gulu
28.08.2023 23:30
Ejeler,ejeler mährem ejeler,
Kemeltmäliñ ajap-ajap ýazlary,
Iki gün sowuljak tokga pul diýip,
Bagtyndan kesmäliñ gözel gyzlary.

Galyñy ýazýañyz, kagyz üç metr,
Geýiljek geýimden gök çaýa çenli,
Gelen gudalaryñ gözleri çykýar,
Çaşýar, ýöräp bilmän o jaýa çenli.

Bu galyñ belasy mundan-da beter,
Ara daş bolsada gyz berilenok,
Nämemiş gyz berse Lebapdan-Mara,
Dereksiz ýitýärmiş soñ görülenok.

Zamana serediñ mährem ejeler,
Ýoluñda otly bar asmanda uçar,
Görjek diýseñizem hepdede, günde,
Bu ýollar şol gyzyñ üstünden geçer.

Daş ýollar galmady, golaýda bary,
Indi Amerika salymda ýetýäs,
Oýlanyñ ejeler çuñdan oýlanyñ,
Biz haýsy zamanyñ gürrüñin edýäs.

Galyñam goýalyñ ara daşlygam,
Esasy bagt dälmi beýgelden bizi?
Bir gezek meniñem aýdanym diñläp,
Öz söýen ýaryna beriñ siz gyzy!
17
59
2580
29 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
oopp
29 Awgust 2023
Mawy salam
garik
29 Awgust 2023
Miss_Minnosh❤️
29 Awgust 2023
@garik, Kerimhally
garik
29 Awgust 2023
Awtor 🤔
birijikprenses
28 Awgust 2023
Malades👍😊👏
shiraly
28 Awgust 2023
Haladym.?! 👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.