gullnara_
30.06.2023 15:35
Puly nädip aňsat gazanylýar ýada gazanýarlar?
Soňky döwür pul gazanmak üçin şu gymmat döwürde herkim ýaryşa giren ýaly. Näme ýaşamak üçin pul gerek pul üçin ýa zähmet gerek ýada kelle gerek diýilşi ýaly meň hem haýran galan bir wakany başdan geçirdim.
Bilýänsiňiz köpçülik ýerlerde awtobus, poýez, bazar ýaly adamlaryň köpçülikleýin ýerlerine herhili gep gürrüňleri eşitmek bolýar... men hem awtobusta iki zenanyň gürleşip duran zatlaryna ünsümi çekip gulak gabardyp görsem hakykatdan hem adamlaryň akmaklygymy ýa şeýle zat barmy diýdim öz-özüme.
Nätanyş zenanyň ýanyndaka aýdyp berýär : saňa palçy gerekmi meň gowy bilýän palçym ba menem şoňa atdyrdym ýöne öýünde ýada başga ýerde däl telefon arkaly seň ykbalyňa seredip berýär diýende men has hem gyzyklandym.
Kim ol belli däl diñe bir bilgiçlik etmän adamlaryñ durmuşyny hem baglamagy ýada ýykmagy başaryp bilýär we şeýlelik bilen ol adamyñ telefon arkaly ykbaly “çözülýär”. Şeýle hem belli bahasy bar ilki telefonynyň hasabyna 30 manat geçireňsoň soň seredip berýärmiş. Meň göwnümden turmasa näme ýada bolmasa aldasa meni biderek pulyň gitýär olaram otyran ýerlerinden pully bolýalar.
Adamlaryñ ylmy taýdan pes derejede bolmaklary sebäpli bu kemçiliklerini herhili ýagdaýda ulanýan şahsyýetleriñ işi barha möwjäp barýar bularyñ uly bir bölegi palçylardan ybarat.
Palçylar bilim taýdan gowşak adamlary öz oýunlaryna sezewar etýäler. Olaryñ etýan işi käbir durmuşdan nägile bolan adamlaryñ pul taýdan kynçylyklara sezewar bolan adamlaryñ maşgala mesele bolan adamlaryñ ýene dürli meseleleri bolan jemgiýetiñ ruhy düşünjelerine we pikirlerine täsir etýär. Olaryñ bu edýän işleriniñ garşylygyny pul bilen ölçeýäler we esasanda kanuny ýoldan dälde eýsem bikanun ýoldan ýagny myş myşlary bilen öz atlaryny tanatýarlar.
Onsoñ hem egerde şular ýaly bir iki sany palçylaryñ çaklamalarynyñ bir iki sanysy dogry bolaýsadagy adamlaryñ dilenden düşmän beýleki adamlaryñ gulaguna çalynyp öz wezipelerinde meşhur bolýarlar.
Aňsat gazanç diýmelimi haram gazanç diýmelimi ýada kyn günde kellesini işletdi diýmelimi doly menä bilemok ýöne aňsat iş.
İndi dükan gözlap oňa pul tölap oturmaly däl. Özüňi harydyňy ýada işiňi tanatjak bolýaňmy tehnalogiýadan peydalanyp ony özlerine tarap ulanmagy başarýarlar. Şeýle hem aňsatlyk bilen bir elinde telefon bir elinde kofýasyny içip harydyny ýada öz işini reklama edip ýüzlerçe müşderini özüňe baglap bilýäň.

Palçy
Hamana bilýän dek, geljege garap,
Köne karty garyp atýar palyny,
Pikirleriñ beýan edýär jikme-jik,
Ine, onsañ ynanylmaz ýalymy?

Aslynda taşlanan gurra ynanyp,
Geljegimi gözlemändim palymda,
Ilki bäşlik zyñdym, soñ bolsa onluk,
Bu zatlar hiç...
Gyzyklanmañ ýanynda.

Garyşdyryp karty bakyp gözüme,
Ogluñ pylany bor, gyzyñ pylançy,
Ýylgyryp, ýanyndan turdumda gaýtdym,
"Basym öýlenýärsiñ" diýende palçy.

Remezan Mätgurbanow.
29
458
1980
15 Awgust 2023
Remezan Kyyas agamy bu
cekic
15 Awgust 2023
Palcydan peyda bolmaz
_enka
4 Iýul 2023
Men pikirimchede palchylara ynanmaly dalmika diyyen.
ayenesh
3 Iýul 2023
Salam hemma.Men oz pikrimi aytsam palcylara dalde beyik Allan manlayymyza yazan yazgydyna ynanyan ve şonun bn hem razylaşyan😊😊
2511
3 Iýul 2023
Palcy bu hudaydan one gecmek bolia iki barmak manlayna name yazylan bolsa sony gorersin alla hemme ymmatyna yeterlik rysgny bererin diyya ynanman ol palca
myrataly_
1 Iýul 2023
@guldesse, Shol guman etyan adamyn alypdyr😁
okayjy
30 Iýun 2023
@Guzela✔, Mätigurban. Gowy goşgylary bar ýöne kän ýazanok indi 🤔
okayjy
30 Iýun 2023
Remezan 🤔. Bilesigeljidäki Kyýas aga bolmaly şu 👍
myrataly_
30 Iýun 2023
@guldesse, Men bilyan nirdedigini😁
nuria
30 Iýun 2023
@guldesse, yitiren zadyny tapmana genjelem gidyaler.ai pallam bolma palsyzam diyipdirler.gaty bir ozuma ynanamok sona.Alla saklasyn.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.