gullnara_
24.10.2023 14:02
Halaýan ýigidiňiz siziň söýgiňizi duýmaýan bolsa, sen hakynda pikir etmeýän bolsa, ondan köp pul karz alyň. Goý, ol diňe sen hakda pikir etsin! 😁😁😁

Halamaýan oglanyňdan nädip ar almalydygyny öwredeýinmi?
Oňa durmuşa çykyň! 😆😆😆
27
292
gullnara_
24.10.2023 07:18
Çingiz hanmy ýa-da Aleksandr Makedonskiý?
Taryh Şahsy Pikirim

Çingiz hanmy ýa-da Aleksandr Makedonskiý?
11-nji synpda taryh mugallymymyñ sapakda beren soragy. Synpdaşlarymyñ aglabasy bu soraga Çingiz han (Temuçin asyl ady. 1162-1227 ý.ý) diýip jogap berdiler. Emma men şol wagt pikirenmän Aleksandr Makedonskini (b.e.öñ 356-323 ý.ý) saýladym. Näme üçin? Ilki bilen bu iki şahsyýetiñ öz ýaşan döwürleriniñ öz aýratynlyklary bar. Dogry Çingiz hanyñ imperiýasy eýelän ýerleri boýunça köp bolup biler (taryhda B.Britaniýadan soñra 2 nji orun) ýa bolmasa söweş taktikalary güýçli bolup biler. Emma bir zada üns bereliñ, Çingiz hanyñ döwründe onuñ esasy garşydaşy Alaeddin Muhammet II (Köneürgenç döwletiniñ soltany 1200-1221 d.ý ) Aleksandr Makedonskiniñ bolsa Dariý III (Kodoman b.e.öñ 336-330). Alaeddin Muhammediñ göýberen ýalñyşlygy esasynda Çingiz han ýeñdi (eger-de goşunlar galalara paýlanman açyk meýdanda söweşen bolsa, ýeñmek mümkinçikigi bardy) Aleksandr Makedonski bolsa Dariý III bilen bolan ähli başa-baş söweşlerde ýeñdi ( Granik, Isse, Gawgamel) . Mundan başga-da Makedonskiý eýelän ýerlerinde hemme zady ýykyp ýumurmady, grek-makedon medeniýetini ornaşdyrdy, ylmyñ ösmegine goşant goşdy. Çingiz han bolsa eýelän ýerlerindäki ähli gözellikleri ýykyp-ýumurdy. Muña mysal edip Merwdäki kitaphanalaryny alsa bolar. ( şol döwürde Merwde 10-a golaý kitaphanalar bar) Eger-de şol kitaphanalar ýakylmadyk bolsa ylymda nähili ösüşlere ýetilerdi. Şol sebäplerden men Aleksandr Makedonskini saýladym.
26
113
gullnara_
23.10.2023 16:18
Bir ýaşuly mal bazarda öküzini satjak bolýar:
- Gel hany öküz alyň, mal arzan boldy, ugurlaşarys adamlar!
Oba arçyny öküzi görüp ýaşulydan soraýar:
- Malyňa tüweleme eken, ýogsada, muňa näme berip iýmitlendirýäň?
- Şuňa diňe terje ýorunja berip iýmitlendirýän, ugurlaşarys inim.
Başlyk, ýanyndaky orubasaryna buýrýar:
- Gördüňmi, obaň ýorunjasyny kimiň ogurlaýanyny? Jerimesini tölediň muňa...
Bu görgülä esli manat jerime salyp, puluny alyp gidýärler. “Bu nähili boldaý?” diýip, ýaşuly gargynjyrap durka, sanstsansiýadan gelen adam öküzi soraýar:
- Ýaşuly, öküziňe näme berip iýmitlendirýäň?
Ýaňky jerimä gahary gelip oturan eken owalam:
- Inim, diňe musur berýän şuňa, boldumy?
- Nääämee? Sen adamlary keselletjek bolýamyň, töläň jerimäňizi?
Ýenede esli manady ýaşulyň boýnuna doňduryp gidýärler. Kejigip otyrkada, hakyky alyjy gelip öküzi bahaladýar:
- Akgam, malyňa mes eken. Muňa nämejik berip iýmitlendirýäň?
- Inim, men şuňa hiç zadam beremok. Eline puluny berýän, özi satyn alyp iýýä...
39
277
gullnara_
23.10.2023 11:31
Arza
"Gadyrly Admin!
Biz size "Aýlygymy galdyryñ" diýip, ýazan arzañyzda agzamadyk käbir zatlaryñyzy ýatladýarys. Mysal üçin, biz size geçen ýyl hiç hili işlemändigiñizi aýdýarys.
1 ýylda 365 gün bar.
Siz her gün 8 sagat ýatýañyz, ýagny 122 gün. Galýar 243 gün.
Her gün 7 sagat boş wagtyñyz bolýar, ýagny 106 gün. Galýar 137 gün.
1 ýylda 52 dynç güni bar. Galýar 85 gün.
Üstesine-de biziñ programmamyzda şenbe güni hem işlemeýändigi sebäpli ýene 52 güni aýyrýas. Galýar 33 gün.
21 gün zähmet rugsadyna gideniñizi aýyrsak 12 gün galýar.
1 ýylda 11 gün baýramçylyk bar, olaram aýyrsak 1 gün galýar. Ol 1 günem ýadyñyzda bolsa "Ýaramok" diýip, rugsat alyp programma gelmediňiz." 😊😊😊
40
230
gullnara_
23.10.2023 08:03
Käbir gyzlar  “Meni  tapmak kyn,  ýitirmek aňsat ...” diýende  geň galýaryn...
Beh, sen näme, jorapmy ?! 😂

Bilýäňizmi näme? EKENOMÇY zenan kolbasany gaty inçe dilimlere kesip goýýar. MEKIR myhman bolsa ony bäş dilimden iýip bilýär. 😆

Mekdepdäki mugallymlar - “Çagalar, öwreniň, bu bilim ýokary okuw jaýlarynda size peýdaly bolar!” - Uniwersitetiň mugallymlary - "Mekdepde öwrenen zatlaryňyzy ýatdan çykaryň ..."😄
32
202
gullnara_
22.10.2023 19:52
D-ine söýgi hakda setirler
I-ň ajayyp sözler hem pikirler.
N-agys kimin owadan sözler.
E-nce yanlanyar mylaýym sazlar
S-oygi yok diýýär kop kisiler
O-nda name ucin asyk bolyarlar 
Ý-esir düşüp bir gyzyň yşgyna 
G-elip soygin bardygyn boyun alyarlar
I-n nazik duygynyn soygüdigin bilyarler
H-akyky bar soygüden ýananlar
A-glap aglap bu durmuşdan doyanlar
K-ate gabat gelyar yalan donun geyenler
Y-nha soygi yok diýýär şol ýalany söýenler
N-ähilidigin aýdar sol söýgiden köýenler
D-ostlarym söýgi mukaddes ony aýanlar
A-şyk bolun çyndan söýüň goý bolsun uzak uzak dowamlar.....

(T. Babakulyyew)
18
39
gullnara_
22.10.2023 10:20

Men hiç kimden üýtgeşik däl,

Ýok hiç hili artyk zadym.

Ýaşap ýörün araňyzda

Biri bolup adamzadyň.


Öýümem ýok maşynymam,

Işimem ýok, işgärimem.

Ýaşaberseň, ýaşamaga,

Ýetmez eken işläniňem.


Iller ýaly dakynamok,

Goşa-goşa gyzyl-göwher.

Diňe birje barmagymda

Nika ýüzük ýanyp öwser


Geýinemok ilden zyýat

Toý- tomaşa ýelek köýnek

Ýöne halal zähmetime

Gaýnap otyr gazan-çäýnek.


Iller ýaly eje-kakaň

Mirasynda gözümiz ýok.

Allaň ýazan ykbalyna

Nägilelik sözümiz ýok.


Ýene bir zat Alla şükür

Maşgalam bar söýgä doly

Şolaň jany sag bolsun diýp,

Paýlasak bor  hudaýýoly.


Bagtly biz, bizden bagtly

Görmedim men henize çen.

Şükür Alla, maýyp-müjrüp

Dogulmadyk illerden kem.


Şonuň üçin bu gününiň

Barlygyna şükür ediň.

Şu günlere ýetmedikleň

Bardygyny pikir ediň.


Merjen Jumaýewa

18
49
gullnara_
21.10.2023 19:19
Suratlaryň jogaby
16
74
gullnara_
21.10.2023 15:37
1-nji suratda kirpini tapyň.
2-nji suratda gurbagany tapyň.
3-nji suratda gaplaňlaryň sanyny biliň.
12
51
gullnara_
21.10.2023 12:56
TOBA (Hekaýa)
Togsan dokuz adamyñ başyna ýeten rehimsiz bir adam bar eken. Bir gün ol eden işlerini ýatlap, gaýga çümüpdir we ylymly bir adamyñ ýanyna baryp, geçmişini gürrüň beripdir. Toba edip, dogry ýola gelmek isleýändigini, dürs ýaşamak isleýänini aýdypdyr. “Ýöne, munça adamyñ ganyna galamdan soñ, Tañry meniñ günämi geçermikä?” diýip, ganhor ylym okan kişiden özelenip sorapdyr. Alym adam her näçe kän okanam bolsa, okan ylymyny doly özleşdirereden ejiz ekeni. “Ýok, munça adam öldüren bolsañ, Tañry seniñ günäñi geçmez” diýip, ol toba etmäge, ters ýoldan dönmäge gelen ganhoryñ soragyna kesgin jogap beripdir. Ganhor bu söze dergazap bolupdyr: “Oñ ýaly bolsa, men senem aýap goýmaýyn” diýip, ol alym adamyñ hem kellesini kesipdir. Soñra ol başga bir alymy gözläp tapypdyr we ýüz adamy öldürerini gürrüñ beripdir. “Eger toba etsem, Hudaý meniñ günämi geçmezmikä?” diýip, ganhor alymdan sorapdyr. Alym akylly adam ekeni. Ol ganhoruñ gözleriniň içine garap şeýle diýen: “Elbetde, eger ak ýürekden toba etseñ, Hudaý seni hökman bagyşlar. Ýöne meniñ bir nesihatym bar, toba edeñsoñ, bozuk adamlardan gaça dur, gowulara goşul, bozuk adamlar seni ýene öňki ters ýoluña dolap elter.” Ýüz adam öldüren ganhor bu sözlere pagyş-para eräp, ýarym- ýaş halda eden ters işlerine toba edipdir we Hudaýdan özüni bagyşlamagyny sorapdyr. Şondan soñ ol özüniñ bet pygylly ýoldaşlaryndan ýüz öwrüp, päli- niýeti düzüw adamlaryñ ýaşaýan ýerine ýönelipdir. Ýöne ýolda toba eden ganhoryñ sanalgysy dolupdyr we ol dünýäden ötüpdir. Şol mütdetde hem dowzah we jennet perişdeleri merhumyñ janyna eýe çykmaga gelipdirler. Dowzah perişdleri merhumyñ dirilikde köp adamyň ganyna galandygyny aýdyp, onuñ janynyñ özlerine degişlidigini subut etmäge çalşypdyrlar. Ýöne jennet perişdeleri hem kem oturmandyr. - Merhum ölmezden öñ toba etdi we dürs ýaşamak kararyna geldi. Şu niýet bilenem ol gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine ugrady, ýöne ýolda kazasy doldy - diýip, jennet perişdeleri aýdypdyr. Turupdyr bir dawa-galmagal. Onsoñ bu dawany çözmek üçin Jebraýyl perişde iberilipdir. Ol iki tarapy hem diñläp, şeýle karara gelipdir: “Ýeri, aralygy ölçäñ. Eger merhumuñ ölen ýeri gowy adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, ol jennet perişdlerine degişli bolar. Ýöne birden onuñ ölen ýeri bozuk adamlaryñ ýaşaýan ýerine golaý bolsa, onda ony dowzah perişdelerine bermeli bolar.” Bu karardan soñ ýeri ölçediler. Toba eden dürs adamlara tarap ýañy ýönelende jan berensoñ, ol heniz bozuk adamlara has golaý ekeni. Ýöne ol ak ýürekden toba edip, ýaman pälinden gaýdypdyr we Hudaý onuň ýatan ýerini süýşirip, gowy adamlaryñ ýaşaýan şäheriniñ alkymyna getiripdir. Şeýlelikde eden ýalñyş işlerine çyndan ökünen we ak ýürekden toba eden bende jennet perişdelerine berlipdir
29
291