gullnara_
09.07.2023 14:50
Öýe gelip gyza jaň etdim, gyz, \"McM, boldy indi bes, sen şu gödek häsiýetiňi düzedýänçäň seň bilen görüşjek däl, näme bolsa görüberýäris\" diýdi. Geň galdym, hiç zat diýip bilmedim. Gyzyň çynydy, ilkinji gezek beýle çynyrgapdy.
Men gedemlik etsemem, gyzy isleýärdim. Ýaraşasyn gelip ölüp barýardym, gyz, elimden gidip barýan ýalydy. Äsgermezlik diýmäýin, ýöne gadyrbilmezlik edipdim. Öňler sögüşsegem jaň ederdi, indi men jaň etmesem edenokdy, asyl men etmesem jaňam edenokdy, trubkany alaýsa-da gysga wagtda trubkany goýýardy. 1-2 gün geçdi, pikirlendim. Meňki nädogrydy. Gyz bilen görüşmesegem, kynlyk bilenem bolsa her gün diýen ýaly telefonda gürleşýärdik. Öňkiligi ýokdy gyzyň, menden erbet gaty göripdi. Elbetde suw we baklaşka üçin gaty görmändi, meniň gödekligim ýüregini agyrdypdy, nätsinda gyz, sabyr kásesi dolupdy. Men, häsiýetimi üýtgetmani ýüregime düwdim.
Jigim, seret, ÿalňyş düşünme, gyz üçin bolsa-da, gödeklik, gyzmalyk ýaly erbet gylyk-häsiýetlerim bardy, meň maksadym, şolary azajyk göz astyna almaklykdy. Yogsa, gyz üçin özümi bütünleyin üýtgedeýin diýen niyetim yokdy, dine, gödek hasiyetlerime serenjam bermek, göz astyna almak. Nädip almaly? Özime nähili terapiýa etmeli?
Dokumentalnyý kino görüp göz astyna almakçy boldum. Bolar ýaly däl. Nâmãñ dokumentalnyý kinosyny görjek diýsene. Maýmynlar? Maýmynlaň nämesini görjek? İň gowy görýän haýwanym jüýje. Jüýjäň nãhili dokumentalnysy bolsun? Jüýje, iým iýýár, ýerde togalanyp oýnaýar, tezekleýär. Nämäň dokumentalnysy? Goýbolsun etdim.
Soň, gyza sýurpriz etsem meni bagyşlar diýen netija geldim.. Gyzyň çagaka okan bir kitaby bardy, soň şol kitaby tapmandyr, biri alyp gidip getirmändirmi nämemi. Maňa näçe diýipdi, şol kitaby tapyp beräÿdä diýip. Gabat gelmedim menem, dogrymy aýtsam köp gözlemedimem. Ana şol kitaby tapyp bereýin, begener, göwnini taparyn diýdim. Öýde 600-den gowrak kitap, 50-ä golaý çagalar üçin kitap bardy. Gözledim, tapmadym. Dost oglana ýüz tutdym. Dost oglanyň kakasam mugallym, nirede nähili kitap görse alýar. 2000-den gowrak kitaplary barmyş. Dost oglan gözledi-agtardy, iň soňunda şol kitaby getirdi. Getirdi getirmesine welin, kitabyň ýarysy ýok. Sahypalar däl, kitabyň ýarysy ýok. Ýanypdyr. Näme etjek, gülseň bolanoook, aglasaň bolanoook.
Aldym kitaby, dost oglana sagbolsun aýdyp ugratdym. Gyza jaň edip, saňa aýtjak goýjaklarym bar, diýdim. \"Telefonda aýdyber\" diýdi. \"Bolmaz, gel öňki ýere\" diýdim. Gyz göwnemese-de geldi,  \"Bol aýt aýtjak zadyňy, meň wagtym ýok, gaýtjak\" diýdi. Paketden kitaby çykaryp gyza uzatdym. Gyz gözine ýaş aýlap \" İne McM, sen şu yarty kitaba düşünişiň ýaly yarym düşünýäň maňa\" diýip, ilki bilen ÿarysy ÿanan kitaba seretdi, soňam maňa seredip çalaja ýylgyrdy, aýasy bilen gözýaşlaryny süpürdi. İň soňky gezek...
Kitap, günüň doguşyny her gün irden günbatara seredip synlajak bolýan kör gyzjagaz baradamyşyn...

soňy.
çeşme:internet
26
287
okuwchy
18 Iýul 2023
Internetde haýsy saýtdan alanyñam aýdaý?)
wolf
9 Iýul 2023
Oglan çyndanam çenden aşa gödek, gyz çyn ýürekden söýen bolmalyda ýogsa bir eýýäm gutarardy 😮
arzuvym_talyp
9 Iýul 2023
@dursunaa, 😊🤗 bolýa
arzuvym_talyp
9 Iýul 2023
@muzo, olam doğru hawa, yöne esasy zat seniň hasiyetiňe kyvap gelýän yanyoldashy saylamak,biri biriniz bn dushunishmekmika diyyän(shahsy pikirim#)
arzuvym_talyp
9 Iýul 2023
@dursunaa, boldy dovamy yok bolaymasa bar diyenoga
muzo
9 Iýul 2023
Aytjak bolyan zadym hokman pul cykaryp sowgat almak dal azyrak wagtyny gidirip mahir bn soygi bn wagt gecirsen hem bolya
muzo
9 Iýul 2023
Yone ilki gaty gowy cydapdyr gyz ahyrynda yarylypdyr
muzo
9 Iýul 2023
Esasy soygi mahir gyzy alada edip soygi bn idap dursa gowy goryan mena beydip gabanjanlyk edip gysyp saklasa gowy dalmika diyyan mena ozi ucinem gyz ucinem
muzo
9 Iýul 2023
Gaty gowy waka ekeni halayan sunnaly wakalar okamany
3475
9 Iýul 2023
🥺🥺🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.