– Keýwany diýýänä, tüweleme, ine oglumyzam sag-aman gullukdan geldi. Indi hem ho-ol gapydaky göläni satyp, gelniň ugruna çykybersegem boljak.
– Dogry aýdýaň kakasy, indi bizem şaýymyzy tutmaly…
Alty aýdan soňra ogly:
“Bäh, bulara meniň gulagymy owazlandyrdylarda, soňy bolmadyla. Hany ejemiň bir taryna kakyp göreýin”
– Ejee…
– Hawa oglum aýdyber?
– Nemelaý eje…
– Hawa?
– Nemedä… bu aradaky göleli gürrüň nähili boldyka?
– Gölejigi satybermeli bolupdyr.
*****
Bir adam eşegi bilen gidip barýan eken. GAI üstünden gülmek üçin ony saklapdyr. Dokumentleri sorap: “Haýsyňyza jerime ýazaýyn, sizemi ýa-da eşegemi?” diýip sorapdyr. Ol adamam: “Maňa ýazaý, eşegiň dokumenti arassa bolaýsyn. Ulalanda milise bolmaly” diýipdir.
*****
Aman:
-Eje Jennet meniň çilim çekenimi aýtdymy?
Ejesi:
-Ýok oglum.
Aman:
-Onda menem onuň söýgülisiniň bardygyny aýtjakdäl.
*****
Öý eýesi myhmandan soraýar:
-Siz kofe näçe çemçe şeker atýarsyňyz?
-Öz öýümde bir, myhmançylykda bäş çemçe.
-Onda siz özüňizi hut öz öýüňizde ýaly göräýiň.
*****
Bäş ýaşlyja oglanjyk ejesine:-Eje men ulalanymda 5 sany gyz aljak diýýär. Ejesi:-Wiý oglum sen olaryň haýsynyň ýanynda ýatjak -diýýär. Ogly:- Eje men seniň ýanyňda ýatjak. Ejesi:-Tuweleme oglum saňa döneýin, alla razy bolsun, ýöne olaň ýanynda kim ýatsyn? Ogly:-Kakam ýataýsyn.
Kakasy:-Alla razy bolsun oglum, alla razy bolsun.
*****
2 okuwçy synpda uruşýar. Mugallym ikisine-de synp tagtada 100 gezek öz atlaryny ýazmaly diýip jeza berýär. Onsoň bir okuwçy -Bu adalatly däl diýýär. Mugallym näme üçin diýende şeýle diýýär:-Onuň ady Aly meniň adym bolsa Muhammetgurban diýýär.
*****
Gadyrly matematika! Senem indi ös, ulal, öz meseleleriňi özüň çöz. Bize çözdürip ýörmede!
*****
Mugallym okuwçydan soraýar:
-Hristofer Kolumb (amerikany açan geograf) nämäni başardy?
-Amerika wizasyz girmegi başardy.
*****
-Meni tapmak kyn, ýitirmek aňsat.
-Sen näme telewizoryň pultymy?
****
Öýlenjek oglanlara 4 maslahat:
1. Gyz owadan bolsun.
2. Gyz akylly bolsun.
3. Gyz baý bolsun.
4. Ýokardaky gyzlar biri-birini tanamasyn.
*****
Men arassa türkmençe gürlemegiň tarapdary. Şokoladly wafli turkmençesi "Sokolad ortukli gatlakly epme" Ýöne indi arassa gurlemegi goýbolsun etdim.
*****
Ursup durka-da tanysjak bolýan millete turkmen diýilýar.
-Kimaý sen
-Sen kimow
-Eý men sana kim sen diýýan
-Tupoý kimdigini aýt
-Sen kimaý mana kim sen diýer ýaly
-Kimdigini aýt bolmasa erbet bolar
😅😅😅