Bir kör garaňky gije eli çyraly, egni küýzeli gidip barýan ekeni. Şol barmana, bir suwumsyz ondan:
- Eý, nadan kör! Saňa gije näme, gündiz näme?! Olaryň parhy ýok ahyryn! Ýagtylyk bilen tümlügiň hem seniň gözüň üçin parhy ýok. Bu çyranyň saňa näme peýdasy bar?! - diýip sorapdyr.
Kör bende gülüp:
- Bu çyrany özüm üçin däl-de, seniň ýaly iki gözi bar akmaklar gelip meni süsüp, egnimdäki küýzäni gaçyraýmasynlar diýip göterýärin - diýip, jogap beripdir.
"Pars edebiýatynyň şirin kyssalary" kitabyndan.