Şu gün näme üçindir sen ýadyma düşdüñ. Men seni unutdym ahyry, seni unutjagyma söz beripdim-ä men. Näme üçin seni ýatlaýan?!
Näme üçin ähli zat seni ýatladýar?! Hat-da, ýolda ejesine doñdurma alyp ber diýip azar berýän çagajyk hem seni ýatlatýar. Mana "näzijek çaga sen" diýen sözüñ ýadymda. Şol günleri ýatladym, senli günleri... Bu gün seni ýatladym... Şu gün göni bir ýyl bolýar, sensiz ýaşap ýörenime...
Men saňa jaň etjek bolýan,sms yazjak bolýan ýazýan, ýazanymy pozýan.Saňa aýdasym gelyär, seni nähili küýseyänimi aýdasym gelyär, emma seniň indi özge ýaryň bardygy, sen indi özgäňkiligin meni saklaýar.Men hemme zada taýýar. GYZ başymy aşak egip özüm Maňa dolan diyesim gelyar ,yone indi gic...Gic...
Goý bu, wagtlaýyn bolan bolsa-da bu söýgi boldy, we diňe MENIŇKI boldy! Bu ýatlamany hiç kim menden alyp bilmez.
Goý, meniň sen hakda bolan pikirlerim ýüregimde doňup galsyn, indi hiç haçan seniň gara gözleriňi görmesemem, indi hiç haçan seniň mana bolan mähriňi duýmasamam — Men şonda-da seni söýerin! Seni hiç kim, hiç haçan, men seni söýşüm ýaly, söýüp bilmez! Ýöne, sen meniň seni nähili söýüşimi bilip ýetişmediň. İndi hiç haçan bilmersiňem. Biz aýrylyşdyk, ikimizem bir-birimizi hiç zatda günäkerlemedik. Ýöne, biz bir-birimize köp zatlary aýdyp ýetişmedik. Sen meniň bilen bolmasaňda-da, men saňa, durmuşda BAGT dileýän. Men ýer ýüzünde hemme kişiden beter diňe seni söýerin!
Toý tutýaň özge bilen,
Ýykdyň beren sözüňi.
Hoşlaşyp, soňky gezek,
Göreýin gül ýüzüňi.
Şoň üçinem toý güni,
Toýuňa çagyr meni.
Durmasam-da ýanyňda,
Daşdan synlaýyn seni.
Çyn söýgümiň yşgynda,
Gezdim seni gerekläp.
Sen mamlamy, men mamla,
Şaýatdyr ak derekler.
Şaýatdyr Aýly agşam.
Şaýat şabat gijesi.
Bagtly bolsun şol gözel,
Çykan bolsa bijesi.
Ýöne welin toý güni
Toýuňa çagyr meni.
Durmasam-da ýanyňda,
Çetden synlaýyn seni.
Boşap galýar giň dünýäm,
Şony oglan, bilip git.
Gelnaljyň ýany bilen,
Meň ýüregmem alyp git.
Täze öýüñ guwanjy,
Şol gyzyň bagty, oglan.
Nirde ömür sürseň-de,
Ýoluň bolsun ýagty, oglan.
Ýöne welin, toý güni
Toýuňa çagyr meni,
Durmasam-da ýanyňda,
Daşdan synlaýyn seni...