede, günde,
Bu ýollar şol gyzyñ üstünden geçer.

Daş ýollar galmady, golaýda bary,
Indi Amerika salymda ýetýäs,
Oýlanyñ ejeler çuñdan oýlanyñ,
Biz haýsy zamanyñ gürrüñin edýäs.

Galyñam goýalyñ ara daşlygam,
Esasy bagt dälmi beýgelden bizi?
Bir gezek meniñem aýdanym diñläp,
Öz söýen ýaryna beriñ siz gyzy!
17
59
gulu
21.08.2023 16:12
😄😄😄
35
258
gulu
18.08.2023 13:47
🤣🤣🤣
26
259
gulu
17.08.2023 22:05

🤣😂🤣

Bir gün iki däli samalýotda otyr eken.Onsoñ ýañky däli ýanyndaky dälä soraýar:dost senem şu samalýotda otyrmyñ🥴🤣

58
1 094
gulu
15.08.2023 13:39

Bizi uzak garaşdyrýar🙇‍♂️🙇‍♀️

Atam janyñ pensiýasy.👴💸💵

Agtyklary birleşdirýär,👫👭

Atam janyñ pensiýasy.💵💸👴


Iýdi:r süýji, pişme, pisse,🍬🍰🥜

Gülki artar iki esse.😃😄

Biziñ şatlygymyza ussa,🥳🥳

Atam janyñ pensiýasy.🧓💵💸


Rowaç, Guwanç hatar- hatar,👬

Ybraýym, Kemal ondan beter.👬

Az bolsada hemmä ýeter,🤷‍♀️💸💵

Atam janyñ pensiýasy.🧓💵💸


Ogullaram umydygär,👨‍👦‍👦👨‍👩‍👧‍👦

Gelinlerem umydygär,👩‍👧‍👦👨‍👩‍👦‍👦

"Artygyñ harmanna" meñzär,💸💵

Atam janyñ pensiýasy.🧓💵💸


Atam gülüp paýlar hemmä,🧓💵💸💵💸

Agtyk, çowlyk, daýy, ýeññä.👨‍👩‍👦‍👦👬👭

Ýüregi ak sahy hernä,🤍💖

Bar perzendin hökman deñlär,💁‍♀️👬

Atam janyñ pensiýasy.🧓💵💸


Bersin uzak ýaş atama,🧓🧓

Saglyk bersin ak ýüregne,🥇🏥💖

Dahylly däl bu dilgme,🤲🤲

Atam janyñ pensiýasy.🧓💸💶💵💴💸

22
213
gulu
14.08.2023 23:36

Gijelerme rahat bergin,😴

Gündizime takat bergin,🙂

Ertir irden oýanamda,🥱

Günüm şatlyga garylsyn.😃🥳

Başlygym işe gelýarka,🚶‍♂️

Ulagyñ tigri ýarylsyn.🚗

Ýigitler köpräk öýlensin,🤵👰

Hemrañky ýaly toý gelsin,🥳🥳

Çuwal-çuwal gülki bergin,🙂🙂

Begenmäge çaga ýaly.👼

Gürlesem toýda gürläýin,🤵

Diktor Mergen aga ýaly.🙂

Ýüreklermize hyruç ber,💝

Aýalyma " bez zwuk" ber. 🤐

Ýazylsyn gelse gaharym,🙍‍♂️

Mugt tapylsyn naharym.🍨🍪🎂

Pul soramasyn goñşular,🤑

Galan zat bilen oñşular.😄💁‍♀️

Baş buhgalter ýalñyşypjyk,🤦‍♂️

Aýlygymyzy ir geçirsin.🤑

Bergidarlam köl ýa derýa,🏝🏖

Bellik depderin gaçyrsyn🎟

Günortan çaýa gelemde,☕

Hemme zatlar taýyn bolsyn.🍫🍨🍩

Ertir ýoldan galsa biri,🚙

Onuñ ady gaýyn bolsun.👵👩‍🦳


Ynha indi men ýataýyn,😇😴

Arzuwlaryma ýeteýin.😎

Sagatlary ýoredeýin,⏰🕑

Boş günleri saradaýyn.⌚

22
100