gullnara_
17.04.2023 05:25
Plakatçy ýigit 2- nji bölümi (bolan waka)
Sagat dokyzyň ýaryna işdeşi:
- Myrat tur hany, gije azrak entemelidä, işe gelip irkilip oturman
- irkilipdirinle,diýip ýarym ukudan açylyp, trupka ýapyşdy
— aloo, salam
— salam
— siz düýnki plakat zakaz eden gyzmy?
— hawa
— siziň zakazlaryňyz taýýar boldy, nirä eltmeli ?
— waý men heniz pulyň jemlemedim, bir iki günden alyp gaýdarys
- hany komisýaňyz
- komisýamyz olar Bagtyýarlyk şäherçesini barlaýamyşlar, bize soň aýlanjakmyş
— aý şondada asyp goýuň
— puluň jemlaýyn, ozal hem 74 manady gymmat gördüler
—20 manat bolarmy?
- 20 manatdan berseň, hazir gelýançaň puluň jemleýän
— bolýa, salgyňyz beriň
— Çaga dogulýan bölümine geliň
— bolýa
Myrat plakatlary maşyna ýükläp diýlen ýere baryp ýene jaň etdi
— aloo men geldim
— bor hazir barýan
Az salymdan iki sany ak halatly gelneje gelip, sizmi plakady getiren diýdi
Myrat aňk tank boldy we
- maňa siz zakaz etdiňizmi
- hawa
Myradyň keýpi gaçdy, plakatlary maşyndan gaharly düşürmäge durdy. Onyň şeýle bir gahary geldi welin plakatlary kül owram edisi gelýardi
Plakatlary iki gelneje ellerine alyp ýaňy ýöräp ugrady welin,Myrat
— bularyň pullaryn name kakaňyz gelip töleýarmi indi, diýip gaharly ýüzlendi
Ol barmana agzy burny maskaly ak halatly bir gyz ylgap diýen ýaly basganjakdan düşdüde:
- puluň köýesi ýok ýigit, salam,ynha puluňyz, ýetişdirenňiz üçin taňňyrýalkasyn, dadyma ýetişäýdiň
Myrat duran ýerinde üýtgedi. Adam howsala düşse çalt üýtgeýar eken
— salam, siz meniň bilen gepleşdiňizmi
- salam, hawa men gepleşdim, men puluňyz saklaman diýdima, name bermez öýdüp gorkdyňmy?
- ýüzüň açsana
—nameee
— ýüzüň aç göreýin-le,jan alyjy gözleriň aňyrsynda gizlenmek,gerek däl
— men dişim sogurtdym ýüzüm açyp bilemok
- bahana
— bahana
-Agşam jaňlaşaryn
— ýene plakat ýasap berjekmi
Myrat başyn atdy, içinden bolsa gerek bolsa tutyş hassahanany plakata gömmeýanmi diýdide maşynyny otlady
Şol günden soň telefon jaňda gepleşip başlady. Gyzyň özini alyp barşy özine çekýardi
Myrat işden gelip gün ýaşansoň dost ýarlaryň ýanyna gitdi. Öňki ýaly iça-içlik, kart, bilýart
Gije 1 - den soň öýe gelip bu ýagdaýda gyza jaň etmägi birhili görüp geçip ýatdy
Daňdan namaz wagty sms ýazýar,soňundan jaň edende gyzyň aýdan sözleri ony düýpgöter pikire batyrdy
"Jaň etjek garaş diýip gideňsoň soň ýadyňa düşmedimi, naçede geldiň eneň ataň seniň bu bolup ýörşüňe hiç zat diýmeýarmi, içgi, oýun, kart olardan has wajyp zatlar dünýede ýetik wagty seniň nädip olara eliň degýar, sagat 1-2 ä çenli gije näme edýaňiz öýe köwlenmän, haýyş edýan meniň nomerim poz, seniň o eliňde pyrlap ýören gyzjagazlaryň däl men, düşündiňmi,barde baýlaryň oýunjagy ýok,kakaň pulyna baýrynma, ilki bir döwüm çörek nadip gazanylýar şony pikir edip gör,bor men seniň wagtyň alyp otyrmaýyn, edeniň et işim ýok, ýöne gaýrat et şu nomeri unut "
Trupkany goýanda Myradyň ýüregi sogurlan ýaly boldy. Indi gyzyň sesin hiçem eştmerin diýen gorky gaplady we täzeden sms ýazdy
—köşeş on minutdan jaň etýan
On minut geçensoň jaň edende gyzyň aglandygy mese mälim bolup bildirip durdy. Ol köşeş iň soňky gezek bolar, meni bagyşla meniň towugyma tok diýen bolmandy öýde, edenmi etdim ,sowanym sowdum,indi gaýtalamaýyn ýöne aglama, bilýan gaharyňa bäs gelýän dälsiň ,şonda-da köşeş
- sen şu ýaşyňa çenli bir gezek çynyň bilen heý aglap gördüňmi, ýa durmuşyň bu çaka çenli diňe şeýle şady- horramlykda geçdimi?
- ýok, aglap görmedim,meniň diýen zadymyň bitmedigi ýok, näme diýsem şol sagatda bitip durdy .
- garaş saňa bir zat okap bereýin, azajyk ünsi sowaly,bolmasa hazir meniň bilen söwüşmegiň mümkin
- hany oka göreýin,soň ony mp3- ä geçirip bereýin
Gyz azajyk dymyp
Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende,
Soralsa halyň,
"Aý, gowy-la" diyip aldap gördüňmi?
Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy garyp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?
Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?
Käte-käte adam gözläp gördüňmi?
Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,
Nämedir bir zady küýsän mahalyň?
Awunyp gördüňmi minnetli gepden?
Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?
Käte-käte adam gözläp gördüňmi?
Elewräp gördüňmi ýüregiň gysyp?
Uzak menzillere ugrap gördüňmi,
Kiçijik haltaňy arkaňdan asyp?
Daňlyp gördüňmi soňsuz soraga,
Jogap tapman, ýüregiňi çişirip?
Garaşyp gördüňmi kimdir birine,
Gije-gündiz garap ýatyp işige?
Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,
Gussalaň bar zatdan çykýarmy üstün?
Çyndanam şeýlemi?
Gutlaýan onda-
Biz meňzeş ekenik,
Hoş geldiň, dostum!
— muny öziň düzdüňmi
- ýok Aşyr Hanowyň goşgusy, edil meniň üçin düzülen ýaly, garaş häzir ýene biri bar, buda edil maňa düzülen ýaly ýöne awtoryna bilemok
Eliňden gidirip mähriban Kabaň
Ene mährin küýsap aglap gördüňmi?
Boljak iş bolan soň, peydasyz tobaň
Gijeden daňa çenli aglap gördüňmi?
Eneň aglan wagty yanyna baryp
"Näme derdiň bar" diyip sorap gördünmi
Garraňda el berip yanynda durup
Saňa gerşi yaly gujak gerdiňmi?
Caga wagtyň sallaçakda yataňda
Gözuň gyrpman oturşyny gördünmi?
Käte oň daňlary sensiz atanda
Eneň hal-yagdayyn duýup bildiňmi?
Cagalykdan yigitlige geleňine
Kim sebap bolanyn oýlap görduňmi?
Eden yalnyşyny ejeň görende
Edenine ökünip,aglap görduňmi?
Ejesiz-kakasyz yetimler yaly
Balam sozlerini küysap gördünmi?
Eneleň yuregi mahirden doly
Pikirlenip bir netija geldiňmi?
Cagalykda mahir berişi deyin
Senem oz Enene mahir berdiňmi?
Ya-da "Eje bar oz hasaňa söyen"
Diýip, aglamagna sebap bolduňmy?
Enesin agladyan zalym perzentler
Enäni agladyp abray aldyňmy?
Belki tasir eder size şu bentler
Eneden ayrylan ýetim gorduňmi?!
— senden bir zady sorasam bolarmy
- sora
- seniň eneň ataň barmy?
— ýok
— ýene sorasam bolarmy?
- sora
- sen kim bilen ýaşaýaň?
- iki doganoglan jigim bilen bir sany daýzamyň gyzy bar medde okaýar, bizden gatnaýarlar, birem pişigim bar .
— ufff şu pişigi halamogaý...
- saňa hala diýen ýoga
- bahana
— bahana
Ertir name etjek işden soň
- öýe, işden soň men sen ýaly entäp ýöremok
— bahana
Myrat günde jaň edip gepleşip durýardy, degişen bolýardy, bir zat edip güldürerdi
Bir gün jaň edende gyzyň bir zady tyrkyldadyp oturanyny eşidýar we
- sen näme edýaňa?
- döwük oturgyjyň aýagyn çüýleýan.
— name sen, ussamy?
- hökman onyň üçin ussa bolmalymy?
Myrat pikire batdy we beýlerakde çagşap ýatan oturtgyja gözi düşdi we ol tarsa turyp eline çekiç alyp daşyna geçdi. Oturgyja sähel ideg bolsa bolýady, ol abatlandy
- menem oturgyjym abatladym.
- he he ejeňa ejemoguljygym diýip seni öwer onda bu gün
- ejem meni mydamada öwýar
- mena otyrgyjyma reňkem çaldym
- menem çalyp bilýan ona diýip, reňklemäge durdy.
Soň jaň edende gyzyň, üzüm teläriň depesinde men diýen sözüne tas gülüpdi,o taýda name etýäň diýse, üzümiň artyk şahalaryny aýyrýan, gyrkym geçýan diýende ol otyran ýerindäki bür bulaşyk üzüm teläriň gözgyny ýagdaýyn görüp oda eline üzüm gaýçy alyp daşyna geçdi
Soňky döwürler ogluna bir zatlaryň bolýanyna ejesi aňýardy we onuň durmuşyny üýtgedip otyran gyz bilen örän tanşasy gelýardi we Myrada
- Oglum sen kim bilen işden gelip gulagyňdan nauşnik aýyrman, näme gepleşýäňiz beýle günde, öňki ýaly dost ýarlaryň ýanyna hem gidenok, senem öýde boljak wagtyň bar eken, sen o gyzy söýen bolaýma?
- Ejemi,ýokla söýgi ýok ýöne gepleşýan gyzym
-Ynanýan.
Wagt geçip durdy.Myradyň işden ýüzüini ak tam edip gelmegi, ejesini howsala saldy.Ol göni işden gelip otagyna girip gitdi çörek iý diýse-de çykmady
Binjalyk bolan ene:
- näme boldy oglym beýle?
- eje ol maňa okuwly bolmasaň köp ýerde diliň gysga bolar diýip dur, eje men okasym gelýar
- wah şol gyz mundan dört ýyl nirede boldyka, kakaň bilen men özelenip ýalbaramyzda-da diňe maşyn alyp ber okuw gerek däl diýip göwnemediň
- eje okuwa hiç wagt hem giç däl, meniň diňe okasym gelýar we hökman eje, kakam bilen gürleş şu gezek arzuwyma ýetmegime kömek et soň hiç zat haýyş etmäýin
- kakaňdan arkaýyn bol ol göwnar
- ejemjaaaaan, sen dünýädäki iň mähriban eje
- o gyzyň ady näme, sen söýemok diýýaň welin ýöne ol gyzyň sözünden çykyp bilenok, onyň halaýan hereketin edýaň, o gyz seniň puluňa aşyk bolaýmasyn
- eje ol gyz hijem meniň pulumy soramandy meniň nä derejede hojalykdadygym bilen hem gyzyganok ,ol meniň boş hereketlerimiň öňüni almagyma ýardam berdi, ol gyza meni söýenogam,ýöne gowy görýar başga aramyzda zat ýok
- onçasyna bilemok oglum ýöne o gyza duşup sen düýpgöter üýtgediň, pul sowmagyňy azaltdyň, hojalykçy bolduň,öýüň onsuna-da munsuna seretdiň,abatladyň, öýden daşa gideňok ,sähel jaňyň alynmasa dalirediň, howsala düşýaň, alada edýaň, ýa bu zatlar söýgi dälmikä ?
— eje senem-ä bir zat diýaýýaňda...
- ýok oglym ene ýüregim duýýar ...
Murat dokumentlerini taýynlap başlady.Ol gyza günde sagatda jaň edip habar tutdy. Aňryk baran badyna jaňlaşaryn diýip söz berdi
Ol her gije sagat göni 23.00 sagaman ýatyp tur diýen sms- ny hiçem ýatdan çykarmazlygy haýyş etdi
Wagt geçip durdy.Indi ol uniwersitetiň talybydy....
Bu söýgi taryha däl ýöne söýgäm bolmagy mümkin ýöne şeýle eljiredilen ýigdiň erbetlige dälde gowulyga garşy üýtgemegine sebäp bolan gyzmy ýa söýgi onçaklysyna bilemok, ýöne bu waka ýaňy ýakynda bolan we gyzyň we ýigdiň haýyşy boýunça kagyz ýüzüne geçirildi
Entek wagt bar,Myrat okamaly bilim almaly we özbaşdak durmuşda öz ornuny tapmaly.
Soňy.
Nowça.
26
199
gullnara_
16.04.2023 04:40
Plakatçy ýigit (bolan waka 1- nji bölümi )
Myrat birniň ýekeje çagasydy.
Olaryň maşgalasy barly ýerlerdi.
Onyň ene atasy ýokary wezipelerde işleýardi.
Ýeke çaga,oda ogul bolandanmy Myradyň öýde dili geplän zady kahalatda geplemedik zadam bitip durýardy.
Ol şu bolçulykda şu pullaryň içinde önüp ösen oglandy
Çagalyk döwrüniň eden etdiligi ýigit çykansoň has hem güýjedi.
Mekdebi gutaryp gutarmaňka oň soňky jaňdan soň, onyň kakasy iň soňky çykan telefon, gowy maşyny aýak ulag edinersiň diýip sowgat etdi.
Ol okuwyn dowam etdirmek barada pikir hem edenokdy.
Baýyň çagasy-da sowsa weşeň-weşeň pul, münse maşyn,gowy iş
Bu messikleri soňa baka ol göternip bilmedi.
Ol dostlary bilen ýeke sekuntyny hem boş geçirmän, keýpi sapa,içgi, gyz gelin bolgysyz wagt geçirmelere baş goşyp başlady.
Ejesi bu zatlardan näçe el çekdirjek bolsada ol gaýtam beter möwç urýardy. Ejesiniň aýdanyny, onyň göz ýaşlaryny, kakaň aladasyn ol piňinede alanokdy.
Ene atasy ýeke çagaň beýle eljiretmelerine diňe özlerini günäkärleýärdi.
Puluň oýny kan diýen ýaly Myrat ol işleýan pullyja ýerinden başlygy bilen ýaka tutyşyp urşup ol işden gaýtýar.
Bir iki gün öýde bolup welaýat kompýuter şekillendiriş hususy kärhana suratkeş bolup işe girýar we welaýatdaky ähli edara karhanalaryň reklama we ýazgy zatlaryn plakat edip paýlap başlaýar. Zakaz üstüne zakaz alyp, boş wagty az,işde bolýan wagty köpelip başlaýar.
Alan zakazlaryn özi elin müşderilerine eltip gaýdyp derrew özini aldyrýar.
Ýene elinde pullar oýnap başlaýar.
Puluň bolsa hemme ýerde ýolyň açyk diýleni-dä.
Onyň her bir eden işi ugruna ,her bir geplän sözi ýol alyp durýar
Gompyja,galjaň, özdiýenli,maksada okgynly, erjel ýigitdi, dost ýarlary bilen keýpi sarpasyna welin her zat edýar, ýöne wagt tapýardy
Aý gün geçip durdy Myrat bir gün işde wagty bir nätanyş nomerden jaň geldi
— salam
— salam
— biz hassahanadan kabinetlere plakat gerekdi, taýýarlap bilmersiňizmi?
- taýýarlarys, haýsylar gerek?
- Aşgabat jarnamasyna degişli 9 plakat gerek, bärräk edip berseňiz ýene zakaz etjekler kän .
— bolýa hersi 75 manatdan bolarmy?
— azajyk gymmatda, ondan aşak bolmazmyka?
— aý dogan bizem krasgany pula alýas, hasap çykanok
— bahana
—bahana däl ,şo bahadan kaýyl bolsaň iki günden taýýarlaýan
— bolýa 70 manatdan bir edäýdä?
- 74 manatdan, şondan aşak bir teňňede düşemok
— borda, men kaýyl ýöne gyssagyňyz özüňiz bilen bolsunda,ertire ýetişdirseňiz has gowy boljak-da, komissiýa üstümizde haçan işikden girse giribermeli
— barde maşynka ýok, iki gün bir garaşyň
— bor,dogan
Trupkany goýdy we
— elhepus bu gyzyň midi midiligin diýdi-de ýaňky gepleşen nomerine "Bahana plakat zakaz eden" diýip belläp goýdy
Myrat öz işi bilen gumra bolup agşamlyk öýe gelip, çaý çöregin iýensoň ,dost ýarlarynyň ýanyna şagal meslige ,keýpi sapalyga gitdi. Gije 12.00 soň yraň daraň edip zordan maşyndan düşenini gören ejesi
— Myratjan oglym, içgili ýagdaýda maşyna münme diýip naçe aýtdym, diňlanokda sen meni
— eje maňa azar bermesene diýip ejesiniň ýüzini alyp diýen ýaly öz otagyna girip gitdi
Ejesi ýekeje oglunyň ýagdaýyna ýüregi gyýyldy, onyň bu ýagdaýda eljiretmeligiň sebapkäri özin hasaplaýardy
- oglum düzelip, ile güne bir goşylaýýadyda diýip ýagşy dilegde bolup öz otagyna girip gitdi
Myrat otagyna girip özini spalna oklady we telefonyn alyp imo girdi.
Giren badyna aňk tank boldy. Onyň hälki "bahana plakat zakaz eden "diýip bellap goýan belgisinde, bir egni ak halatly bir gyz ýylgyryp dur.
Ol gyza seredip doňyp galdy.O gyzyň mahirli ýüz keşbi ony özine çekdi
Myrat sagadyna seretdi sagat ikiden işläp durdy.
Ol gyzyň ellewrap Aşgabatdan komisiýa gelýar, tiz taýýarlap beräýiň diýip ýalbaryp jaň edişi ýadyna düşdi we tarsa ýerinden turyp maşyny garaždan çykardy
Maşynyň sesine ejesi ylgap çykdy
- oglym näme boldy, gije nirä barýaň
- eje gyssagly iş çykdy,men ony hökman ýetişdiräýmeli
- o nahili gyssagly ,içgili ýagdaýda gitme oglym
- eje men içgili däl bolaýmasam, eýýäm açyldyma, diýdede howludan çykyp gitdi
Ofise baryp derrew Aşgabat jarnamasyna degişli suratlary jemläp taýýarlamaga durdy.
Daň atyp sekiz töwrekler, takmynan baş on minut sekize galanda dyndy we sagadyň sekiz bolaryna garaşdy.
Bir zada garaşsaň wagt hem geçmez ekeni.
Ol sagat sekiz boldugy gyza jaň edip onyň bilen gepleşerin diýip kellesini otyran stolyna ýaplap ýatyp galdy.....
(dowamy bar)
26
236
gullnara_
15.04.2023 06:05
Iliň çagasy bela ýaly. (Ejem)
Biziň ejelerimiziň çaga terbiýesinde gaýtalamagy gowy görýän bir sözi bar. Ol söz hem “Iliň çagasy bela ýaly”. Käbir ejeler çagalaryny ýaşlykdan “Sen hiç zat başaraňok. Sen eliňden zat gelenok. Sen ýalta, sen iş ýakmaz. Sen hemişe şu bolşuňa galarsyň. Sen hiç wagt düzelmersiň. Hana pylanyň oglyna seret. Eýýäm maşyn münüp, jaý galdyryp ýör. Hana deň duşlaryň eýýäm çagasyny gujaklap ýör” ýaly sözleri gaýtalamagy gowy görýärler.
Şular ýaly sözler bilen ulalan çaganyň özüne ynamy pes bolýar. Özüni bir iş etmäge ukypsyz hasaplaýar, sussupes bolýar. Özüne ynamlylyk gaty gerekli zat. Käwagt özüne ynamy pesligi üçin samsyk hasaplanýar, başgalar tarapyndan äsgerilmeýär. Soňabaka bu çaga gorkak, sussupes, özüne ynamy pes, näme iş etse aljyrap çyndanam ynam pesligi sebäpli başarmaýan adama öwrülýär. Käwagt bu çaga özüne ynamsyzlygyny başgalara gödeklik edip, başgalary kemsidip gidirjek bolýan gödek adam bolup ýetişýär.
Daş töweregimizde görýän gödek adamlarymyz , bizi kemsidip gürleşýän adamlar aslynda özüne ynamsyz, ýöne muny başgalary kemsidip gizlejek bolýan adamlar.
Käwagt bolsa çaga-da ýuwaş ýuwaş ejesiniň hemişe öwüp görkezýän iliň çagasy diýlene ýigrenç, görüplik döräp başlaýar. Meselem ejesi “Sen Amança ýok” diýip oglyny kemsidýär, ogly hem her gezek Amany görende ejesiniň aýdan sözleri, özüniň Amança ýoklugy ýadyna düşüp, Amany ýigrenip, oňa gizlinlik bilen görüplik edip başlaýar. Käbir ýagdaýda bolsa ol Aman bilen ýaryşyp , nämede bolsa ondan öňe geçip ejesine Amança bardygyny subut etmäge çalyşýar.
Soňra bolsa adamlar bir biri bilen ýaryşýar, näme üçin ilden kem bolmajak bolýar diýip haýran galýarys. Sebäbi bütin il “Iller bela ýalydyr” öýtýär. Gapdalynda aç otyran goňşusyny görüp, şükür etmän, beýleki gapdalyndaky goňşusynyň kaşaň jaýyny görüp, ýaryşjak bolýar. Öz durmuşyndan lezzet alyp bilenok. Ol goňşusy ýaly kaşaň jaý gursa bu gezek uzakdaky başga bir baý bilen ýaryşyp başlaýar.
Iller bela ýalydyr öýtýän adamlar ile kömek edesi hem gelenok. Sebäbi kömek etse, öňem bela ýaly il bu gezek ondan hasam ozduryp öňe gider öýdüp gorkýar. Adamlar bir biriniň aýagynyň aşagyny gazmaga başlaýar.
Bir mysal, garyndaş gyzym joralaryndan nädip Ýewropa okuwa girmelidigini sorasa, bilselerde aýtman, anyk jogap bermän gürrüňi düşnüksiz gutarypdyrlar.
Soň men oňa nädip Ýewropa gidip boljakdygy hakda derňeşdirip maglumat ibersem, iller hijem aýdasy gelenok sorasaň diýip begenip sagbolsun aýtdy. Dogrusy men düşünýän, näme üçin illeriň aýdasy gelmeýänini. Sebäbi çyndanam uly kiçi hemme bir biri bilen ýaryş içinde. Kimdir biriniň özünden öňe geçmeginden gorkýarlar.
Adamlar öz arasynda “realist” gürrüň edenlerinde “Hiç kime ynanmaly däl. Ýokary dyrmaşýan bolsaň, başarsalar aýagyňdan aslyşjaklar, ýokardakylar başarsa depäňden basjak. Hiç kim seniň öňe gitmegini islänok” diýen gürrüňler edýärler.
Köp adamlar başgalaryna garşylyksyz kömek etjek bolup ylgamagy akmaklyk, sadalyk, agzy açyklyk, ejizlik hasaplaýar. Akylly adam bolsa öz bilýänlerini aýdyp ýörmeýän, diňe bilýänini özi ulanýan, başgalar kömek soranda ýa da nädip edilýänini soranda hem gysga, göwünli göwünsiz, ulumsy jogap bermegi akyllylyk hasaplaýar.
Ýöne adamlar bir birine görüplik etse şol halk ösüp bilermi? Adamlar hatda bir birekden bilýan maglumatlaryny hem gizleseler şol halk ösüp bilermi? Maglumat pul ýaly däl, paýlaşsaň gutaranok. Maglumat gaýtam paýlaşdygyňça köpelýär, paýlaşdygyňça ösýär, gülleýär, miwe berýär.
Ýeke ýeke üstünlige ýetmek kyn. Goý goňşymyzyň ogly Aman has ökde bolsun, gelip uly kompaniýa açyp birgiden işsiz adamlary iş bilen üpjin etsin. Goý Türkmenler bilen däl, daşary ýurtlylar bilen ýaryşalyň. Bir birege bolsa goldaw bolalyň.
Çaga terbiýesi gaty möhüm zat. Şonuň üçin şu mowzugy okaýan ýaşlara ýüzlenýän. Çagalaryňyzy hiç wagt iliň çagasyna deňäp sussyny basmaň, tankytlamaň. Oňa “Eger isleseň hökman başararsyň. Sen nämä ukyplydygyňy özüňem bileňok” diýip höweslendiriň.
Dynçja uklaýarka iliñ çagasy,
Şygyr çyrşap, yetdik her bir sahere.
«lliñ cagasyndan kem galmaly» diyp,
Giñ şäherden işem tapyndyk, şükür!
Kån öñe ozsak-da «garsydaslardan»,
Kate yüwürdýarin kalbymda pikir.
Eje, seniñ diyyan «Ot dey cagalañ»,
Obada bakyp yor sygyrdyr, goyun.
Her gün käbelerniñ elinden öpüp,
Halaldan eklap yör rysgally öýün.
Senin oglun bolsa, ozup olardan,
Gyzgyn mahrindenem gaytdy üzülip.
Her gezek janlaşsak gyzyl düwmäni, Basdygym gussalam gelyar düzülip.
Eje, senin sözlen ylgatdy diñe,
Aşyrdy sanymy, ejiz halymy.
Men şäherde, emma obada galan,
«illeriñ cagasy» yeñen yalymy...
Kerim Hally
30
324
gullnara_
14.04.2023 03:12
Ezizim, mahribanym, balam, gülüm, janym, balym, howam, gijäm, gündizim, ýagty jahanym, aýym, günüm,yyldyzym, yeke tägim, indi gaýtalanmajak söýgim, ýarym, barym, ýoldasym, syrdaşym, göwün hoşum, göz guwanjym, damarda ganym, gözümiň göreji, agy garasy, ömrümiň manysy, yaşaýşymyň akja gary, säher şemalynyň eziz salamy, janymyň jananasy, özümden gymmatlym, ylahy ceşmäm, ömrüme yagtym, alnymyn bagty, ýaşaýşymyň manysy, söýgi derýasynda gaýykly küregim, tutuş ömrüm sen, durmyşym sen, aşygym sen, magşugym sen, çekilmedik näzim sen, doýmadyk süýji tagamym sen, geçmişim geljegim şu günüm sen, doýmaz dolmaz ýüregim sen diýesim gelyär saňa telefonym!!!! 😁😁😁
26
451
gullnara_
13.04.2023 05:49
#degişmeler (iň bolmanda ýylgyrarsyňyz)
***
Aýaly iş saparyna gidyär. Birnäçe günden soň jaň edýär we äri alyar. Salamlaşyarlar soňra ayaly:
-Ezizim pişigim nähili? Iýip içýärmi?
-Aý onyňa öldi.
-Hi, wii wahey, yüregimi agyrtdyňa senem bir mylakatlyrak aydaýmalyda meselem, ol jaýyň üçegine cykdy, birdenem gacyp öldi diýip....Wiy yogsa-da ejem nähili, ýagdaýlary oňatmy?
-Ol jayýyň üçegine çykdy....
***
Sizem aldandyňyzmaý...
Çagalar bagynda terbiýeçi bizi gaty aldaýar eken.
Şeýle diýýärdi:
-Kim günortan birinji ýatsa, şoň düýşüne täze multikler goýup berjek.
Her gezek oýanyp gaharym gelýärdi, kim menden ir uklap ýetişdikä diýip...
***
2045-nji ýyllarda mekdepde:
- Kimler bar, kimler ýogy belläli.
- Myrat Agent?
- Online!
- Leýli Line?
- Online!
- Oguljan Vk.com!
- Online!
- Guwanç Google!
- Online!
- Wepa Imo nirede?
- Ýoldaş mugallym, ol bu gün bolmaz, pul tölemändigi üçin onuň internedini öçüripdirler.
- Oňa duýduruň, internedini açdyran güni hakda sprawka getirsin.
***
5 yaşly çaganyň saçak başyndaky dilegi:-Ey Hudaýym cöreksizlere çörek ber, suwsyzlara suw ber, kakamyň žurnalyndaky gyzlara eşik ber.
***
Internetdäki wakalaryñ biri...
Ejesi gyzyna öwit berýär:
"Gyzym, sen öýe ГОСТЬ. Saña aýtjak СТАТУСЫМЫ diñle. Äriñ öýinde ЗАКРЫТЫЙ ПРОФИЛЬ bolup gez. Gaýnyñ her sözine КЛАСС diýip dur. Goñşulañ bilen ДРУЗЬЯ bol. Baldyzlañ bilen ЛУЧШИЕ ДРУЗЬЯ bol. Öýiñdäki ОБСУЖДЕНИЯ, СОБЩЕНИЯЛАРЫНЫ bize, ile aýtma. Ýanýoldaşyñ bilen bütin ömrüñe В БРАКЕ bolgunyñ!!!" 😉 ✌
***
Gyza menzeş owadanja oglanlar kopelipdir🙈
***
Tokayda bir maymynjyk gezip yor diyyar.
Birdenem yanyndan kellesi takyr bir adam ylgap gecip gidipdir,
yzyndanam ähli tokayyň haywanlarydyr guşlary ylgaşyp aglap baryalar diyya.
Yanky maymynjyk haywanlan birini saklapdyr-da sorapdyr:
- Bärde näme bolya, ol adam kim, näme üçin onuň yzyndan kowalap barýaňyz?
Beyleki haýwan:
- Tarzan gitdi Tarzaan...Tarzany gulluga alyp baryalar.
***
Bir ýaşajyk aždarhany sud edýärler.
Prokuror Dinozawr ( haýbatly):
- Sen öz babaňy we mamaňy ýuwdanyňy boýun alýarmyň?
Sud edilýän naýynjar:
-Boýun alýan.
Prokuror (öňküdenem azmly) :
-Sen öz eneňdir ataňy iýeniňi hem boýun alýaňmy?
Aždarjajyk (sesini titredip):
-Boýun alýan.
Prokuror:
-Ýeri şu ýagdaýlardan soň sen kim bolýaň?
Sud edilýän aglamjyrap:
-Ýetimçe bolýaryn, men biçäre...
***
Golaýda esgerlige çagyrylan ýigit gelninden hat alýar. Bukjanyň içinden arassa kagyz çykýar.
- Haty kim ugradypdyr-diýip gullukdaşlary soraýarlar.
-Gelnim.
-O näme bir sözem çyrşaman diňe ak kagyz ýollaýypdyrla?
-Sebäbi biz onuň bilen gepleşemizok-da
***
Myratjyk mekdepden gelensoň kakasyna ýüzlenýär:
-Kaka, synp ýolbaşçymyz saňa ertir mekdebe gelsin diýdi.
Kakasy mekdebe barsa oglunyň mekdebiň penjiresini döwendikleri üçin igenýärler. Aradan birküç gün geçýär welin Myratjyk kakasyna ýene-de mekdebe barmalydygyny aýdýar. Bu sapar onuň kakasyna Myratjygyň partany otlandygyny we bahasyny tölemelidigini aýdýarlar. Bir hepde geçensoň Myratjyk öýlerine begençli ylgap gelýär:
-Kaka, seni ýene-de mekdebe çagyrýarlar.
-Besdir - diýip kakasy gygyrýar.-Gaýdyp şol tarapa aýagymam ätmen!
-Dogrudanam kaka, harabaçylykda näme işiň bar-aýt?!
***
-Sen puluňy haýsy bankda saklaýaň?
-Üç litrlikde.
***
Siziň öýüňizde büreler barmy?
-Bar.
-Haýsy derman ulanýaňyz?
- Biziň bürelerimiz kesellänoklar.
***
Bir gyz gije ýerasty geçelge bilen ýöräp barýar. Geçelge garaňkylyk, diňe ol çetinde bir çyra bar. Birden seretse,onuň garşysyndan bir erkek adam ellerini iki ýana uzadyp ýöräp gelýär. Gyz " Kömek ediň" diýip gygyrýar-da,ýerde ýatan kerpiç bölegini ol kişä tarap zyňýar... Döwlen aýnanyň şyňňyrdysy eşidilýär...Erkek adam tüýs ýüreginden sögünýär:
-Wah içagar, indi ikinji sapar öýüme aýna eltip bilemok...
***
Daşary ýurt dynç alyş öýünde bir otagda ýaşaýan üç adam tanyşýarlar:
-Men Mihail ,Donbassdan.
-Men Iwan Kuzbassdan.
-Men Tahyr, Hojambassdan.
***
35
510
gullnara_
10.04.2023 06:30
«Sen bolmasaň, senem jan»
Ogry giren öýüniň penjerisenden çykmakçy bolanda, aýagy demir germewe ilip, aşaklygyna kelemenläp gaýdýar. Netijede aýagy döwülýär. Ol munuň üçin öýüň eýesini kaza arz edýär:
– Ogurlyk üçin giren öýümiň penjiresinden çykjak bolanymda, aýagym demir germewe ilägedin, ýykylyp aýagymy döwdürdim. Germew göwnejaý edilmändir. Şonuň üçinem öý eýesiniň üstünden arz etmäge geldim.
Kazynyň oňa haýpy gelýär:
– Görýämiň, adamyň edýän işine!? Heý-de, şeýtmek bolarmy?! Derhal öýüň eýesini gaşymda dikiň!
Ýasawullar öýüň eýesini südenekledip getirýärler. Öýüň eýesi kaza naýynjar garap:
– Belaň körügi germewi dakyp giden ussada. Ussa öz işini oňarmasa, meniň näme günäm bar?! – diýýär. Kazy:
Sen mamla. Seniň günäň ýok. Baryň-da, şol ussany tapyp getiriň – diýýär. Onsoň ussany getirýärler. Ussa:
– Munda meniňem günäm ýok. Allanäme işläp durdum welin, golaýymdanjyk owadan geýnen bir zenan geçip gitdi. Ana, şoňa seredip, germewiň bir ujuny diwaryň içine salmagy unudaýypdyryn. Gep şo zenanda. Beýdip bezenibermek nämä gerek, meniň ünsümi bölüp – diýip jan ýandyrypdyr. Kazy ussany hem mamla saýýar. Şol bezemen zenany çagyrdyp getirdýär. Zenan:
– Mende-de günä ýok, tikinçi günäkär. Şol bezemen lybasy tiken tikinçi. Ýeri, beýdip owadan tikmek nämä gerek diýsene. Eger şeýtmedik bolsa, ussa-da maňa seretmezdi. Hawa, hawa, maňa seretjek bolup, onuň ünsi bölünmezdi – diýip, aglamjyrapdyr. Kazy abaýly-abaýly gygyryp ugraýar:
– Hany, derrew getiriň şol tikinçini!
Onsoň tikinçini getirýärler. Kazy ahyry tikinçini asmaly edýär. Tikinçini daragajynyň aşagynda goýlan oturgyjyň üstüne çykarýarlar. Tikinçiniň boýy gaty uzyn bolansoň, dardan sallanyp duran ýüp tikinçiniň göbegine ýetip dur diýýär. Ýagdaýy kaza bildirýärler. Kazy känbir oýlanybam durmaýar:
– «Sen bolmasaň, Senem jan!» Derrew goňşy obaň tikinçisini alyp geliň, muň ýerine şony asyň, şoň-a boýy gysga – diýýär.
Hakyt «tersiňky dürs boldy, dürsüňki telek» diýleni boldy. Bu iki hakykatyň ýeri çalşyk düşdi oturyberdi. Mekirligi, hilegärligi ene süýdi deýin emen, goýun derisine giren gelegurtlar hem sütem edýärler, hem edýän zulumlarynyň «azap hakyny» talap edýärler. Akylyň, ylmyň gazananlarynyň netijesinde öz dinleriniň ýalňyşlyklary ýüze çykansoň, «ogram özüne osar, orramsam» diýlenini edip, yslamyýete-de dil ýetirjek bolýarlar.
Kyssahan
27
181
gullnara_
07.04.2023 04:00
Men arasynda paltamy ýitileýärdim…
Bir tokaýda iki dost agaç çapýan eken. Olaryň birinjisi daň bilen turup, agaç çapmaga başlaýar, bir agaç ýykylandan soň derrew beýlekisine geçýär. Uzyn gün ne dynç alýarmyş, ne-de iýip-içmek üçin özüne artykmaç wagt aýyrýarmyş. Özem dostundan has soň öýüne gaýdarmyş.
Dostlaryň ikinjisi bolsa käte dynç alyp, Gün ýaşyp ugrandan öýüne dolanar eken.
Bir hepdeläp şeýle zähmet çekenden soňra iki dost ýygnan agaçlaryny sanamaga başlapdyr. Netijede, ikinji adam has köp agaç çapan eken.
Dosty muňa geň galypdyr.
-O nähili beýle bolýar, men senden has köp zähmet çekdim-ä. Işe senden ir başladym, senden giç gaýtdym. Ýöne seň agaçlaň köp-le. Munuň syry nämede?!
Beýlekiniň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy:
-Bu ýerde üýtgeşik syr ýok. Sen durman işleýän wagtyň, men arasynda paltamy ýitileýärdim. Ýiti palta bilen az güýç sarp edip, köp agaç kesiler.
Özümizi terbiýelemek, paltamyzyň nähilidigini bilmekdir. Özümize wagt aýryp, durmuşymyzy obýektiw garaýyş bilen seljermek gerek. Gowşak taraplarymyzy düzetmek üçin yhlas etmek – zehinimiziň, ruhumyzyň we häsiýetimiziň güýçli bolmagynda hökmany şertdir.
Çeşme:AtawatanTürkmenistan
29
302