Çingiz hanmy ýa-da Aleksandr Makedonskiý?
Taryh Şahsy Pikirim
Çingiz hanmy ýa-da Aleksandr Makedonskiý?
11-nji synpda taryh mugallymymyñ sapakda beren soragy. Synpdaşlarymyñ aglabasy bu soraga Çingiz han (Temuçin asyl ady. 1162-1227 ý.ý) diýip jogap berdiler. Emma men şol wagt pikirenmän Aleksandr Makedonskini (b.e.öñ 356-323 ý.ý) saýladym. Näme üçin? Ilki bilen bu iki şahsyýetiñ öz ýaşan döwürleriniñ öz aýratynlyklary bar. Dogry Çingiz hanyñ imperiýasy eýelän ýerleri boýunça köp bolup biler (taryhda B.Britaniýadan soñra 2 nji orun) ýa bolmasa söweş taktikalary güýçli bolup biler. Emma bir zada üns bereliñ, Çingiz hanyñ döwründe onuñ esasy garşydaşy Alaeddin Muhammet II (Köneürgenç döwletiniñ soltany 1200-1221 d.ý ) Aleksandr Makedonskiniñ bolsa Dariý III (Kodoman b.e.öñ 336-330). Alaeddin Muhammediñ göýberen ýalñyşlygy esasynda Çingiz han ýeñdi (eger-de goşunlar galalara paýlanman açyk meýdanda söweşen bolsa, ýeñmek mümkinçikigi bardy) Aleksandr Makedonski bolsa Dariý III bilen bolan ähli başa-baş söweşlerde ýeñdi ( Granik, Isse, Gawgamel) . Mundan başga-da Makedonskiý eýelän ýerlerinde hemme zady ýykyp ýumurmady, grek-makedon medeniýetini ornaşdyrdy, ylmyñ ösmegine goşant goşdy. Çingiz han bolsa eýelän ýerlerindäki ähli gözellikleri ýykyp-ýumurdy. Muña mysal edip Merwdäki kitaphanalaryny alsa bolar. ( şol döwürde Merwde 10-a golaý kitaphanalar bar) Eger-de şol kitaphanalar ýakylmadyk bolsa ylymda nähili ösüşlere ýetilerdi. Şol sebäplerden men Aleksandr Makedonskini saýladym.