gultaze
11.03.2023 20:16
Harplyk goşgysy A. Atajan,Agajan,Aýna Joralarym dostlam bary . "Mama alma al"diýip Aňsatjak öwrendim A-ny B. Baýram dosdym geldi bu gün Diýdi "Dosdym ýör oýnaly"
10
182
11
gultaze
10.03.2023 18:58
Az salym beýikleriň sözlerini ýatlalyňmy?
1. Özgäniň kemçiligine bellik edip ýörmekden uly kemçilik barmyka?
2. Asla biriniň umydyny kesme! Belki-de ýeke-täk eýe bolan zady şoldyr.
3. Aýakgabymyň ýoklugyna gynanýardym, aýagy ýok adamy görenime çenli.
4. Ýitirjek hiç bir zady galmadyk adamdan özüňi gora.
5. Haçan-da ýazmagy başarmaýan çagyň ýazmak gerek.
6. Saňa edilmek islemedik zadyňy, başga birine etme.
7. Çykan gapyňy gaty ýapma, belki-de yza dönmek isläp bilersiň.
8. Dilden gelen elden gelse – çyn gedaý patyşa bolar.
9. Iki gezek ýaşaýan ýok, emma bir gezek hem ömür sürmegi başarmaýan köp.
10. Daşy deşen, suwuň güýji däl-de, damjalaryň yzgiderligidir.
11. Garny açlardan has hem kalby açlara gynanýaryn.
12. Adam öz ýalňyşyny, diňe özgeleriň gözi bilen görüp biler.
13. Ýalan at ýaly gider, hakykat ýöräp, ýöne wagtynda ýetişer.
14. Ylymy ogurlatsaň köpeler, maly ogurlatsaň kemeler.
15. Ýaman diýdi – başda ýagşydym menem!
10
91
2
gultaze
09.03.2023 21:17
– Keýwany diýýänä, tüweleme, ine oglumyzam sag-aman gullukdan geldi. Indi hem ho-ol gapydaky göläni satyp, gelniň ugruna çykybersegem boljak.
– Dogry aýdýaň kakasy, indi bizem şaýymyzy tutmaly…
Alty aýdan soňra ogly:
“Bäh, bulara meniň gulagymy owazlandyrdylarda, soňy bolmadyla. Hany ejemiň bir taryna kakyp göreýin”
– Ejee…
– Hawa oglum aýdyber?
– Nemelaý eje…
– Hawa?
– Nemedä… bu aradaky göleli gürrüň nähili boldyka?
– Gölejigi satybermeli bolupdyr.
*****
Bir adam eşegi bilen gidip barýan eken. GAI üstünden gülmek üçin ony saklapdyr. Dokumentleri sorap: “Haýsyňyza jerime ýazaýyn, sizemi ýa-da eşegemi?” diýip sorapdyr. Ol adamam: “Maňa ýazaý, eşegiň dokumenti arassa bolaýsyn. Ulalanda milise bolmaly” diýipdir.
*****
Aman:
-Eje Jennet meniň çilim çekenimi aýtdymy?
Ejesi:
-Ýok oglum.
Aman:
-Onda menem onuň söýgülisiniň bardygyny aýtjakdäl.
*****
Öý eýesi myhmandan soraýar:
-Siz kofe näçe çemçe şeker atýarsyňyz?
-Öz öýümde bir, myhmançylykda bäş çemçe.
-Onda siz özüňizi hut öz öýüňizde ýaly göräýiň.
*****
Bäş ýaşlyja oglanjyk ejesine:-Eje men ulalanymda 5 sany gyz aljak diýýär. Ejesi:-Wiý oglum sen olaryň haýsynyň ýanynda ýatjak -diýýär. Ogly:- Eje men seniň ýanyňda ýatjak. Ejesi:-Tuweleme oglum saňa döneýin, alla razy bolsun, ýöne olaň ýanynda kim ýatsyn? Ogly:-Kakam ýataýsyn.
Kakasy:-Alla razy bolsun oglum, alla razy bolsun.
*****
2 okuwçy synpda uruşýar. Mugallym ikisine-de synp tagtada 100 gezek öz atlaryny ýazmaly diýip jeza berýär. Onsoň bir okuwçy -Bu adalatly däl diýýär. Mugallym näme üçin diýende şeýle diýýär:-Onuň ady Aly meniň adym bolsa Muhammetgurban diýýär.
*****
Gadyrly matematika! Senem indi ös, ulal, öz meseleleriňi özüň çöz. Bize çözdürip ýörmede!
*****
Mugallym okuwçydan soraýar:
-Hristofer Kolumb (amerikany açan geograf) nämäni başardy?
-Amerika wizasyz girmegi başardy.
*****
-Meni tapmak kyn, ýitirmek aňsat.
-Sen näme telewizoryň pultymy?
****
Öýlenjek oglanlara 4 maslahat:
1. Gyz owadan bolsun.
2. Gyz akylly bolsun.
3. Gyz baý bolsun.
4. Ýokardaky gyzlar biri-birini tanamasyn.
*****
Men arassa türkmençe gürlemegiň tarapdary. Şokoladly wafli turkmençesi "Sokolad ortukli gatlakly epme" Ýöne indi arassa gurlemegi goýbolsun etdim.
*****
Ursup durka-da tanysjak bolýan millete turkmen diýilýar.
-Kimaý sen
-Sen kimow
-Eý men sana kim sen diýýan
-Tupoý kimdigini aýt
-Sen kimaý mana kim sen diýer ýaly
-Kimdigini aýt bolmasa erbet bolar
😅😅😅
14
402
19
gultaze
07.03.2023 17:26
Halkara zenanlar gününiň nähili taryhy bar?
Ykdysady, sosial we sysaýy deň hukuklyk ugrundaky göreşde aýallaryň halkara raýdaşlyk güni.
Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän aýallaryň zähmet hakynyň pesligi we iş şertleriniň oňaýsyz bolany üçin gozgalaň turuzmalaryndan öz gözbaşyny alýar. Olar iş wagtlarynyň 16 sagatdan 10 sagada çenli azaltmagyny, iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny talap edipdirler.
Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.
Mahriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Sizi durmusymyzy ajayyp bahar owusginleri bilen bezeyan,kalbymyzy mahriban zenanlarmyza caksiz buysanc duygulary bilen nurlandyryan Halkara zenanlar guni bilen tuys yurekden gutlayaryn! Size berk jan saglyk,uzak omur,masgala abadancylygyny,asuda we bagtyyar durmus,yurdumyzyn gullap osmegi ugrunda alyp baryan islerinizde uly ustunlikleri arzuw edyarin!
8-Nji Mart Degişmesi – Kerim Gurbannepesow
Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda,
«Heleý» diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?
Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.
Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
«Bärik gel-eý!» diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.
Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip «gel-eý!» sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş «heleý» sözi…
Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.
«Ogulsapar jan» bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa «Gel-eý! Gel-eý!» diýip,
«Heleý» adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.
Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bile garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.
Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.
…Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
…Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.
Gülüň! Gülüň!
Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.
Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.
8
74
4
gultaze
06.03.2023 21:25
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Ogly:
-Eje men näçe ýaşdan soň köçä sizden soraman çykyp bilerin?
Ejesi:
-Ol ýaşa intäk kakaňam ýetenok!
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Bir gün bir okuwçy sapakda uklap galypdyr. Mugallym okuwçynyň ýanyna baryp -Tur sen näme üçin ýatyrsyň diýipdir. Okuwçy-Mugallym siziň sesiňiz şeýle bir enaýy hüwdi ýaly eşidildi welin ýatyp galypdyryn diýýär. Mugallym-Onda näme üçin beýleki okuwçylar ýatanok?
-Sebäbi olar sizi diňlänok
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Gyzlara düşünemok😕 Olar başda "Ak atly şazada gerek" diýýärler, soňam şazada tapylyp ol şazada-da uzak gün şazadalygyny edip günuzak diwanda oturanda bolsa närazy bolýarlar...
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Adamlar itleri daňyp goýýar, telefonlaram adamlary daňyp goýýar.
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Kakasy ogluna maşyn sürmegi öwredýär. Ogly:
-Maşyn sürmek nähili aňsat,edil kompýuter oýunlaryndaky ýaly.
Kakasy:
-Heh, emma bu ýerde 1 janyň bolýar.
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
Bir maşgala toýa gidermen bolýar. Bu maşgalada iki gyz bar, bular näme köýnek geýjegini bilmän ejesiniň ýanyna barýarlar.
-Gyzym seniň saçyň sary, sary köýnek geý. Saçy garaja gyzym senem gara koýnegiňi geýäý.
Onda kakalary aýdýar:
-Men ýalaňaç gidibersemem bolýar.
☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺☺
12
307
7
Yene yükle