gulu
27.09.2023 21:52

Öýde adam galan däldirdä belki,

Başlyk körpe ogluny getirdi işe.

Kömekçiden başlap hasapça çenli,

Garagol çagajyk ýetirdi pişe.


Hemmeler yzynda hälki körpäniñ,

Kimler süýji berýär, kimler şokolad.

Kimlerden başlygy soramasa-da,

''ogluñ gowja'' diýip edip ýör doklad.


Gaharjañ pylanyñ gapysyn açyp,

Girende gygyrdy -kimiñki çaga?

-olmy başlygyñky!

-hää wi tanadym'

Gelendir bujagaz kemput iýmäge.


Öýündede beýle söýulmändi ol,

Her kim gujaklaýar, ogşaýar her kim.

Bezzatlygyna gahar edýänleride,

Kakasy gelende üýtgedýär durkun.


Wagt geçdi, başga gün mekdepden çykyp,

Edara barypdyr, üşän ekeni.

Salmady garawul,

Şol gün ir säher,

Kakasy işinden boşan ekeni...

30
90
okap
28 Oktýabr 2023
@Serwi, gosgyn ady name ka
maral
27 Sentýabr 2023
Başyny okamda ýylgyryp otyrdym. Soñuny okap birhili bolup gitdim 😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.