gullnara_
04.07.2023 12:44
Adamzat ýaşaýşy örän geň galdyryjy täsinliklerden doly. Şol täsinlikleriň arasynda gezip, ol täsinlikleri gündelik görüp ýörenimiz üçin olar bize bolaýmaly adaty zat ýaly bolup görünýär. Men barlyk dünýämizde elmydama şaýat bolup, gözümiz bilen görsegem üns berilmeýän çepbekeýler baradaky täsinlikler barada durup geçmekçi. Ine, çepbekeýler baradaky täsinlikleriň birnäçesi.
Her ýylyň 13-nji awgusty Halkara çepbekeýler günüdir.
Çepbekeýleriň arasynda erkek adamlar aýal adamlardan sany boýunça artykmaçlyk edýärler.
Çepbekeýler sag ellerini saggakaýlaryň çep ellerini ulanyşyndan köp ulanýarlar.
Leonardo da Winçi bir wagtyň özünde iki elinde hem surat çekip bilipdir.
Çepbekeýleriň sany wagt geçdigiçe azalýar. Daş asyrynda olar dünýä ilatynyň 50 göterimini, bürünç asyrynda — 25, häzirki wagtda bolsa olar dünýä ilatynyň 5 göterimini düzýär diýip bilermenler belleýärler.
Dünýädäki çepbekeý dogulýan çagalaryň ene-atasynyň ikisem saggakaýlary 2, ene-atasynyň haýsy-da bolsa biri çepbekeýleri 17, ikisem çepbekeýleri 46 göterimini düzýärler.
Jandarlar hem çepbekeý bolup bilýärler. Pişikleriň agramly bölegi saggalardyr, syçanlaryň 44 göterimi saggalar, 28 göterimi çepbekeýler, galanlary bolsa iki tarapyna-da (hem sagga, hem çepbe) ökdedir. Ak aýylaryň hemmesi diňe çepbekeýdir.
Rus imperatory Pýotr I çepbekeýlere kazyýetde şaýat bolmagy gadagan edipdir. Ol çepbekeýler aşa mekir bolýar diýip hasaplapdyr.
Dünýä belli geniler (uçursyz, aşa zehinli adamlar) çepbekeýlerdir.
Ine olaryň käbiri: Albert Eýnşteýn, Isaak Nýuton, Leonardo da Winçi, Pablo Pikasso, Beýik Aleksandr, Ýuliý Sezar, Napoleon Bonapart, Genriý Ford, Lýuis Kerroll, Ringo Starr, Bobbi Fişer. Olar hiç wagt öz çagalaryna çepbekeý iş etjek bolanynda saggakaýlygy öwretmändirler. Sebäbi seniň kiçijik geniligi ýok edäýmegiň mümkin ahyryn.
Çepbekeýler Ýer togalagynda 700 mln. adam hasaplanýar.
Bir wagtyň özünde hem saggakaý, hem çepbekeýler — az öwrenilen täsin hadysadyr.
Eger-de, aýal 40 ýaşynda göwreli bolsa, (20 ýaşly göwreli aýal bilen deňeşdireniňde), ondan dogjak çaganyň çepbekeý boljakdygyna güwä geçip bolýar diýip hasap edýärler.
Alymlaryň barlaglaryna görä çepbekeýler giňişlikde baş alyp çykmakda, matematika hem-de arhitekturada zehinli bolupdyr, saggakaýlar bolsa dilewar, dilden düşündirmek endigine ussat bolupdyrlar.
Çepbekeýleriň aňy saggakaýlara garanyňda islendik habary çalt kabul edýänligi sebäpli, olar işiň islendik görnüşini çalt ýerine ýetirip bilýär diýip hasaplanylýar.
Haçan-da, saggakaý çaga iýmitlenende saga, çepbekeý çaga bolsa şol hereketde çepe ýa-da hiç tarapa hem üns bermeýär ekeni.
1989-njy ýylda Russiýanyň Tula şäherinde çepbekeýlere ýadygärlik dikeldilipdir.
Mekdep ýaşyna ýetmedik ösüş aýratynlygy boýunça çepbekeý çaga ýa-da sagga çaga bolmaýar. Olaryň beýnisiniň ösüşi deň däldir. 5 ýaşaýança onuň beýnisiniň sag tarapy kämilleşýär, 8-12 ýaşa çenli bolsa çep tarapky beýnisiniň sudury kämilleşýär.
Haçan-da, nesle geçijilikde, kellä şikes ýetmede, göwrelilikdäki näsazlykda, ululara öýkünmeklikde bökdençlikler bolan pursatynda göwräniň çep tarapy işjeň ýagdaýda bolýar.
Sag ele şikes ýeten pursatynda göwräniň işini ýerine ýetirmek erki çep ele tarap bolýar. Sebäbi göwräniň erki beýniniň ýarym şarynyň çep tarapyna bagly bolýar.
Adamyň çepbekeý bolmagy adatdan daşary näsazlyk däldir. Çepbekeýlere saggakaýlygy öwretmeklik hökman däldir. Beýle etmekligiň şol çagalaryň saglygyna örän howpludyr. Sebäbi çepbekeýleriň sag beýnileriniň ýarym şarlary ösendir.
2014-nji ýylyň maglumatlaryna görä, tennisçileriň 50-siniň 20-si çepbekeýlerdir.
Islendik adamyň saggakaý ýa-da çepbekeý bolmagy onuň özüne däl-de, beýniniň ýarym şarynyň doga işjeňligine baglydyr. Meselem, beýniniň sag ýarym şarynyň işjeňligi ýokary bolsa, çepbekeý, beýniniň çep ýarymşarynyň işjeňligi ösen bolsa, saggakaý bolýar.
Çepbekeýligi doglanyndan soň öwredilen çagalaryň iş başarjaňlygy gaty pes bolýar. Olara gizlin çepbekeýler diýilýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä çepbekeýleri daşky sypatyndan, gurluş taýdan bilip bolýar. Ýagny, olaryň elleriniň barmaklary hem-de aýalary sag eliniňkiden uly bolmak bilen, saggakaýlara seredeniňde ýüz-gözleriniň hereketi işjeň bolýar. Şeýle hem külbike barmagynyň dyrnagy ýasy bolýar.
Antik döwrüň görnükli syýasatçysy, dünýäniň ýarsyna barabar ýerini basyp alan beýik serkerde Aleksandr Makedonskiý esgerlerine çep eli bilen ýol görkezipdir. Edil şolar ýaly pursaty Napoleon Bonapart hem-de Ýuliý Sezar gaýtalap, beýik basybalyşlary amala aşyrypdyrlar. Häzirki döwrüň syýasatçylary Ronald Reýgan, uly we kiçi Jorj Buşlar, Bill Klinton hem-de Barak Obama, şonuň ýaly hem Fidel Kastro çepbekeý syýasatçylardyr.
Belli serkerde Aleksandr Makedonskiý çepbekeýlerden 700 sany adamdan ybarat ýörite urşujy bölümini döredipdir. Olar söweşiň aýgytlaýjy pursatynda garşydaşynyň garaşmaýan çep tarapyndan hüjüm edipdirler.
Uzak wagtyň dowamynda Leonardo da Winçini doga çepbekeý diýip, hasap edýärdiler. 2019-njy ýylda italýan barlagçylary doga çepbekeý diýip, hasap edilýän beýik genä çepbekeýlik heniz çagaka öwredilipdir diýen netijä geldiler. Soňlugy bilen Özgerişler zamanasynyň Beýik wekili iki elinde hem erkin hereket edip, ýerine ýetirmeli işlerini amal edip bilipdir. Ol sag hem-de çep elinde hatlary örän oňat ýazyp bilipdir. Ondan başga-da, iki elinde hem hatlary aýnada görüp okamaly edip çepden saga ýazmak endigine örän ussat bolupdyr.
Käbir maglumatlara görä kiçijik çepbekeýlere islendik zady öwretmek kyn düşýär diýip belleýärler. Bu maglumatlar bilen Albert Eýnşteýniň mugallymlary ylalaşýarlar. Sebäbi, bu beýik genä kiçijikgä arifmetikanyň sadaja hasaplaryny düşündirmek, çözdürmek örän kyn bolupdyr. Onuň bu häsiýeti oňa soňlugy bilen Nobel baýragyny alyp, beýik fizik bolup taryhyň gatyna girmäge päsgel bermändir.
Dünýä belli amerikan telekeçisi, dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Bill Geýts çepbekeýlere kompýuterde işlemekligiň oňaýsyzlygyny görüpdir. Şonuň üçin hem ol özüniň işleriniň birinde kompýuteriň syçanjygyny çepbekeýlere oňaýly bolar ýaly tertipde düzgünleşdiripdir.
Argentinaly dünýä belli futbolçy Diýego Maradona özüniň futbol oýnan ýyllarynda geçiren 345 golunyň diňe 3-sini sag aýagy bilen geçiripdir. Onuň çep aýagy bilen depýän pökgüsi örän howply bolup, ony yzyna gaýtaraýmak örän çetin bolupdyr.
Agzalaryň arasynda hem çepbekeýler barmyka?
18
189
gullnara_
03.07.2023 09:13
Dovamy....
3 nji bolum.
İnede garaşylan toy uludan tutuldy... Yaşlaryn ikisem bagtlydy, ayratynam Begenç. Gulzada bolsa omrinde ilkinji gezek soygi duygusyny başdan geçiryardi. Yone şol ajayyp bagtly gunler iki yaş juwana uzak nesip etmedi.
Begenjin ejesi bilen kakasy taze gelni onçakly halap baranokdylar, bu oyde halanmadyk gelin dine Gulzada daldi... Ozunden uly iki eltisi hem gayyn ene bilen gayyn atadan gun yuzi gormandiler. Kop kosenipdiler. Gulzadan eltilerinden ikisi ayyrlyşyp gidip , deregine taze gelin alynandy , yone alnan iki gelin gayynlardan yaman çykyp oz yanýoldaşlaryny alyp obadan jay salyp göçüp gidilendi. Elbetde oba ilaty bu zatlardan habarlydy yone näme üçindir, sorag ideg edilende Gulzadan ene atasyna bu maşgalan asyl yagdayny aydan tapylmady.
Gulzada gaydyp geldi ol indi büs bütun oyin ahli işini ozi üstelenipdi, yanyoldaşyny , gayynlaryny başyna täç edip yordi. Aytdyrmazdan ahli zady gul yaly etyadi, yone gaýynlar oz betpallerinden gaytmazdy... Bir gun Gulzada içerini daşaryny arassalap yorka gaýyn atasy gelni yanyna çagyrdy, ondan tompuçkan ustunde duran puly sorady... Gulzada hiç hili pul gormedignii aydyp ant içip awy yalasada ona ynanmazçylyk edip yaş gelniň elinden tutup süýräp gazyň yanyna eltdi we ýanyp duran oda eliniň aýasyny basdy..Gelin her näçe güýç bilen elini çekse-de gaýynatasy goybererli daldi....
" Indem bir zat yitsin şu öýden şonda eliňi däl tutuşlugna özüňi oda tutaryn "
" Men almadym ynanayyn men almadym..."gelin yurekagyrdyjy sesi bilen aglayardy. O barmana gapydan ayaly geldi . Oll bazardan gelyadi," Begençjan bir gowy edip tompuçkan üstünde pul goýup gidaypdir menem ine bazarlap gelyan." Gulzada içinin yangyjyna has beter aglap başlady ,gaýynatasy bolsa ona ýylgyrjykrap " Owarram almadyk bolsaň indi birdan almak hakda pikiriň bolsa-da tisginer durarsyn."
Beyle bela zalymlyk bolar eken ,bir günem gaýynene gonşulardan alan syza sübsesini kir yuvup oturan gelnin onune pyzalandyryp zynyp goyberdi. Pikire çümup oturan gelin gorkusyna zowwe yerinden galdy ..." Al howlyny syr aý yaly bolsun." ,
" Dayza bizde howlyny syrmak üçin subse bara" ...."Ol subsani elleme ana şon bilen syr, subse bara diyen bolup, ozun gazanç etyanda sen, mysalan gursyn bol bahym syryp çyk daşarlary."
Gelin edip oturan işini derrew dynyp süwsani eline alyp daşaryny syrmana başlady, yone ol gelnin elinin yanygna degip janyny alyp baryady... Yone muna garamazdan aglap aglap howlyny gul purkulen yaly etdi.... Yany bir bollum etdem velin, gayynata gelip ona mellekdaki yorunjany yygyp mallara bermegni tabşyrdy.... İne gelnin her guni şeydip janennem bolup geçyardi... Begenç işe ir dandandan gidip gije gelyadi, gelensonam ejesi bilen kakasyny diňlap Gulzada gahar edip oturyady. Gelin gurlemesin diyip iki garry ogullary gapydan girip girmanka Gulzadany yamanlap yere sokyadylar. Iki ay geçdi, gyzlaryndan bir oban içinde yaşap hiç habar hatyr eşitmeyan eje kaka Gulzadany gormane bardylar. İnede gyzlarna edilyan zuluma diri şaýat boldular....
Dowamy 4 nji bolum.
Ene ata gyzlarynyn agyr yagdayny ony ozleri bilen alyp gitmek islediler emma Gulzada muna garşy çykdy, ojagny taşlap gidip ayyrlyşyp geldi onuşmandyr diydiresi gelmedi. Yone her näçe çydajak bolsalaram zalym gayynlan gelne beryan ezýeti gutarmady.. Bir gunem Begenç işden geldigi ejesi aglamjyrap öňunden çykdy:
" Waýýý bagtym yatdyleeeey, waý garamanlay balameyyy söýüp saylap alanynam şul haramzadamyyy"
Begenç naman namedigine düşünman ank tank bolup durdy
" Eje namboldy nama aglayan kim haramzada düşündirda"
" Kim bolsun gelnin haramzada aytmayyn diysem halys bolmady, ne oy içera komegi bar ne beyleka iyip içip pytyradyyp yatyr, ustesinede azar yamanyny berya gecen gunem telefonda gurleşip duranyny gordum bir erkek bilen: "ökünyan diýýadi, şulara geljek däldim yone zorlap berdiler diýýadi, men entegem seni söýýän diýýadi..."
- Goý eje boldy.....
Begenç Gulzadadan beyle zatlara garaşanokdy, yone uzak gun işde bolansoň öýde bolp geçýän zatlardan habardyzdy, ejesinin yalan sozlemejegine ynanýardy diňe.... Gulzadany bolsa .... Ol indi oz söýguli gelnini şu pursatda yazgardy, ony dinlemegem islemedi we äkidip atasy oyne taşlap gaytdy. Biçare gelnin hiç zatdan habary yokdy..
Bir, iki, üç gun geçdi Begençden welin habar yokdy. Gelin gaýyn oyüne bardy, yone bu yerde ona yüz bolmady gaýtam: " Bigaýrat geläýipdir" diydiler. İndi zulum has agyrlaşdy, gelni uryadylar , ölümiň bäri yany etyadiler, mundan gonşularam habarlydy... Bir gun oban uly yaşulylarynyn biri Gulzadan atasy oyne geldi we ahli bolp geçýän zatlary gürrüň berip gyzlarynyň ölümini islemeýän bolsalar ony alyp gaytmaklarny aytdy.
Şeydip gelin atasy öýüne getirilidi. Bir gun Gulzadaň ejesi gyzynyň goşlarny alyp gaydaýyn diýip Gulzadan gayynlaryna bardy. Gudasy daşarda gezip yordi: " Hä name yalbarmana geldinmi ötunç sorajakmy " diýip içyakgyç güldi... Gyzyn ejesi gözüniň yaşyny syrykdyryp " Sen yaly doňýürekden ötünç soramak nire çagamyň goşuny almana geldim..."
-Nirde zady barmyş sen çagaň bar ugra şu ýerden bize gelip gyzyn gozi zada düşdi , yone goterinip bilmedi."
" Çaga şu çaka çenlä zada zar bolup yaşamady Hudaýa şükür sen bilen gidişip durmaga ýagdaýym ýok Biribaryň ozi göryändir ähli zady seni Hudaýa tabşyryan indem gyzymyň goşlaryny ber.."
" Hany yeke zat ellabilsen elle goreli bahym gumuny tap şu yerden yogsa hazir ozim gum etyan seni..."
Biçäre ene oz tiken ýorganyna yapyşanam şoldy , gaýynene gudasynyn elinden süýräp ony iteklap goyberdi: " Diydima men sana yeke zat ellap bilmersin şul öyden..."
" Ahhh şeylemi Allajan şu elim bilen tiken yorganym sen tabydyna yapynja bolawersun , gargynjym üçin Allajan geçirsin meni" diýip ene gapyny bat bilen yapyp çykyp gitdi.
Bu wakadan eyyam bir ay geçipdi. Gulzadan yagdayy agyrdy, kelebiň ujuny şeyle bir yitiripdi ona hazir dine bir kişi öz jorasy Leyli , leylin hoş sozi gerekdi. Leyli paytagtda yokary okuw jayynda okayardy... Ol bir gun rugsada geldi şonda ejesi Gulzadanyň duşen yagdayny ona gurrun berdi.... Leyli derrew oz jorasynynka gitdi... Gyzlar dertleşip aglaşyp kop oturdylar Leyli oz jorasyna göwunlik berdi. Şol gun bularyn klasdaş joralarnyn biri toy etyadi . Leyliň geliş sebabem şoldy, ol oz jorasyny alyp toya gitmek isledi..Gulzada hernäçe garşy bolsada ony geyindirip hamana hiç zat bolmadyk yaly toya alyp gitdi... Toýda Begenjem bardy. Ol şonda Gulzadany gorup ony bagryna basmak isledi emma bolup geçen zatlar aňynda aýlanyp durdy. Ol oz söwer ýarynyň gunäsizliginden habarsyzdy . Gulzada bolsa oz jorasynyn aydyşy yaly, ejesinin isleyşi yaly şol mundan öň geçen iki ay hiç bolmadyk yaly ozini alyp baryp bildi yone ýüregi welin gan aglaýardy....
Soňy.
24
302
gullnara_
03.07.2023 06:38
1-nji bolum
Begenç bilen Gulzada ikisi synpdashdylar... on yyl bile bir mekdepde okapdylar....
Begenç agyr bashly orta boyly gormegey oglandy, ol oz dostlarynyn arasynda agraslygy bilen tapavutlanyardy .... Gulzada bolsa alchak degishgen akylly ve ovadan gyzdy... Ol gyzlar bilen gulushup degiship oturmany govy gorerdi.... Yashlaryn ikisi goraymane synpdashdy yone Gulzada synpynda Begenç atly oglanyn barlygyndan bihabar yalydy sebabi Begenjin hich vagt sesi eshdilmeyadi... Ol yok yalydy .... Yone Begenç Gulzadany goryardi, onun sesinem eşityardi .... Hatda , onun gozi Gulzadadan başgany ne goryadi, nede eshtyadi.... okuv gutardy, Begenç watan goragna gidip geldi, gele gelmane oglanlan birine hayysh etdirip Gulzadan nomerini tapmak isledi ... Bularyn ikisem obada onup osen bolanson Gulzada oban gelin gyzlary bilen otaga, pagta giderdi.. Bir gun gyzlar pagta yygyp yorka Gulzadan jorasy Begenjin gonshulary Gozel Gulzada habar gatdy:
- Gulzada, klasdashymyz Begenç bara .... Agyz ana shol sen telefon belgini sorady....
- Kim gyz ol Begenç? Hem namchun sorayamysh men nomerimi??
- Ol bara nemeee ony ejesi dagy oyerjek bolyarlar Gulzada .... Sonnnn olam sen nomerini bermegmi hayysh etdida menden....
- Viii oylenibersin agyy men name oban yashulusy dala ak pata alar yaly, men name dahylym bar gyz ....
- senem bara Gulzada derrev tersine ovrup goyayanda gyz sen dagy oba yashulysy bolaysan ilatyn dat gunine... Oynuny goysana gyz Begenç size ejesini soz aydyjy ugradaysam diya...
Shol vagt Gulzadan gulip duran gozleri biraz gamlandy ... Hich zat diyman oz ishi bilen boluberdi...
Aradan birnache gun gechdi, Gozel her gun diyen yaly Gulzadadan
" nomerini berayeyinmi indi bir belli zat ayday" dip sorayardy, yone ondan hich hili jogap alyp bilenokdy...
Begenç her gun gyzlan otaga gatnayan yoluna chykardy , hema Gulzadany gormek uchin, hemem Gozelin getirjek jogaby ucin... Gozel her gun Begenjin oz yoluna chykyp durmagyndan utanyady , goren eshden name diyer yalysh pikir eder dip gorkyardy... Ahyr bir gun ol Gulzadan jogabyna garashmakdan yadap on nomerini Begenje berip goyberdi....
Begenç indi nomeri alanson derrew Gulzada jan etmek bilen boldy... Guzada agshamaralar ishden gelip ejesi bilen chay ichip otyrdy, shol vagt birdan on el belgisine natansyh nomerdan jan geldi... Gyz jaň etyani tananokdy yone çalaja duyyardy on kim bolyp biljegni , içinden hem Gozele sovunyadi, hem sandyrayardy... Ejesi gyzynyn aljyrap oturanyny gorup : Gulzada ha name telefonundan gorkup otyrsyn galdyrda , ozinem ak tam boldynla eygilikmi?" Gyz ejesine berere jogap tapanokdy... Telefonuna gorky bilen yakynlashyp ony eline alanam sholdy jan kesildi... Gulzada ullakan bir yenish gazanan yaly begenip gitdi... Derrew telefonuny açyp awtonoma gechirmek bilen boldy....
" haaa inda jan gelmese gerek Ahhh Gozel seni bir ertir goraysem bolyar....." Gyz ertire chykmana hovlugup uzak gijani ukusyz gechirdi.... Dan atdy Gulzada otag eshiklerni geyip ozi uchin gerek zatlarny alyp yola chykdy ... Uly yolun ugrunda ozinden bashka hich kimi gorman chybshyldap yolun yakasyny syryp durli oy bilen gidip baryardy , yone birden birinin oz adyny tutup seslenmegi Gulzadany pikir ummanyndan oyardy... " dan bilen kim ka gyz bul yana menden bashga adam yokdy kochede.." diýip ichini gepledip yzyna öwruldi..... Birdanam on ustunden gaynag suv guylana doni , heniz only dan atanokdy, gyz garşysynda durany gorup yuregi yaryldy......
Dovamy.... 2-bolum
"Hiyyy toba bul name gyz gara dandan toba" Gulzadan ichinden aydyp duranlaryny Begenç eshden yaly :
- Gulzada bagyşla gorkuzaydym oytyan , nemeee men agsham yanyn koplik bolya dip irden chykaydym yoluna bagshlarsynda...."
"yagsham bir ish edipsin bah ozinden govni hosh gyz myn gorkar zat dip dagyn chaklanokmuka" gyz gozlernin gytagy bilen sessiz Begenje garap durdy...
- Gulzada nemeeee men....
- name sen neme nemelap durma name , name aytjak bolsan ayt ile rysva edip durma meni ...
-Gulzada men seni mekdep dovrunden bari synlap yorn, shu chaka chen hich aydyp bilmedim yone indi ikimizede vagt boldymyka diyan ... Men oymuzdakileri size ugradaysam nahili bolar..?
Gulzada bir gyzaryp bir agaryp soraga name jogap berjegni bilman uzak oylandy... Gun eyyam asmana galyp baryardy , oba ilaty bolsa hich vagty guni ustune dushurip yatman ir oryardi... Eyyam kochan deninde birlan ikilan Gulzada yaly otaga baryan gornup bashlapdy... Gyz " yalnysh dushunerler gepim ediler" gorkusy bilen hich zat diyman yorap ugrady... Begenç: " Gulzada jogap berda " dip yzyndan gygyryp galdy, yone gyzdan yenede hich hili ses seda chykmady... Muna Begenç razylyk dip dushundi....
Begenç oylerine baryp oz otagyna girip servantda achylgy duran uchurym vipisnigini eline aldy ve goni 10 ç synpa sahypany agtardy... İnede yokary hatarlaryn birinde uzyndan yogyn bir orum sachyny ovadan inchemik barmaklary bilen saklap oturan Gulzada.... Yigit gyza gozini ayyrman synlap , yazylgy duran yorganyn ustune baryp gyshardy ve sho yerde suyji uka gitdi....
Gulzada sho ichini gepledip gidip barshyna pagta meydanlarynyn denine baryp yetdi, on oninden chykanam Gozel boldy... Gulzada gaharly halda Gozele seredip ona bir iki agyz bir zatlar diyesi geldi yone jorasy gyzdan onirtdi:" mana beydip seretme Gulzada mena halys name etjegmi bilmedim shon ucinem berdim nomerini menden gaty gorme yazylan bolsanyz bir birinize gitjek yeriniz yok men bolmasam bashga birimishinda barybir biri birzat sebap bolardy sizin dushmagnyza...."
Aradan bary yogy bir ay gechdi emma muna garamazdan Gulzada bilen Begenjin toy sahedi eyyam yakynlap geldi....
22
264
gullnara_
02.07.2023 15:08
Nahar wagty ocuryanjz,
Bar keypimiz gacyryanyz.
Gunde name bejeryaniz,
Tok edaran isgarleri.
Gundizi yok gijesi yok,
Nobaty yok bijesi yok.
Jan edaysen hicisi yok,
Tok edaran isgarleri!
Berýaris biz göwne giñlik,
Ýandy týunner holodilnik.
Abat galan bir budilnik,
Tok edaran isgarleri!
Garaşdyryp millet baryn,
Ýanar diyip gijañ ýaryn.
Aldyrdynyz dwižok baryn,
Tok edaran isgarleri!
Birnacesi gury bir san,
Peydasyndan zyýany kan.
Toý bolaysa bary pyýan,
Tok edaran isgarleri!
Alla bilsin kim ýazykly,
Ne gural bar ne azykly.
Bir saryja kone uwazikli,
Tok edaran isgarleri.
Gadym urusdan galan belki,
Ne borty bar nede bolty.
Yene bir kone ulagnyz 66,
Tok edaran isgarleri!
Olmesede ýanýa ala,
Ya faza yok ýanýa çala.
Gaty gormälinle muna,
Tok edaran isgarleri!
23
179
gullnara_
01.07.2023 16:04
ŞU GÜNKI EDEN GOWY IŞLERIM
Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň gowy komnatdaşym gowy çaý demläp goýupdyr. Ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsä gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjüler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine “gowy” siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym, “gowy sözler” aýtdym. Soň gowy köýnegimi geýdim-de, gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym. Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip salamlaşdym. Ýolda-da gowy maşynlar bar eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy gürrüňler etdik...
Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym... Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. Olam gowy işledi. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň!
Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! ))
15
76
gullnara_
30.06.2023 15:35
Puly nädip aňsat gazanylýar ýada gazanýarlar?
Soňky döwür pul gazanmak üçin şu gymmat döwürde herkim ýaryşa giren ýaly. Näme ýaşamak üçin pul gerek pul üçin ýa zähmet gerek ýada kelle gerek diýilşi ýaly meň hem haýran galan bir wakany başdan geçirdim.
Bilýänsiňiz köpçülik ýerlerde awtobus, poýez, bazar ýaly adamlaryň köpçülikleýin ýerlerine herhili gep gürrüňleri eşitmek bolýar... men hem awtobusta iki zenanyň gürleşip duran zatlaryna ünsümi çekip gulak gabardyp görsem hakykatdan hem adamlaryň akmaklygymy ýa şeýle zat barmy diýdim öz-özüme.
Nätanyş zenanyň ýanyndaka aýdyp berýär : saňa palçy gerekmi meň gowy bilýän palçym ba menem şoňa atdyrdym ýöne öýünde ýada başga ýerde däl telefon arkaly seň ykbalyňa seredip berýär diýende men has hem gyzyklandym.
Kim ol belli däl diñe bir bilgiçlik etmän adamlaryñ durmuşyny hem baglamagy ýada ýykmagy başaryp bilýär we şeýlelik bilen ol adamyñ telefon arkaly ykbaly “çözülýär”. Şeýle hem belli bahasy bar ilki telefonynyň hasabyna 30 manat geçireňsoň soň seredip berýärmiş. Meň göwnümden turmasa näme ýada bolmasa aldasa meni biderek pulyň gitýär olaram otyran ýerlerinden pully bolýalar.
Adamlaryñ ylmy taýdan pes derejede bolmaklary sebäpli bu kemçiliklerini herhili ýagdaýda ulanýan şahsyýetleriñ işi barha möwjäp barýar bularyñ uly bir bölegi palçylardan ybarat.
Palçylar bilim taýdan gowşak adamlary öz oýunlaryna sezewar etýäler. Olaryñ etýan işi käbir durmuşdan nägile bolan adamlaryñ pul taýdan kynçylyklara sezewar bolan adamlaryñ maşgala mesele bolan adamlaryñ ýene dürli meseleleri bolan jemgiýetiñ ruhy düşünjelerine we pikirlerine täsir etýär. Olaryñ bu edýän işleriniñ garşylygyny pul bilen ölçeýäler we esasanda kanuny ýoldan dälde eýsem bikanun ýoldan ýagny myş myşlary bilen öz atlaryny tanatýarlar.
Onsoñ hem egerde şular ýaly bir iki sany palçylaryñ çaklamalarynyñ bir iki sanysy dogry bolaýsadagy adamlaryñ dilenden düşmän beýleki adamlaryñ gulaguna çalynyp öz wezipelerinde meşhur bolýarlar.
Aňsat gazanç diýmelimi haram gazanç diýmelimi ýada kyn günde kellesini işletdi diýmelimi doly menä bilemok ýöne aňsat iş.
İndi dükan gözlap oňa pul tölap oturmaly däl. Özüňi harydyňy ýada işiňi tanatjak bolýaňmy tehnalogiýadan peydalanyp ony özlerine tarap ulanmagy başarýarlar. Şeýle hem aňsatlyk bilen bir elinde telefon bir elinde kofýasyny içip harydyny ýada öz işini reklama edip ýüzlerçe müşderini özüňe baglap bilýäň.
Palçy
Hamana bilýän dek, geljege garap,
Köne karty garyp atýar palyny,
Pikirleriñ beýan edýär jikme-jik,
Ine, onsañ ynanylmaz ýalymy?
Aslynda taşlanan gurra ynanyp,
Geljegimi gözlemändim palymda,
Ilki bäşlik zyñdym, soñ bolsa onluk,
Bu zatlar hiç...
Gyzyklanmañ ýanynda.
Garyşdyryp karty bakyp gözüme,
Ogluñ pylany bor, gyzyñ pylançy,
Ýylgyryp, ýanyndan turdumda gaýtdym,
"Basym öýlenýärsiñ" diýende palçy.
Remezan Mätgurbanow.
29
458
gullnara_
30.06.2023 12:26
Tomus pasly dowam edýär. Bu döwürde howanyň aşa gyzmagy sebäpli ýaplarda, kanallarda, köllerde suwa düşýän adamlar hem köpelýär. Şonuň üçin olara suwa düşmegiň kadalaryny we olary berjaý etmegiň zerurdygyny ýatlatsak, artykmaçlyk etmese gerek. Suwa düşülende, ozaly bilen howpsuzlyk kadalarynyň ýola goýlan ýörite ýerlerini saýlap almagyň zerurdygyny ýatdan çykarmaly däl. Nätanyş ýerde suwa düşmekden saklanmaly. Näsag ýa-da ysgynsyz, ajygan ýa-da suwsan, ýadap, gyzyp ýa-da serhoş ýagdaýda suwa düşmek maslahat berilmeýär. Köp halatlarda maşgala bolup suwuň kenaryna çykylýar. Şonda çagalar gözegçiliksiz galdyrylmaly däldir. Sebäbi olar örän bilesigeliji bolýarlar we entek käbir hereketleriniň nämä getirip bilýändigine, şol sanda gark bolmagyň mümkindigine hem düşünmeýärler. Betbagtçylyga uçramazlyk üçin ätiýaçlyk, seresaplylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Mysal üçin, kenardan daşlaşmaly däl. Eger bu talap inkär edilse, howply pursatlaryň döremegine sebäp bolmagy mümkin. Suwa bökmek bolmaýar. Oňa seresaplylyk bilen girip, aşagyny aýagyňyz bilen barlamaly. Şonda hem ätiýaçlyk düzgünlerini berjaý etmeli. Ýüzüp bilmeýän adamlar çuň ýerlere ýakynlaşmaly däldirler. Gark bolýan adamy görseňiz, dessine daş-töwerekdäkileri kömege çagyryň. Eger-de özüňiziň ýardam berip biljegiňize gözüňiz ýetse, suwa girip, ony halas etmeklige çalşyň. Halas edilende, gark bolýanyň arka tarapyndan ýüzüp kömege barmaly, ýogsam ol aljyrap, howsalaly ýagdaýdadygy sebäpli halas edýän adamy çekip, janyny howp astyna goýmagy mümkin. Eger-de özüňiziň ýardam berip bilmejegiňize gözüňiz ýetse, suwa girmän, daş-töwerekden adamlary ýardam bermäge çagyrmaly we dessine halas ediş toparyna hem-de tiz kömege habar bermeli. Gark bolýany kenara çykarandan soň, kellesi bilinden aşakda bolar ýaly ýagdaýda ýüzinligine ýatyrmaly. Çaga halas edilende, ýüzinligine öz aýaklaryňyzyň üstünde ýatyrmaly. Agyz boşlugy arassalanylandan soň, heläk bolanyň gaýtarmagy hem-de dem almagy üçin diliniň düýbüni basmaly. Dem alşyny barlamak üçin görýän, eşidýän, syzýan usulyny ulanyp, 10 sekundyň dowamynda barlamaly. Eger-de ejir çeken rahat dem alýan bolsa, başga janyna howp salýan zat ýok bolsa, ony dikeldip oturtmaly-da, tiz kömegiň gelerine garaşmaly. Eger-de ejir çeken dem almaýan bolsa, onda tiz kömegi çagyrmaly we ejir çekeni arkan ýatyryp, emeli dem bermeli. Munuň üçin ejir çekeniň çep tarapynda dyzyň üstüne oturmaly, onuň kellesini mümkin boldugyça arkan gaýyşdyrmaly (bu hökmandyr) hem-de äňini açmaly. Soňra uludan dem alyp, emeli dem bermeli. Şonda onuň burnuny eliň bilen gysmaly. Eger-de ejir çekeniň ýüregi urmasyny goýan bolsa, onda ýürege göni däl basyş etmeli. Munuň üçin bir eliňiziň aýasyny döş süňküniň aşaky bölegine goýuň, bu siziň basmaly nokadyňyz bolar. Beýleki eliňiziň aýasy bilen birinji eliňiziň üstüne goýuň, eliňizi gulpa alyň, barmaklaryňyz döş kapasasynyň süňklerine degmeli däl. Döş kapasasyna 30 gezek basyň. Döş kapasasyna basmak 4-5 sm çuňlykda ýerine ýetirilmeli. Döş kapasasyna 30 gezek basyp, 2 gezek doly dem beriň. Muny tiz kömek gelýänçä, ejir çeken özbaşdak dem alyp başlaýança ýa-da ýadaýançaňyz dowam ediň.
10
22