gullnara_
10.07.2023 00:07
Adamlaryň häsiýeti täleynama boyunça...
Hamal (Guzy 21.03-20.04)
Hamallaryň esasy aýratylyklary olaryň dostlukly bolmaklarydyr. Olar öz söýgüsini bagryna basmak arkaly geçirýärler. Olar öz ýüregindäki bar söýgüsini şol kişa siňdirýärler we bu şübhesiz hakykat bolup durýar.

Sowur ( Öküzçe 21.04-20.05)

Sowurlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň pähim-paýhasly bolmagydyr. Olar daşyndan sada görünselerde baýguş kimin syn edýärler. Bu ýyldyzda doglanlar örän asuda hem pikire batyjy bolýarlar.

Jöwza ( Ekizler 21.05-21.06)

Jöwzalaryň esasy ukyby olaryň çyn ýürekden söýüp bilmegidir. Eger olar birini gowy görseler olar ony ruhynyň her bir bölegi bilen gowy görýärler. Olary sylaýarlar we olar hakynda alada edýärler. Jöwzalaryň durmuşynyň bölegi bolan her bir adam özüni aýratyn hasaplaýar.

Seretan ( Leňňeç 22.06-22.07)

Seretanlaryň wajyp tarapy olaryň gaýduwsyzlygydyr. Olara edilen dönikliklere garamazdan olar öz duýgularynyň yzydan gitmek üçin ýeterlik derejede batyrdyrlar.

Eset ( Ýolbars 23.07-23.08)

Esetler hakykatçyldyrlar. Olar adamlara öwgi sözlerini aýdyp ýaranjaňlyk etmeýärler. Olar üns merkezinde bolmakdan has-da ýokary zatlara mynasypdyrlar.

Sünbüle ( Gyz 24.08-23.09)

Bu ýyldyzyň astynda doglanlar özüniň mähirliligi bilen tapawutlaýar. Biz olara ýyldyzlaryň arasynda iň mähirliler diýsek hem ýalňyşmarys. Sünbüleler tankyt edip bilmegine garamazdan, has köp diňlemegi makul bilýärler.

Mizan ( Terezi 24.09-23.10)

Mizanlar beýleki ýyldyzlara garanyňda has kaşaňdyrlar. Olar öz hereketlerini görmegeý hem owadan ýerine ýetirýärler. Olaryň duýgurlyk derejesi esasynda olar dürli ýagdaýlarda nähili alyp barmalydygyny bilýärler. Olar öz ýylgyryşyny daş-töwerege paýlaýarlar.

Akrap ( Içýan 24.10-22.11)

Emosional akraplar dürli duýgyny başdan geçirýärler. Olar öz söýgüsini, aladalylygyny daş-töwerege bildirmeýärler. Onuň içki düýäsindäki bolup geçýän duýgulary onuň durmuşynyň iň wajyp adamy biler.

Kowus (Keman 23.11-21.12)

Kowuslaryň näme gowy görýändikleri iň bir çylşyrymly zatlaryň biridir. Olaryň durmuşy erkin hem-de garaşsyz bolmakdan ybarat bolup durýar. Maşgala kowuslara iň wajypdyr. Egerde kimdir biri kowuslaryň ýüregine giren bolsa olar şol ýerde baky galýarlar.

Jedi ( Owlak 22.12-20.01)

Bu ýyldyzda doglanlar özüniň rehimliligi bilen tapawutlanýarlar. Hakykaty aýtsak olar hemme zady gowy etmek isleýärler. Hatda olar adamlar bilen gürleşende hem has rehimli, açyk hem mylakatly bolýarlar.

Daluw ( Gowa 21.01-20.02)

Daluwlar suratçydyrlar. Ýöne beýle diýildigi olaryň surat çekýändiklerini aňlatmaýar. Olaryň aň-düşünjeleriniň özi bir sungatyň bölegi bolup durýar. Daluwlaryň dünýäni tutyşlygyna ýa-da bölekleýin görýändigine garamazdan, olar eden işlerini döredijilikli edýärler.

Hut ( Balyk 21.02-20.03)

Hutlaryň esasy aýratynlygy olaryň dogruçyllygydyr. Olar öz ýakynlaryna hakykatyň nähilidigine garamazdan göni aýtmagy makul bilýärler. Käwagtlar adamlar olaryň jogaplaryny hakykat dälde olary köşeşdirmek üçin aýdylan sözdür diýip pikir edýärler.
18
304
gullnara_
09.07.2023 14:50
Öýe gelip gyza jaň etdim, gyz, \"McM, boldy indi bes, sen şu gödek häsiýetiňi düzedýänçäň seň bilen görüşjek däl, näme bolsa görüberýäris\" diýdi. Geň galdym, hiç zat diýip bilmedim. Gyzyň çynydy, ilkinji gezek beýle çynyrgapdy.
Men gedemlik etsemem, gyzy isleýärdim. Ýaraşasyn gelip ölüp barýardym, gyz, elimden gidip barýan ýalydy. Äsgermezlik diýmäýin, ýöne gadyrbilmezlik edipdim. Öňler sögüşsegem jaň ederdi, indi men jaň etmesem edenokdy, asyl men etmesem jaňam edenokdy, trubkany alaýsa-da gysga wagtda trubkany goýýardy. 1-2 gün geçdi, pikirlendim. Meňki nädogrydy. Gyz bilen görüşmesegem, kynlyk bilenem bolsa her gün diýen ýaly telefonda gürleşýärdik. Öňkiligi ýokdy gyzyň, menden erbet gaty göripdi. Elbetde suw we baklaşka üçin gaty görmändi, meniň gödekligim ýüregini agyrdypdy, nätsinda gyz, sabyr kásesi dolupdy. Men, häsiýetimi üýtgetmani ýüregime düwdim.
Jigim, seret, ÿalňyş düşünme, gyz üçin bolsa-da, gödeklik, gyzmalyk ýaly erbet gylyk-häsiýetlerim bardy, meň maksadym, şolary azajyk göz astyna almaklykdy. Yogsa, gyz üçin özümi bütünleyin üýtgedeýin diýen niyetim yokdy, dine, gödek hasiyetlerime serenjam bermek, göz astyna almak. Nädip almaly? Özime nähili terapiýa etmeli?
Dokumentalnyý kino görüp göz astyna almakçy boldum. Bolar ýaly däl. Nâmãñ dokumentalnyý kinosyny görjek diýsene. Maýmynlar? Maýmynlaň nämesini görjek? İň gowy görýän haýwanym jüýje. Jüýjäň nãhili dokumentalnysy bolsun? Jüýje, iým iýýár, ýerde togalanyp oýnaýar, tezekleýär. Nämäň dokumentalnysy? Goýbolsun etdim.
Soň, gyza sýurpriz etsem meni bagyşlar diýen netija geldim.. Gyzyň çagaka okan bir kitaby bardy, soň şol kitaby tapmandyr, biri alyp gidip getirmändirmi nämemi. Maňa näçe diýipdi, şol kitaby tapyp beräÿdä diýip. Gabat gelmedim menem, dogrymy aýtsam köp gözlemedimem. Ana şol kitaby tapyp bereýin, begener, göwnini taparyn diýdim. Öýde 600-den gowrak kitap, 50-ä golaý çagalar üçin kitap bardy. Gözledim, tapmadym. Dost oglana ýüz tutdym. Dost oglanyň kakasam mugallym, nirede nähili kitap görse alýar. 2000-den gowrak kitaplary barmyş. Dost oglan gözledi-agtardy, iň soňunda şol kitaby getirdi. Getirdi getirmesine welin, kitabyň ýarysy ýok. Sahypalar däl, kitabyň ýarysy ýok. Ýanypdyr. Näme etjek, gülseň bolanoook, aglasaň bolanoook.
Aldym kitaby, dost oglana sagbolsun aýdyp ugratdym. Gyza jaň edip, saňa aýtjak goýjaklarym bar, diýdim. \"Telefonda aýdyber\" diýdi. \"Bolmaz, gel öňki ýere\" diýdim. Gyz göwnemese-de geldi,  \"Bol aýt aýtjak zadyňy, meň wagtym ýok, gaýtjak\" diýdi. Paketden kitaby çykaryp gyza uzatdym. Gyz gözine ýaş aýlap \" İne McM, sen şu yarty kitaba düşünişiň ýaly yarym düşünýäň maňa\" diýip, ilki bilen ÿarysy ÿanan kitaba seretdi, soňam maňa seredip çalaja ýylgyrdy, aýasy bilen gözýaşlaryny süpürdi. İň soňky gezek...
Kitap, günüň doguşyny her gün irden günbatara seredip synlajak bolýan kör gyzjagaz baradamyşyn...

soňy.
çeşme:internet
26
287
gullnara_
09.07.2023 11:55
Gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek
Ýatlama
Gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek näme bilýäňmi jigim, aýdyp bereýinmi? Gel otur, gürrüň bereýin, belki saňa-da sapak bolar, soň, men ýaly puşman bolmarsyň. Ýöne akyllyja bolup diňle, eliňi burnuňdan aýyr, hehehe.
Obada zatda pejiň üstine kitir goýýandyrlar, elmydama pejiň üstinde durandyr. Çaý demlejek wagtyň ýa hamyr eden wagtlary gerek bolanda ana saňa taýyn gyzgyn suw. "McM, pejiň üstindäki kitiri getirsene balam, çaý demläýin." Wah mama jan, getireýin welin, tutar ýaly däla, sapam demirden muň, niresinden tutaýyn, mata-marlygam ýok? Ana, gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek, şol gyzgyn kitiriň sapyndan mata-marlyksyz tutyp mamaňa äkitmekdenem kyn.
İne, tema girip başlaýarys indi, göni otur jigim, gyşarmanjyk.
Käwagt, ýer ýüzünde, halaşan hemme gyzlary bilen durmuş gurmak barada pikir eden diňe menmikäm diýýärin. Durmuş gurmak bolmasa-da, 1-2 ýyl soňrasynyň planlaryny gurdym. Mysal üçin, häzirki gürrüň berjek gyzym bilen bir sebäp bilen sögüşip 1 aý ýaly gürleşmän gezipdik. Meň pikirimçe gyz günäkärdi, ötünç sorap göwnümi tapmasa ýaraşjak däldim. Şol wagtlar, tanyş gyzlarymyň biri maňa bir gyzyň nomerini beripdi. Jaň edip gürleşip başladyk, 10-15 gün hiç görüşmesegem telefonda gürleşdik. Gyzy uzagrakdan tanaýan, gyzyň kakasy göçüp-gonmaly işde işleýär. 1 ýyl soň nirä diýseler şoňa gitmeli, gyzam 1 ýyl soň görüp biljegim gümana, şonda-da gyza "Biziň bu ýagdaýymyz niçik bolar? Siz gitseňiz soň nädip görşeris? Men erbet gynanaryn:((" diýýärin. Gyzyň göwni bir ýaly, "Aý hawa, görşüp bilmeris, 1 ýyl söýüşenimiz söýüşenimiz, soň biri-birimizi görmeris " diýýär.
Meň kelläm entägem sögüşli gyzymda, ýaraşmazlygym hem ahmal welin, ýaraşaýmagym gaty ahmal. Şonda-da bu gyz hakynda bir zatlar planlaýaryn, iň azyndan gyza erbet göz bilen garamok, söýüşip taşlaýyn diýemok, ýöne gyzyň diýýãnlerine bir seret?
 Gürrüñ berjek gyzym bilen bile orta mekdebi gutardyk. Ol orta mekdepden soň, zehinlem bolsa, ýokary okuw jaýyna höwesem etmedi diýseň boljak, tikin-çatyn bilen meşgullanýardy we tikin-çatyny gowy görýärdi. Men, ýokary okuw jaýyna ýerleşmek isleýärdim. Orta mekdep gutaransoň, indi öňkiler ýaly kän görüşibem bilemzokdyk. Aglaba, telefonda gürleşýardik ýa-da hepde-de 1 gezek görüşýärdik. Gyz, owadan gyz, gabanýan elbetde, kän görüşip bilmeýänimize-de janym ýanýar, gyza bolgusyz ýere azar berýärdim. Telefonyň trubkasyny sähel giç galdyrsa it ýaly ýüzüni alýardym, daşary çyksa "Pylan sagatda öýde bol" diýip wagt berýärdim. Wagtynda trubkany almasa 2 günläp jañ edemokdym, ol jaň etse-de men trubkany almaýardym. Garaz, gyz 19 ýaşynda ýetginjek bilen halaşýarmy ýa 9 ýaşyndaky öýkelek çaga bilen halaşýarmy biler ýaly däldi.
Soň, men ýokary okuw jaýyna girdim. Ýokary okuw jaýyna giripsiň, tañ edipsiñ, sen gelejekdäki ýokary bilimli raýat kanditaty, azajyk düşbiräk bol, şeýle dälmi? Bolmadym. Bolup bilmedim. Okuw sebäpli indi gyz bilen görüşmegimiz hasam kynlaşdy. Gyza hasam beter yrsarap ugradym. Gyzyň 1-sany jynym almaýan goňşy gyzy bardy, şonun bilen gürleşme diýýärdim. Gyz, goňşylary bilen öňkileri ýaly gürleşmän başlady. Gyz, toýa-poýa gidäýse, wagtynda gelmese däliräp bolmajy bolýardym. Bir gezek, gowy görüşýän garyndaş gyzynyň toýundan men diýenim üçin maşgalasyndan öň sagat 8-de gaýtdy. Men bolsa, trubkany 15 minut gija galyp galdyrdy diýip bolmajy boldum...
Günler geçýärdi, meniň gabanjaňlygym, pohiýijiligim bolsa egsilmeýärdi. Gyz, "Esasy zat ikimiz McM" diýip hemme zada geçirimlilik edýärdi. Men bolsa hamana gyz, menden başga hiç kime gitmez, men näme diýsem edäýjek ýaly hereket edýärdim.
Jigim diňle, käbirimiziň iň ýalňyşýan zatlarynyñ biri hem şeýle düşünje. "Aý, menden gidip bilmez, nätse-de ýene maňa kaýyl bolar."  Käbirimiz , gyzy yrmankak şeýle intelligent, şeýle sypaýyçylykly. Gyzy yryp öwrenşemizsoň bolsa...İň azyndan özüme jogap bereýin, men şeýledim öň. Saña-da maslahat jigim, şu ýalňyşy goýberme senem. Akylly bol. Köwşüñi çykardyñmaý, jorabyñ ysy gelýâr. Geý köwşüňi.
İýul aýynda gyzyň doglan güni bardy. Men samsyk, name sebäp boldy bilemok, (sebãbem ýokdurla, şol günem gyz bilen telefonda gürleşipdik) gyzyň doglan günini ýatdan çykarypdyryn. Ertesi güni gyz kakdyryp ýatlady, men ýene samsyklyga saldym. Hemme zada geçirimlilik edýän gyz, bu gezek geçirimlilik etmedi. İlkinji gezek meň bilen deň bolup gygyryşdy. Geň galypdym. İndiki duşuşykda sowgadyny aldym. Maňa näme diýdi, bilýäňmi jigim, "Maňa sowgat gerek däl, sen gerek. Ýöne sen meni öňkiler ýaly söýeñok. Doglan günimi hem men ýatladýaryn. Birje gül alyp berseň meniň göwnim açylardy, heme zady ýatdan çykarardym. Näme bolýa saña McM? Özüñe gel, men okuw wagtlarymyzdaky şadyýan McM-i isleýärin."
Şu wakadan soň, gyzam her wakada meň bilen sanaşyp başlady. Sabyr käsesi püre-pür bolandyrda. Sähel zat üçin sögüşýärdik. Oňem sögüşerdik welin, bu gezek başgaçady. Men jaň etmesem gyz jaň etmeýârdi. Samsyk, agzybirje bolsana.
Ýene bir gün, şäherde duşuşdyk. Oturdyk, gürleşdik, iýip-içdik. Gider wagt boldy. Taksa münip öýleriniň bärräginde düşip ýöräp başladyk. Öýlerini bärräginde kommerçeskiý bardy, howa yssy, menem suwsadym. Kommerçeskiý-den 1 baklaşka suw alyp bokurdakdan goýberdim. Şeýle bir suwsapdyryn, gyzyň "Menem bir owurt alaýaýyn" diýenini eşitmän galypdyryn. Sygyry emýän göle ýaly suw içýärdim, bokurdagymdan, köýnegimden suw akýardy. Suwy içip bolup baklaşkany boşaňkyrladym. Gyza seretdim, maňa aýylganç seredýárdi. Nähili diýsemkäm, nähili suratlandyrjagymy bilemok. Eger Leonardo da Vinci şol pursady gören bolsady, Mona Lisa bilen bäsleşip biljek täze bir eser dörederdi; “Egoizm we gödekligiň doguşy.”
Men, hiç zat bolmadyk ýaly boşap barýan baklaşkany uzatdym, "Al içseň..."
Gyz hiç zat diýmãn gaty-gaty ýörâp öýüne gitdi.

dowamy bar...
29
213
gullnara_
08.07.2023 18:22
Teatr  Degişme
Orta mekdebi gutaran ýylymyz, maýyñ ortalaryna, klas ýolbaşçymyz we şol sanda himiýa mugallymymyz, 9-njy we 10-njy klaslar arasynda oýyn (teatr) basleşigi boljakdygyny, şol básleşikde ýeñiji bolan klasyñ etrapda gurnaljak oýun bâsleşigine gatnaşjakdygyny aýtdy. 9-njylarda 4, 10-njylarda-da 4 klas bar, jemi 8 klas gatnaşmalymyş. Klaskoma oýunda oýnajaklary saýla diýdi. Klaskom oýnajaklary saýlady, menem baryn aralarynda. Şunça "ýok men oýnamaýyn, utanaryn" diýsemem diñlemediler. "Repetissiýa bahanasy bilen sapaklara-da girmeris ehe ehe" diýip kabul etdim. Men, il-güniñ deregine ýarap ýören garry ýaşuly rolynda oýnamalydym. Ssenariýa-da bolgusyz ssenariýa, mugallymyñ özi çyrşapdyr. (Kisloroda "gizlorod", myşşýaga "myşşak" diýýãn himiýa mugallymdan ullakan zada-da garaşmaly dál aslyýetinde) Şonda-da biz gowy taýÿarlandyk, gyzlar öz makiaj serişdeleri bilen hemmãmizi reñklãp çykdylar, Golliwud-yñ aktýorlaryndan kem galar ÿaly dãl tüweleme. Meñ saçyma-da agarsyn diýip pudr sepdiler, gözlerimiñ aşagyny gara galam bilen garaladylar, garaz 17 ýaşyndaky çagany 77 ýaşyndaky ýaşula öwürdiler. Aýnada özümi görkezdiler, mãhriban, ýardam söýüji ýaşula beýlede dursun, arwah ýaly bir zat bolupdyryn, şol bolşuma öýe barsam, ejemem tanamaz, Lord of the Ring-de Frodo-nyñ yzyna düşüp ýören Gollum ýaly bir zat bolupdyryn. Ýadygârlik bolsun diýip şol bolşumyz bilen surata-da düşipdik. Suratda, meñ dişimiñ reñki ýaşyl, çynymy aýdýan. Nâdip ýaşyl boldy bilemok, ýa narkoz berip agzyma nas dykdylarmy ýa orurtma diş dakdylarmy bilemok. Òñemã sypatym ýok welin, işimi gördüler. "Aý, oýun üçinle, herkime-de makiaj etdilera" diýip ynjaltdylar. Menem derrew Mollanepes teatrda çykyş edýân ussat artist ýaly duýup ugradym özümi, roluma girdim ;
-Adamlar, eziz adamlar! Men teatr sahnasynda, oýun oýnap durkam ölmek isleýârin!! Eger men ölãýsem meni Mollanepes teatrynyñ podwalyna gömüñ!! Wesýet edÿárin!
Birnâçe gezek repetissiýa geçdik klasda. (Göz öñüñize getiriñ, adaty günlerde "bliiin, meñ galstugymy haýsy  **** aldaý? Almaňow, **** alsaňyzam çözmäň, goňşa ýalbaryp täzeden daňdyrýan men ony" diýip agzyña gelenini sögüp ýören klasdaş oglanlaryñyzyñ öñùnde "Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi taşlamasañyz we gelniñize azar berãýseñiz, onda biz gatyrganyşmaly bolarys" diýip, mâhriban, ýardam söýüji ýaşuly rolunda oýnaýarsyñ)
Básleşik güni ýetip geldi, básleşik mekdebiñ sport zalynda. Eşik çalşylýan ýerde garaşyp otyrys gezegimize. Hemme zat gurnalan, 5 sany jýuri bar, hemme zada şolar baha berýârler. Mekdebiñ direktory, iki sany zawoç hem jýurileriñ arasynda, iñ öñde otyrlar jýuriler. Oýun oýnaljak sahnañ gyrasynda-da "dj" bar, oýunda gerek bolýan muzykalary ol organizowat edýâr. Kassetany berýârler, kimiñ oýuny başlasa her klasdan biri durýar, kassetany goýmaly ýerinde kassetany goýup muzykany berýâr.
Meñ sahnamam oýunyñ iñ soñragynda. Nâhili diýsene: Meniñ oglum bir edarañ başlygy. Menem oglumyñ ýanyna barýaryn. Gapy açyk, ýöne sekretarşa meniñ gelenimi görenok. Soñ, edil şol wagt sekretarşa adamsyndan telefon gelýâr. (Şol wagt, dj play-e basmaly, telefonyñ sesi üçin) Sekretarşa trubkany galdyryp gürleşip başlaýar. Telefonda adamsy bilen gohlaşýar, sebãbi adamsy köp içýâr. Aglap, trubkany goýýar. Ana, şol wagtam men "Gyzym, seniñ zeýrenişiñi eşitdim. Men saña kömek ederin" diýip tãzeden sekretarşañ adamsyna jañ edýârin. Oña "Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi taşlamasañyz we gelniñize azar berseñiz, onda siziñ bilen gatyrganyşmaly bolarys" diýip kâýýãn bolÿan. Soñam trubkany goýup "Keýigim, indi aglama, ol hiç haçan arak içmejekdigine maña söz berdi" diýip 20 ýyllyk alkaşa 1 sözlem bilen aragy goýdurýaryn. (20 ýyllyk alkaş seni diñlârmi diýsene, tananok edenok, señ 1 sözlemiñ bilen aragy goýýar, şeýlemi? Ssenariýa bolgusyz diýip duýdurypdym)
Biziñ gezegimiz geldi, meñem sahna girmeli gezegim gelip ýetdi. Men, güpür-tapyr ylgap sahna geldim. Gelenimem şoldy welin, DJ dutaryñ sesini goýberdi. Menem geñ galdym, biziñ oýnumyzda dutar ýoga, men giren wagtym telefonyñ sesi gelmeli diýýân.
Ýalñyş kasseta goýupdyrlar. Soñ, DJ hem ýalñyş kasseta goýanyny bilip dutarly muzykany saklady. Ýöne henizem telefonyñ sesi gelenok. Aý, garaşyp öldüm, telefon dagy gelâýenok. Şol wagt, daşyndan seretseñ, il-güniñ deregine ÿarap ýören ýaşula dálde, eýsem, elini jübisine sokup, ýaşajyk gelini kesesinden synlap duran golodnyý ýaşula meñzeýãn. Sekretarşa gyzam ýadandyrda garaşyp, agzyndan "jyrrrrr,jyrrrrr" diýip ses çykardy. Meñ bir gülkim tutdy, birden wahahaýlap gülüp başladym. Oýun, básleşik, direktor, jýuri, hiçzat barada pikir edemok, jak-jaklap gülýãn. Gyzam saklanyp bilmedi, olam gülüp başlady. Biri-birimize seredip dâli ÿaly gülýáris. Tomaşaçylar hiç zada düşünenok, oýun şeýlemikâ diýýârler, zal dym-dyrslyk, diñe ikimiz gülýáris. Soñ, köşeşdik azajyk, men sekretarşa göwünlik berdim. Adamsy  şol minutda aragy goýdy. Há, soñ, sekretarşa maña sagbolsun aýdyp "Sag boluñ, minnetdar" diýip meni gujaklamaly. Sekretarşa meni gujaklan wagty yzrakda oturan 2-3 sany tomaşaçy güldi. Gülkiñ tutyp durka biri gülse señem gülkiñ tutýar. Men öñem zordan saklanyp duryn, sekretarşany gujaklap gülüp başladym, sekretarşada meni gujaklap gülýár. Garaz, oýunyñ işini gördik, iñ soñunjy orny eýeledik. Oýun gutardy, men klas ýolbaşçymyz göráýmesin diýip ýüzime gara maska dakdym,eşik çalşylýan otagyñ ápişgesinden ÿüp oklap ýüpden syrygyp gaçdym.

çeşme: internet
33
389
gullnara_
08.07.2023 15:46
Şu gün näme üçindir sen ýadyma düşdüñ. Men seni unutdym ahyry, seni unutjagyma söz beripdim-ä men. Näme üçin seni ýatlaýan?!
Näme üçin ähli zat seni ýatladýar?! Hat-da, ýolda ejesine doñdurma alyp ber diýip azar berýän çagajyk hem seni ýatlatýar. Mana "näzijek çaga sen" diýen sözüñ ýadymda. Şol günleri ýatladym, senli günleri... Bu gün seni ýatladym... Şu gün göni bir ýyl bolýar, sensiz ýaşap ýörenime...
Men saňa  jaň etjek bolýan,sms yazjak bolýan ýazýan, ýazanymy pozýan.Saňa aýdasym gelyär, seni nähili küýseyänimi  aýdasym gelyär, emma seniň indi özge ýaryň bardygy, sen indi özgäňkiligin meni saklaýar.Men hemme zada taýýar. GYZ başymy aşak egip özüm Maňa dolan diyesim gelyar ,yone indi gic...Gic...
Goý bu, wagtlaýyn bolan bolsa-da bu söýgi boldy, we diňe MENIŇKI boldy! Bu ýatlamany hiç kim menden alyp bilmez.
Goý, meniň sen hakda bolan pikirlerim ýüregimde doňup galsyn, indi hiç haçan seniň gara gözleriňi görmesemem, indi hiç haçan seniň mana bolan mähriňi duýmasamam — Men şonda-da seni söýerin! Seni hiç kim, hiç haçan, men seni söýşüm ýaly, söýüp bilmez! Ýöne, sen meniň seni nähili söýüşimi bilip ýetişmediň. İndi hiç haçan bilmersiňem. Biz aýrylyşdyk, ikimizem bir-birimizi hiç zatda günäkerlemedik. Ýöne, biz bir-birimize köp zatlary aýdyp ýetişmedik. Sen meniň bilen bolmasaňda-da, men saňa, durmuşda BAGT dileýän. Men ýer ýüzünde hemme kişiden beter diňe seni söýerin!
Toý tutýaň özge bilen,
Ýykdyň beren sözüňi.
Hoşlaşyp, soňky gezek,
Göreýin gül ýüzüňi.
Şoň üçinem toý güni,
Toýuňa çagyr meni.
Durmasam-da ýanyňda,
Daşdan synlaýyn seni.
Çyn söýgümiň yşgynda,
Gezdim seni gerekläp.
Sen mamlamy, men mamla,
Şaýatdyr ak derekler.
Şaýatdyr Aýly agşam.
Şaýat şabat gijesi.
Bagtly bolsun şol gözel,
Çykan bolsa bijesi.
Ýöne welin toý güni
Toýuňa çagyr meni.
Durmasam-da ýanyňda,
Çetden synlaýyn seni.
Boşap galýar giň dünýäm,
Şony oglan, bilip git.
Gelnaljyň ýany bilen,
Meň ýüregmem alyp git.
Täze öýüñ guwanjy,
Şol gyzyň bagty, oglan.
Nirde ömür sürseň-de,
Ýoluň bolsun ýagty, oglan.
Ýöne welin, toý güni
Toýuňa çagyr meni,
Durmasam-da ýanyňda,
Daşdan synlaýyn seni...
21
58
gullnara_
07.07.2023 21:36
Bu gun adaty bir gun boldy. Işe gidip baryakam, yolda bir tanyşyma duş geldim. Saglyk--amanlyk soraşdyk.... birdenem ol maňa geçmişimi yatlatdy, özüniň entagem meni sorap, meniň durmuşym bilen gyzyklanyanyny aytdy...yeri, men name diyeyin?!... Bir wagt gownümi oldüren, bagtly bolmak umydymy üzen adama men näme diyeyin?!... Gürrüň gutardy...Men öz yolum bilen gidiberdim....belki ynanmarsyň, yöne sen hakdaky gürrüňler meni birje gezegem gyzyklandyrmady...
33
473
gullnara_
07.07.2023 10:57
Garaşylmadyk bagt (bolan waka)

Söýgi hekaýajyklaryny her gije, ýatynça okap ýören Aýna, şol wakalaryň içine girip gidenini duýmaýardy.
Ol söýgi hekaýalarny, durmyşy wakalary okamagy gaty gowy görýärdi.
Her bir gelýän gazet, žurnallaryň ilki bilen iň soňky sahypasyndaky söýgi hekaýalaryn okamak üçin howlukýardy.
Her dördünji gün radioda berilýän aýdym sazly söýgi oýunyny sypdyrman diňleýärdi.
Ol öz synpdaşlary  ýaly ýokary okuw jaýyna girip okamak ýa synanyşyp bagtyny barlamak hatda arzuwynda-da ýokdy.
Ol yokary okuw jaýyna girmek üçin ummasyz puluň güýji bilen geçip gelýäler diýip düşünerdi
Maňlaý, nesibe diýen zada asylha ynanmazdy
Aýna orta mekdebi gutaryp şäherdäki kakasynyň aýal doganynyň öýine gezmäge gitdi. Aýal dogany jigisiniň kitaplara bolan höwesini görüp yokary okuw jaýyna synanyşmaýanyna gynandy we bir gün ol:
—Aýna, sen bizde bol, ýanymyzdaky mugallymçylyk instituty hem daş däl, sen şonyň edebiýat fakultetinine dokumentleriň tabşyr, ýa pelek Alla biziňkilik bolaýadyda. Kakaňa özüm aýdaryn-diýdi
-Ejeke men taýýar däl ahyry diýdi
-Taýýarlanmaga wagt bar, özüňe ynan hemme zat gowy bolar:- diýdi
Şol günden soň taýýarlanyp ilkinji synaga gorkup-gorkup girdi
Bärde zehinli oglan-gyzlary görüp, öz mekdebiniň gyz oglanlarynyň synaşmaga gelmediklerine gynandy
Şunça oglan gyzyň içinde ýekeje öz okan mekdebiniň ne oglanyna ne-de gyzyna gözi düşmedi
Birinji synagda onyň gapdaljygynda Guşgydan bir gyz oturdy. Ol gyz çalasyndan gaty çalasyn hereket edip alyp yolyp barýardy.
Ekzamen alyp oturan mugallym bir sebäp bilen daş çykanda, ol gyz Aýna:
-Kagyzyň ýüzüne seredip oturma uzat bärik diýip öz biletini Aýna berdide, onyňkyny özi aldy. Mugallym içeri girýänçä ony işläp Aýna berdi. Mugallym gelen dessine ol gyz taýýar men diýip biletiniň soraglaryna jogap berip çykyp gitdi
Aýna ne ony tanady ne-de adyny sorady. Soramaga wagt hem ýokdy
Birinji synagyndan üstünlikli geçdi
Ikinji üçinji synaglary hem Allajanyň gudraty bilen öz bilýänje soraglary düşdi
Ekzamen dosgasynda öz adyny okanda Aýna hiç hili gözüne ynanmady, seredip durdy, seredip durdy, gaýtalap gaýtalap okady.
Ol barmana:
— a gyz jora bizem okaly diýip bir tanyş gyzyň sesine yzyna öwrülenini duýman galdy
Yzyna seretse şol synagda kömek eden gyz ýylgyryp durdy. Ol Aýnany gujaklap:
—Uraaaa talyp bolduk-diýip gujaklady
Aýna ol gyzy gujaklap hem aglaýardy hem-de ýylgyrýardy
Ol gyzyň eden kömegi bolmasa häzir Aýna bu ýerde durmazdy. Talyp diýen belent ada mynasyp bolmazdy, sebäbi şol birinji synagdaky iki soragy Aýna bilmän durdy, hiç ýadyna salyp bilmedi, ol soraglaryň jogabyny bilýärdi, howsalaly bolansoň ýöne ýadyna düşürip bilmedi
Aýna göz ýaşyn süpürüp:
-Men Aýna Änew şäherçesinden
-Men Gülaýym Guşgudan ýagny Serhetabatdan  Indi ikimiz hem bir fakultetiniň talyby boldyk jora bolarys-diýdi
Aýna ýylgyrdy we Gülaýym bilen umumy ene atalar ýygnak geçiriljek zala ýörediler...
Awtordan :
Gutlaýan Aýna, Gülaýym
Okuwňyzda uly üstünlikler, janyňyz sag bolup, abraý bilen bilen sag aman dynyp, iliň güniň halaýan ýokary kategoriýaly mugallymlaryň hatarynda adyňyz tutulsyn.
38
334
gullnara_
06.07.2023 16:27
Hasan Basry Hezretleriniň ýanyna bir adam gelýär. Olaryň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär:
– Pylany sen barada şeýle-şeýle ýakymsyz zatlar aýtdy.
– Haçan?
– Şu gün.
– Nirede?
– Öýünde.
– Onuň öýünde näme ed­ýärdiň?
– Şüweleň bardy, şonuň üçin barypdym.
– O ýerde näme iýdiň?
– Şuny-şuny… Aý, garaz, sekiz dürli naharyň hemme­sinden iýdim.
Mundan soňra Beýik ymam:
– Bäh-eý, sekiz dürli nahary garnyňa sygdyrdyň-da, bu sözi içiňde saklap bilmediňmi? Tur git ýanymdan – diýip, ol ara­bozary öz ýanyndan kowýar.
29
104
gullnara_
06.07.2023 12:06
Horaz
Günlerde bir gün bir horaz özüniň gündelik endigini edip, säher bilen gygyrypdyr welin, onuň sesine eýesi biynjalyk bolupdyr. Eýesi horaza:
– Sen-ä walla, her gün gygyryp halys ýürege düşdüň. Eger ýene bir gezek şeýdip gygyraýsaň, diliňi ýeňsäňden çekerin! – diýipdir.
Bu sözler horazyň ýüregine ok bolup degipdir. Şeýle-de bolsa, heniz janyndan irmändigi üçin, ol gygyrmagyny bes edipdir. Öz ýanyndan: «Ýeke men gygyrmanym bilen hiç zat bolasy ýok, başga-da gygyrýan horaz kän ahyry» diýip pikir edipdir.
Belli bir wagtdan soň, eýesi ýene horazyň ýanyna gelip, oňa:
– Eger towuklar ýaly käkelemeseň, ýoguňa ýanaryn – diýipdir.
Horaz indi özüni hasam namysyna deglen hasap edipdir. Ýöne şonda-da eýesinden gorkusyna käkelemäge başlapdyr. Garaz, janyny halas edipdir.
Aradan biraz wagt geçenden soň, eýesi ýene gelip, oňa şeýle diýipdir:
–  Sen hiç zada ýaraňok. Eger towuklar ýaly ýumurtgalamasaň, damagyňy çalaryn!
Horaz näme etjegini bilmän, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp:
– Wah, horazlar deýin gygyryp ölen bolsam bolmaýardymy?! – diýipdir.

Meselelere çemeleşilende gorky. Belli bir karara gelnende gorky. Dogry bir işi berjaý etmeli bolanda gorky. Gorky – ýan bermekdir. Mertlik – özüňi elden bermezlikdir. Mertlik – özüňi ýitirmezlikdir.
25
210
gullnara_
05.07.2023 09:52
Köp oglanlar,, maňa sadaja gyz gerek!"diýýäler. Bägülleriň içinden hiç kimem çopantelpegi sayýap almaz.
Ýöne "copantelpegiň" müň  derdiň dermanydygyny bilýärmisiňiz!!!!!!! Bilmeýän bolsaňyz onda çopantelpegi saýlaň 🌼 😊👍
Oglanlar siz akylly gyzlar gaty az diyyaniz. Ebetde az, sebäbi akylly gyzlaryňam şeylebir ynamyna girip olara özüňizi söyduryaniz, yöne siziň pikirinizde akylly gyzlary söymek ýok-da adyny garalamak bar. Edil hemme oglan beýledir diýemok. Eger sizem bir göwün bereniňizi söyüp.ony berkje tutsaňyz gyzlaryň gitjek yeri ýokla. Ýöne beyle däl,.gep tapyalar,  bahana bolýa garaz bar zat gutaryar. Siz şeytseniz gyz pahyrlar natsin soň...
Birwagtlar ýigitler uçin gyzlaryň ar- namysy özlerindenem ýokary durýan eken. Bir gyzyň namysy üçin nämeler etmandirler. Indi häzir bolsa bir gyz bozulsa, ady garalansa hemme oglanlara gülki bolyar.
Ýone menden gyzlara maslahat: Öz abrayynyzy özüňiz saklaň, ol zat siziň öz elinizde. Hökman söyşüp geçirmelimi wagtyňy. Elbetde söyeniňi ozüňem duýman galyarsyň diýýänsiniz erk etmani başaryň size söz aytsalar "Maňa garaş wagty gelende gurleşerin" diýiň. Goý garaşsyn söýeni çyn bolsa garaşar. A siz bolsa şo döwrüň içinde adamy tanamaga mumkinçilik taparsyňyz. Söýüşmeyän arassa päk gyzyň nirede bolsa-da dili uzyndyr, sebäbi oglanlar yüzüne basyalar "sena soýüşipdiň şu oglan  bilen" diýip. Şonuň üçinem öz abraýyňyzy özuniz goraň. Oglan bilen gyzyn arasynda tapawut bar. Oglan gorkmayar aytmakdan, a gyzda beyle dal. Ýüzüne basyalar ine meniň ozum şayat bolup yörün kän gezek gyzlar sahel özi barada  aytsalar bilyan oglan göni yuzune basyar eken "Özüňi oňar" diyyar "Wagtynda söýüşip bildiň" diyyär. Ine şol yerde gurlap bilmeyada gyz sebabi yüzi yok. Dogrudanam aytmana gyzyn sözi gutarýar. Şonun üçin aytyan söýüşmäniň öz wagty bardyr her zadyňam.
Birinin gepini çekip gezenden arassa hemma görelde bolup biri bir zat diyeninde hem diliniz uzyn bolup gezeniň nama degmeyär hem geljeginiz uçin hem gowy. Aytyalara oglanlaryn bir gepi bar " Bir topuň yzyndanam 11 oyžýunçy ylgayar olaryňam maksady topy derwezä salmak. Şonun uçin yzymdan kop oglan ylgayar diýip pikir etme " diyyaler. Dogry şol dine aldananyňyz galyar. Söýgä wagt kan oz wagty gelende söýüşmeli ir söýüşip adyny bulamak nama gerek
Söýüşýärler, düşünýän yone ýaşlaryň durmuşy soygiden başlayar söýgi bu ajayyp zat yone hic akylly adam özüni söýmeyan bilen gurleşmez ýöne durmuşda yalnyşýan kän yalnyşyp owrenilyar durmuş gurluşy şeyle yone ka bir adamlar edyan isinin yalnyşdygyny bilibem beter yalnyşyar akylsyz adamlar diýip  solara diyilyär aý, karoçe söýüşiň söýüliň  başga adamlan pikirini dinlemäň ozinizi oňaryň, begenip yaşaň samsyklyk azrak edin, bagtly boluň! 😄😄😄😄
33
613