gultaze
07.03.2023 17:26
Halkara zenanlar gününiň nähili taryhy bar?

Ykdysady, sosial we sysaýy deň hukuklyk ugrundaky göreşde aýallaryň halkara raýdaşlyk güni.
Bu baýramçylygyň başlangyjy 1857-nji ýylda Nýu-Ýork şäherinde dokma paýdarlar jemgyýetinde işleýän aýallaryň zähmet hakynyň pesligi we iş şertleriniň oňaýsyz bolany üçin gozgalaň turuzmalaryndan öz gözbaşyny alýar. Olar iş wagtlarynyň 16 sagatdan 10 sagada çenli azaltmagyny, iş hakynyň ýokarlandyrylmagyny talap edipdirler.
Halkara Zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.

Mahriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Sizi durmusymyzy ajayyp bahar owusginleri bilen bezeyan,kalbymyzy mahriban zenanlarmyza caksiz buysanc duygulary bilen nurlandyryan Halkara zenanlar guni bilen tuys yurekden gutlayaryn! Size berk jan saglyk,uzak omur,masgala abadancylygyny,asuda we bagtyyar durmus,yurdumyzyn gullap osmegi ugrunda alyp baryan islerinizde uly ustunlikleri arzuw edyarin!


8-Nji Mart Degişmesi – Kerim Gurbannepesow

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda,
«Heleý» diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?
Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
«Bärik gel-eý!» diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip «gel-eý!» sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş «heleý» sözi…

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

«Ogulsapar jan» bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa «Gel-eý! Gel-eý!» diýip,
«Heleý» adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bile garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.

…Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
…Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň!
Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.
8
74
tkm _aýdymçy _ýigit98
7 Mart 2023
atakulyyewa_humay,nesip bolsa ertir gutlaryn post edip 8 nji mart hakda başga goşguda goýjak
atakulyyewa_humay
7 Mart 2023
tkm _aýdymçy _ýigit98,Gutlag üçin minnetdar! Ýatlap gutlanyňa sag bol! Gelnejemem gutla meniň adymdan🌹
tkm _aýdymçy _ýigit98
7 Mart 2023
atakulyyewa_humay,8 nji mart baýramyň gutly bolsun
atakulyyewa_humay
7 Mart 2023
🤍🤍Baýramyňyz bilen🤍🤍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.