Dovamy....
3 nji bolum.
İnede garaşylan toy uludan tutuldy... Yaşlaryn ikisem bagtlydy, ayratynam Begenç. Gulzada bolsa omrinde ilkinji gezek soygi duygusyny başdan geçiryardi. Yone şol ajayyp bagtly gunler iki yaş juwana uzak nesip etmedi.
Begenjin ejesi bilen kakasy taze gelni onçakly halap baranokdylar, bu oyde halanmadyk gelin dine Gulzada daldi... Ozunden uly iki eltisi hem gayyn ene bilen gayyn atadan gun yuzi gormandiler. Kop kosenipdiler. Gulzadan eltilerinden ikisi ayyrlyşyp gidip , deregine taze gelin alynandy , yone alnan iki gelin gayynlardan yaman çykyp oz yanýoldaşlaryny alyp obadan jay salyp göçüp gidilendi. Elbetde oba ilaty bu zatlardan habarlydy yone näme üçindir, sorag ideg edilende Gulzadan ene atasyna bu maşgalan asyl yagdayny aydan tapylmady.
Gulzada gaydyp geldi ol indi büs bütun oyin ahli işini ozi üstelenipdi, yanyoldaşyny , gayynlaryny başyna täç edip yordi. Aytdyrmazdan ahli zady gul yaly etyadi, yone gaýynlar oz betpallerinden gaytmazdy... Bir gun Gulzada içerini daşaryny arassalap yorka gaýyn atasy gelni yanyna çagyrdy, ondan tompuçkan ustunde duran puly sorady... Gulzada hiç hili pul gormedignii aydyp ant içip awy yalasada ona ynanmazçylyk edip yaş gelniň elinden tutup süýräp gazyň yanyna eltdi we ýanyp duran oda eliniň aýasyny basdy..Gelin her näçe güýç bilen elini çekse-de gaýynatasy goybererli daldi....
" Indem bir zat yitsin şu öýden şonda eliňi däl tutuşlugna özüňi oda tutaryn "
" Men almadym ynanayyn men almadym..."gelin yurekagyrdyjy sesi bilen aglayardy. O barmana gapydan ayaly geldi . Oll bazardan gelyadi," Begençjan bir gowy edip tompuçkan üstünde pul goýup gidaypdir menem ine bazarlap gelyan." Gulzada içinin yangyjyna has beter aglap başlady ,gaýynatasy bolsa ona ýylgyrjykrap " Owarram almadyk bolsaň indi birdan almak hakda pikiriň bolsa-da tisginer durarsyn."
Beyle bela zalymlyk bolar eken ,bir günem gaýynene gonşulardan alan syza sübsesini kir yuvup oturan gelnin onune pyzalandyryp zynyp goyberdi. Pikire çümup oturan gelin gorkusyna zowwe yerinden galdy ..." Al howlyny syr aý yaly bolsun." ,
" Dayza bizde howlyny syrmak üçin subse bara" ...."Ol subsani elleme ana şon bilen syr, subse bara diyen bolup, ozun gazanç etyanda sen, mysalan gursyn bol bahym syryp çyk daşarlary."
Gelin edip oturan işini derrew dynyp süwsani eline alyp daşaryny syrmana başlady, yone ol gelnin elinin yanygna degip janyny alyp baryady... Yone muna garamazdan aglap aglap howlyny gul purkulen yaly etdi.... Yany bir bollum etdem velin, gayynata gelip ona mellekdaki yorunjany yygyp mallara bermegni tabşyrdy.... İne gelnin her guni şeydip janennem bolup geçyardi... Begenç işe ir dandandan gidip gije gelyadi, gelensonam ejesi bilen kakasyny diňlap Gulzada gahar edip oturyady. Gelin gurlemesin diyip iki garry ogullary gapydan girip girmanka Gulzadany yamanlap yere sokyadylar. Iki ay geçdi, gyzlaryndan bir oban içinde yaşap hiç habar hatyr eşitmeyan eje kaka Gulzadany gormane bardylar. İnede gyzlarna edilyan zuluma diri şaýat boldular....
Dowamy 4 nji bolum.
Ene ata gyzlarynyn agyr yagdayny ony ozleri bilen alyp gitmek islediler emma Gulzada muna garşy çykdy, ojagny taşlap gidip ayyrlyşyp geldi onuşmandyr diydiresi gelmedi. Yone her näçe çydajak bolsalaram zalym gayynlan gelne beryan ezýeti gutarmady.. Bir gunem Begenç işden geldigi ejesi aglamjyrap öňunden çykdy:
" Waýýý bagtym yatdyleeeey, waý garamanlay balameyyy söýüp saylap alanynam şul haramzadamyyy"
Begenç naman namedigine düşünman ank tank bolup durdy
" Eje namboldy nama aglayan kim haramzada düşündirda"
" Kim bolsun gelnin haramzada aytmayyn diysem halys bolmady, ne oy içera komegi bar ne beyleka iyip içip pytyradyyp yatyr, ustesinede azar yamanyny berya gecen gunem telefonda gurleşip duranyny gordum bir erkek bilen: "ökünyan diýýadi, şulara geljek däldim yone zorlap berdiler diýýadi, men entegem seni söýýän diýýadi..."
- Goý eje boldy.....
Begenç Gulzadadan beyle zatlara garaşanokdy, yone uzak gun işde bolansoň öýde bolp geçýän zatlardan habardyzdy, ejesinin yalan sozlemejegine ynanýardy diňe.... Gulzadany bolsa .... Ol indi oz söýguli gelnini şu pursatda yazgardy, ony dinlemegem islemedi we äkidip atasy oyne taşlap gaytdy. Biçare gelnin hiç zatdan habary yokdy..
Bir, iki, üç gun geçdi Begençden welin habar yokdy. Gelin gaýyn oyüne bardy, yone bu yerde ona yüz bolmady gaýtam: " Bigaýrat geläýipdir" diydiler. İndi zulum has agyrlaşdy, gelni uryadylar , ölümiň bäri yany etyadiler, mundan gonşularam habarlydy... Bir gun oban uly yaşulylarynyn biri Gulzadan atasy oyne geldi we ahli bolp geçýän zatlary gürrüň berip gyzlarynyň ölümini islemeýän bolsalar ony alyp gaytmaklarny aytdy.
Şeydip gelin atasy öýüne getirilidi. Bir gun Gulzadaň ejesi gyzynyň goşlarny alyp gaydaýyn diýip Gulzadan gayynlaryna bardy. Gudasy daşarda gezip yordi: " Hä name yalbarmana geldinmi ötunç sorajakmy " diýip içyakgyç güldi... Gyzyn ejesi gözüniň yaşyny syrykdyryp " Sen yaly doňýürekden ötünç soramak nire çagamyň goşuny almana geldim..."
-Nirde zady barmyş sen çagaň bar ugra şu ýerden bize gelip gyzyn gozi zada düşdi , yone goterinip bilmedi."
" Çaga şu çaka çenlä zada zar bolup yaşamady Hudaýa şükür sen bilen gidişip durmaga ýagdaýym ýok Biribaryň ozi göryändir ähli zady seni Hudaýa tabşyryan indem gyzymyň goşlaryny ber.."
" Hany yeke zat ellabilsen elle goreli bahym gumuny tap şu yerden yogsa hazir ozim gum etyan seni..."
Biçäre ene oz tiken ýorganyna yapyşanam şoldy , gaýynene gudasynyn elinden süýräp ony iteklap goyberdi: " Diydima men sana yeke zat ellap bilmersin şul öyden..."
" Ahhh şeylemi Allajan şu elim bilen tiken yorganym sen tabydyna yapynja bolawersun , gargynjym üçin Allajan geçirsin meni" diýip ene gapyny bat bilen yapyp çykyp gitdi.
Bu wakadan eyyam bir ay geçipdi. Gulzadan yagdayy agyrdy, kelebiň ujuny şeyle bir yitiripdi ona hazir dine bir kişi öz jorasy Leyli , leylin hoş sozi gerekdi. Leyli paytagtda yokary okuw jayynda okayardy... Ol bir gun rugsada geldi şonda ejesi Gulzadanyň duşen yagdayny ona gurrun berdi.... Leyli derrew oz jorasynynka gitdi... Gyzlar dertleşip aglaşyp kop oturdylar Leyli oz jorasyna göwunlik berdi. Şol gun bularyn klasdaş joralarnyn biri toy etyadi . Leyliň geliş sebabem şoldy, ol oz jorasyny alyp toya gitmek isledi..Gulzada hernäçe garşy bolsada ony geyindirip hamana hiç zat bolmadyk yaly toya alyp gitdi... Toýda Begenjem bardy. Ol şonda Gulzadany gorup ony bagryna basmak isledi emma bolup geçen zatlar aňynda aýlanyp durdy. Ol oz söwer ýarynyň gunäsizliginden habarsyzdy . Gulzada bolsa oz jorasynyn aydyşy yaly, ejesinin isleyşi yaly şol mundan öň geçen iki ay hiç bolmadyk yaly ozini alyp baryp bildi yone ýüregi welin gan aglaýardy....
Soňy.