gullnara_
15.04.2023 06:05
Iliň çagasy bela ýaly. (Ejem)

Biziň ejelerimiziň çaga terbiýesinde gaýtalamagy gowy görýän bir sözi bar. Ol söz hem “Iliň çagasy bela ýaly”. Käbir ejeler çagalaryny ýaşlykdan “Sen hiç zat başaraňok. Sen eliňden zat gelenok. Sen ýalta, sen iş ýakmaz. Sen hemişe şu bolşuňa galarsyň. Sen hiç wagt düzelmersiň. Hana pylanyň oglyna seret. Eýýäm maşyn münüp, jaý galdyryp ýör. Hana deň duşlaryň eýýäm çagasyny gujaklap ýör” ýaly sözleri gaýtalamagy gowy görýärler.
Şular ýaly sözler bilen ulalan çaganyň özüne ynamy pes bolýar. Özüni bir iş etmäge ukypsyz hasaplaýar, sussupes bolýar. Özüne ynamlylyk gaty gerekli zat. Käwagt özüne ynamy pesligi üçin samsyk hasaplanýar, başgalar tarapyndan äsgerilmeýär. Soňabaka bu çaga gorkak, sussupes, özüne ynamy pes, näme iş etse aljyrap çyndanam ynam pesligi sebäpli başarmaýan adama öwrülýär. Käwagt bu çaga özüne ynamsyzlygyny başgalara gödeklik edip, başgalary kemsidip gidirjek bolýan gödek adam bolup ýetişýär.
Daş töweregimizde görýän gödek adamlarymyz , bizi kemsidip gürleşýän adamlar aslynda özüne ynamsyz, ýöne muny başgalary kemsidip gizlejek bolýan adamlar.
Käwagt bolsa çaga-da ýuwaş ýuwaş ejesiniň hemişe öwüp görkezýän iliň çagasy diýlene ýigrenç, görüplik döräp başlaýar. Meselem ejesi “Sen Amança ýok” diýip oglyny kemsidýär, ogly hem her gezek Amany görende ejesiniň aýdan sözleri, özüniň Amança ýoklugy ýadyna düşüp, Amany ýigrenip, oňa gizlinlik bilen görüplik edip başlaýar. Käbir ýagdaýda bolsa ol Aman bilen ýaryşyp , nämede bolsa ondan öňe geçip ejesine Amança bardygyny subut etmäge çalyşýar.
Soňra bolsa adamlar bir biri bilen ýaryşýar, näme üçin ilden kem bolmajak bolýar diýip haýran galýarys. Sebäbi bütin il “Iller bela ýalydyr” öýtýär. Gapdalynda aç otyran goňşusyny görüp, şükür etmän, beýleki gapdalyndaky goňşusynyň kaşaň jaýyny görüp, ýaryşjak bolýar. Öz durmuşyndan lezzet alyp bilenok. Ol goňşusy ýaly kaşaň jaý gursa bu gezek uzakdaky başga bir baý bilen ýaryşyp başlaýar.
Iller bela ýalydyr öýtýän adamlar ile kömek edesi hem gelenok. Sebäbi kömek etse, öňem bela ýaly il bu gezek ondan hasam ozduryp öňe gider öýdüp gorkýar. Adamlar bir biriniň aýagynyň aşagyny gazmaga başlaýar.
Bir mysal, garyndaş gyzym joralaryndan nädip Ýewropa okuwa girmelidigini sorasa, bilselerde aýtman, anyk jogap bermän gürrüňi düşnüksiz gutarypdyrlar.
Soň men oňa nädip Ýewropa gidip boljakdygy hakda derňeşdirip maglumat ibersem, iller hijem aýdasy gelenok sorasaň diýip begenip sagbolsun aýtdy. Dogrusy men düşünýän, näme üçin illeriň aýdasy gelmeýänini. Sebäbi çyndanam uly kiçi hemme bir biri bilen ýaryş içinde. Kimdir biriniň özünden öňe geçmeginden gorkýarlar.
Adamlar öz arasynda “realist” gürrüň edenlerinde “Hiç kime ynanmaly däl. Ýokary dyrmaşýan bolsaň, başarsalar aýagyňdan aslyşjaklar, ýokardakylar başarsa depäňden basjak. Hiç kim seniň öňe gitmegini islänok” diýen gürrüňler edýärler.
Köp adamlar başgalaryna garşylyksyz kömek etjek bolup ylgamagy akmaklyk, sadalyk, agzy açyklyk, ejizlik hasaplaýar. Akylly adam bolsa öz bilýänlerini aýdyp ýörmeýän, diňe bilýänini özi ulanýan, başgalar kömek soranda ýa da nädip edilýänini soranda hem gysga, göwünli göwünsiz, ulumsy jogap bermegi akyllylyk hasaplaýar.
Ýöne adamlar bir birine görüplik etse şol halk ösüp bilermi? Adamlar hatda bir birekden bilýan maglumatlaryny hem gizleseler şol halk ösüp bilermi? Maglumat pul ýaly däl, paýlaşsaň gutaranok. Maglumat gaýtam paýlaşdygyňça köpelýär, paýlaşdygyňça ösýär, gülleýär, miwe berýär.
Ýeke ýeke üstünlige ýetmek kyn. Goý goňşymyzyň ogly Aman has ökde bolsun, gelip uly kompaniýa açyp birgiden işsiz adamlary iş bilen üpjin etsin. Goý Türkmenler bilen däl, daşary ýurtlylar bilen ýaryşalyň. Bir birege bolsa goldaw bolalyň.
Çaga terbiýesi gaty möhüm zat. Şonuň üçin şu mowzugy okaýan ýaşlara ýüzlenýän. Çagalaryňyzy hiç wagt iliň çagasyna deňäp sussyny basmaň, tankytlamaň. Oňa “Eger isleseň hökman başararsyň. Sen nämä ukyplydygyňy özüňem bileňok” diýip höweslendiriň.

Dynçja uklaýarka iliñ çagasy,
Şygyr çyrşap, yetdik her bir sahere.

«lliñ cagasyndan kem galmaly» diyp,
Giñ şäherden işem tapyndyk, şükür!
Kån öñe ozsak-da «garsydaslardan»,
Kate yüwürdýarin kalbymda pikir.

Eje, seniñ diyyan «Ot dey cagalañ»,
Obada bakyp yor sygyrdyr, goyun.
Her gün käbelerniñ elinden öpüp,
Halaldan eklap yör rysgally öýün.

Senin oglun bolsa, ozup olardan,
Gyzgyn mahrindenem gaytdy üzülip.
Her gezek janlaşsak gyzyl düwmäni, Basdygym gussalam gelyar düzülip.

Eje, senin sözlen ylgatdy diñe,
Aşyrdy sanymy, ejiz halymy.
Men şäherde, emma obada galan,
«illeriñ cagasy» yeñen yalymy...

Kerim Hally
30
324
Myhman
21 Aprel 2023
Gaty gyzyldan gymmatly manyly sozler
Myhman
16 Aprel 2023
Deňeşdirseň düýn bn bu günki ýagdaýyňyzy deňeşdir. Iliň baýlygy ýa-da akylly bn deňeşdirmäň. Bu hereket adamyň özine bolan ynamyny peseldýär.
miss roza
16 Aprel 2023
nähili gowy ýazypdyrlar hakyky şol kemsitmek kiçeltmek erbet zat ondada öz çagaňy
Myhman
16 Aprel 2023
Haladym 🙃
muxa
16 Aprel 2023
😂😂😂😂😂
ideallider
15 Aprel 2023
Ejem meni urup, soňam men gaçyp barýarkam "Eje, banditlygyma gynanma aglama. Iliňçagasy ýaly ejem-ogly ýa kazýol çmodäldim" diýip gygyryşym🤣🤣🤣🤣🤣👍
yakup allabayew
15 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
15 Aprel 2023
Biziňkem şeýle illeň çagalara başarýarmyş bizem başaramzokmyş
Güljagaz♡♡♡
15 Aprel 2023
👍👍👍.......🙋‍♀️
Miss_Minnosh❤️
15 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.