gullnara_
30.09.2023 10:53
Iň arassa jandar siňek. Aýajyklary bilen  her gün ýüzüni, gozüni, ganatjyklaryny ýuwýar, süpürýär. ))))😊😊😊
30
273
gullnara_
29.09.2023 23:44

Ýaşlaryň arasynda şeýle bir zat bar: "söýgüliñ bar bolsa interneda girmek bolanok, suradyñy goýmak bolanok, dostlaryñ joralaryñ bilen hat ýazyşmak bolanok diñe söýgüliñ bilen gürleşmeli, gitjek ýeriñi aýdyp gitmeli, aýtmasañ goh-galmagal bolar, gitme diýse gitmeli däl" Käbir (OGLAN - GYZLAR) söýgülisini ýitirmejek bolup şu hereketleri edýäler, emma bilenoklar şu hereketleri etdigiçe söýgi odunyñ öçüp barýanyna. Nähili gaty tut, gaban, gysgan, gysyp sakla edenini etjek adam, gitjek adam şonda-da gidýärem, edýärem. Ýöne gysganmak, gabanmak, gysyp saklamak bularyñ barsy boş zat. Söýgi diñe gözler bilen seredip, dil bilen gürlär. Eger bir adam seni çyn ýürekden söýse şu zatlara üns bermez, söýen adamyna ýüregi bilen ynanar. Ynam, Söýgi we Umyt bilen birlikde gelejege arzuwlar bilen sereder. Sizi söýeni, ýüregi bilen ynanany, gownüñize degmeýän adamy, siziñ göz ýaşyñyza durup bilmeýän adamy öz eliñizden goýbermäñ. Ýüregiñize, özüñize ynanyñ, we sabyr bilen garaşyñ, beýik ALLAM elmydama siziñ ýanyñyzdadyr.

Özüne şeýle bir söýgüli tap, sen nähili bolsañam saña "meniñ owadanjam" diýmäne ýaltanmasyn. Urşanyñyzda sen telefony goýañda, ol saña jañ etmäne namys etmesin, seni ýitirmekden gorksun, goý ol saña ýol görkezsin, saña näme etmeli we näme etmeli däldigini aýtsyn. A sen bolsa söýgüliñe senden umydyny, ynamyny üzmäne ýol goýma. Allajan siziñ söýgiñiz hemişelik bolsun, başgalar siziñ söýgiñizi howes etsin, arzuw etsin bir-biriñize ynanjak bolun we menden size ýekeje söz BAGTLY BOLUÑ dostlar!!!

49
433
gullnara_
29.09.2023 06:53
100 söz bilen bütin durmuş.

Sallançak. Bäbek. Agy.
Söz. Ädim. Dümew. Lukman.
Ylgamak. Oýnawaçlar. Dogan.
Howly Hiňňildik. Çagalar bagy.
Mekdep. Ikilik. Üçlük. Bäşlik.
Top. Agyry. Gips. Krowat.
Söweş. Gan. Dowük burun.
Howly Dostlar Üýşmeleň Toýlar.
Institut. Bahar. Güller.
Tomus. Sessiýa. Guýruklar.
Piwo. Arak. Buzly suw.
Kofe. Sessiýa. Diplom
Romantizm. Söýgi. Ýyldyz
Eller. Dodaklar. Gijeler.
Toý. Gaýyn ene. Gaýyn ata. Duzak.
Sögüş. Klub. Dostlar Stakan.
Öý. Iş.
Öý. Maşgala.
Tomus. Gün
Gyş. Gar.
Bäbek. Hüwdi. Sallançak.
Stress. Söýgüli. Düşek.
Işewürlik. Pul. Meýilnama. Kömek.
Telewizor. Seriýal.
Daça. Ülje. Kabaçka.
Çal saç. Çakyza. Oçki.
Agtyk.Çagalar. Sallançak.
Stres. Gan basyş. Krowat.
Ýürek. Böwrek. Süňkler. Lukman.
Hoşlaşyk Tabyt. Agy.
21
61
gullnara_
29.09.2023 00:27
Gurbannazar Ezizowyň ömrüniň soňky pursatlary.
Şahyryň iň soňky sapar öýden gidişini Halnabat Ezizowa şeýle ýatlaýar. "Men alakjap goş-golamlaryny taýynladym. Onuň bolşy birhilidi. Ähli otaglara ýeke-ýeke girip çykdy. Megerem, ilkinji gezek ol özüniňem duýmaýan içki harasadyny daşyndakylara duýduran bolsa gerek."Bolýar onda sag oturyň'" diýip onuň nähili çykanynam duýman galdym. Men dilim basylan ýaly oňa sag-aman gidip gel diýmegem unudypdyryn. "Hawa, Gurbannazar şol gün Yuriy Rýabinin, Wasiliý Şabanow dagy bilen festiwala gelen yaş şahyrlaryň bir toparyny alyp, Türkmenbaşa uçmalydy. Annaberdi Agabaýew bolsa komsomolyň oblast komutetiniň sekretary bn myhmanlaryň başga bir toparyny Tejen tarapa awtobusly alyp gitmelidi.
Annaberdi Agabaýew irgözin ,"Türkmenistan " myhmanhanasyna bardy. Festiwala seminar yolbaşçysy höküminde Moskwadan çagyrlan birnnäçe tanymal şahyrlar bardy. Yöne olardan biri nähoşlan eken. Ýanyndakylar hem yoldaşlarynyň ýagdaýyny görüp giderli däldi. Nätmeli? Şol wagtam sen-men ýok Gurbannazar gelýär. Türkmenbaşa uçmaly samolyotdan gijä galypdy. Annaberdi Agabaýew ony özi bn Tejene gitmege yrýar. Mesele çözülipdi welin, birden hemme zat tersine dönýär. Gapydan Wasiliy Şabanow girýär.(Gurbannazar olar bn Türkmenbaşa uçmalydy.)
-Baý-bow senem samolýotdan gijä galdyňmy. Sen eýýäm Türkmenbaşyda bolmalydyňa.
-Ýok men gijä galamok. Türkmenbaşada barýan.
Wasiliý Şabanow ýaş şahyrlaryň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky bütinsoýuz festiwalynyň baş guramaçysydy.
- Siziň komsomoluňyzyň Merkezi Komitetiniň sekratary maňa gowy ideýa berdi. Sen näçe gündür şol ylgaşlap ýörsüň. Türkmenistanam oňly göreňok. Ynha suw ýaly maşyn. Türkmenbaşa şoňa münde gidiber. Bolmanda türkmeniň sährasy ýadyňda galsyn diýdi. Ynha men indi siziň hyzmatyňyzda. Gurbannazaryň guşy uçdy.
-Wasýa bileje gidýäs, boldy!
Annaberdi Agabaýewiň gaşlary öňküsindenem bürülipdi. Çünki ol Wasiliý Şabanow bilen ozal bir ýerde işläp, duldegşir goňşy bolubam ýaşapdy. Ol onuň ýany bilen gitmegi özüni has mynasyp görýärdi.
-Gurbannazar, dost meniňki. Men gidäýeýinle. Geleli bäri ine gana gürleşemizogam. Sen gaýrat etde myhmanlary Tejene äkidäý. Türkmenbaşyda maňa Ýura Rýabinin garaşýara. Men oňa söz berdim. Ozal ony sostawa goşamdada özüň gitseň gideýin diýip şert goýdy. Men oň ýüzüne nädip serederin.
Gitdik. Hoşlaşmak biziňem kellämize geler ýaly bolmady. Dogurdanam birhili aljyraňňy gün boldy, diýip Annababerdi Agabaýew ýatlaýar.
Gurbannazar şahyryň galamdaşy Amanmyrat Bugayewiň aýtmagyna görä "Gyzlaryma" atly goşgy şahyryň iň soňky okan goşgysy eken. Gurbannazar Ezizowy şol komandirowka gidişlikde 1975-njy yylyň sentýabr aýynyň 28-i güni Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylsuw obasynyň okuwçylary ,mugallymlary el çarpyp gaýta-gaýta goşgy okadypdyrlar. Ol çykyşyny şu goşgy bilen jemläpdir.
Ýigit kimin bir är kimin,
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz abraýyňyz bilen,
Bir hataryň başy boluň.
Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke çeke ahy zary.
Diýsin , sizi yüze sylyp:
"Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!''
Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.
Berekede Türkmenbaşy tarapdan ýetip barýarkaň, ýoluň çep tarapynda şahyryň wepat bolan ýerinde sütüniň üstüne galdyrylan tokga daşyň ýüzünde şeýle ýazgy bar. Şu ýerde şahyrlar:
Gurbannazar Ezizow 1940ý.
Ýuriý Rýabinin 1930ý.
Wasiliý Şabanow 1938ý.
şofýer
Aleksandr Belýakowiç 1928ý.
1975 ýylyň 29-IX-da
wepat boldular.”
25
152
gullnara_
28.09.2023 21:16
Hemmesini jogaplamak hokman däl. Ýürege ýakyn bolanlaryny jogaplaýyň.👍

1.  400 ýyl mundan ozalky geçmişe ugradylan bolsaňyz, siz geljekden gelendigiňizi nädip subut edip bilersiňiz?

2.  Düşündirişsiz tussag edilen bolsaňyz, dostlaryňyz we maşgalaňyz siz näme edendir öýdüp pikir ederler?

3.  Kimdir biri sizden okuwçyňyz bolmagy we bilýän zatlaryňyzyň hemmesini öwretmegiňi  haýyş etse, oňa  näme öwredersiňiz?

4.  Tanyşlaryňyzdan  haýsy biri serial ýa-da filmdäki keşbi ýada salýar?
27
219
gullnara_
28.09.2023 12:08
Bir gün oglanlar üýşüp oýun oýnap otyrkalar birine jaň gelýär.
Oglan: Alo!
Aýaly: Alo ezizim men özüme bir köwüş alaýyn?
Oglan: Bolýa alaý.
Aýaly: Köýnegem alaýynda?
Oglan: Bolýa, öýde pul bolsa alyber!
Aýaly: Sumkada alaýynmy?
Oglan: Öýde pul bolsa alyber diýip telefony öçürýärde:-Oglanlar şu telefonyň eýesi kimaý diýýär...?))
35
295
gullnara_
28.09.2023 07:15
Gulagymda aydym,
gozumde gara aynek,.
yuregim bolsa 3 sanak gulpda, gaydyp hic kim
dowup bilmez yalak.... 😆
29
231
gullnara_
27.09.2023 12:42
Gara gözli gyz.

Gara gözler, gara ýüz we jansyz çişen eller ... Suratdaky gyz gorkuly görünýär - aýylganç hakykaty bilmeseňizem. Bu gyza ýaşamaga birnäçe minut galandygy hakykat. Kolumbiýaly 13 ýaşly Omaira Sançes wulkanyň atylmagy sebäpli süýşüp, galyndylara jaýlandy. Bedeni suwa çümüp, 60 sagat halas edişe garaşdy. Halas edijiler gyzy halas etmek üçin zerur enjamlar üçin umytsyz haýyşlar iberdiler, ýöne ahyrynda gaty giç geldi. Komek gelende gyz eýýäm suwa çümüpdi. Surata alnan pursatda töweregindäkiler gyzy goldamaga we teselli bermäge synanyşýarlar, ýöne gözlerine görä, ol eýýäm oz ykbalyna kaýyl boldy.

Jonestownyň jesetleri

Bir seretseň, surat galyndylar we harabalar bilen doldurylan ýaly. Bularyň hemmesiniň adam jesedidigine derrew düşünmersiňiz. Suratda Gaýana şäherindäki Halk ybadathanasynyň dini mezhebiniň jemgyýeti bolan Jonestownyň howa görnüşi görkezilýär. 1978-nji ýylyň 18-nji noýabrynda jemgyýetiň ýolbaşçysy Jim Jonesiň çagyryşy boýunça bu ýerde 918 adam öz janyna kast etdi. Bu surat Jonestownda bolup geçen aýylganç gyrgynçylygy ilkinjileriň biri boldy.

Söwdagärler.

Bu suratyň özi gorkunç. Satuwyň arkasynda duran iki adam ... adam galyndylaryny satýarlarmy?  Hawa, bular şübhesiz adam bedeniniň bölekleri. Emma bu şol dowür üçin  iň erbet zat däl. Suratçynyň teswirinde bu suratyň 1920-nji ýyllarda Russiýada açlyk döwründe düşürilendigi aýdylýar. Erkek we  aýal özlerine iýmit satyn almak üçin çagalarynyň galyndylaryny satýan ene-atalardyr. Taryhçylaryň pikiriçe, şol aç ýyllarda adamlar adam etini ýigrenmediler: ýaşamak üçin iýdiler. Emma suratyň awtory, bu ene-atalaryň öz çagalaryny satmak üçin öldürendiklerini habar berýär we bu düýbünden göz öňüne getirip bolmaýar.
26
220
gullnara_
27.09.2023 08:58
Gadym wagtlarda ayallara sowat owredyan mekdepler bolupdyr. Bir gun sol mekdeplerin birinde mugallym ayal oturan ayallara garap seyle diyen:
-gelin oyun oynalyn.Yone dine dogryny ayytmaly. Kimin oynasy gelse tagta cyksyn diyipdir.
Ayallaryn biri tagta cykypdyr.Mygallym aydypdyr:
-tagta gowy goryan adamlaryn ikisinin adyny yaz -diyipdir
Atam,enem -diyip yazypdyr
-Indi yene bir adamyn adyny yaz gyzym
Adamym..
-Yenede birini yaz
Perzendim
-indi bolsa su dort adamdan iki adamyn adyny ocurmeli bolsa haysyny ocurerdin?
Ayal aglap baslapdyr.
-men sana ocur diyyan, diyip mugallym gygyrypdyr.
Atam we enem diyen yazgyny ocuripdir
-indi bolsa yene birini ocur diyipdir
Ayal yankysyndanam erbet aglap baslapdyr
Perzendim diyen yazgyny ocuripdir.Tagtada diňe"adamym" diyen yazgy galypdyr.Ayal zaryn  aglap durupdyr.Mugallym ayal sorapdyr:
-Sen name ucin seni dunya getiren eklan adamlaryn atlaryny ocurdin.Janyndan jany cykan perzendin sana eziz dalmi ? - diyip sorapdyr.Onda ayal aglap seyle jogap beren:
- enem atam bu dunya omurlik gelenoklar.bir gun olaram gider. Perzendim birini gowy gorer durmus gurar ol bilen gider.menin yanymda galjak yeketak ynsan ol ADAMYM bolar diyipdir.ol ta garrayancam bile bolar???
39
322
gullnara_
26.09.2023 18:17
Setirler..
* Eger-de google-a girip 241543903 sanlary ýazyp gözletseñiz we suratlar bölümine girseñiz birnäçe adamlar kellesini sowadyja salyp duran pursadyndaky suratlary görersiñiz.
* Dünýäde iki sany agyrylaryñ görnüşleri bar: birisi sizi agyrdýan we beýlekisi sizi üýtgedýän.
* Eliñiziñ başam barmagyñyzyñ uzynlygy burnuňyzyñ uzynlygy bilen deñdir.
* Siziñ irden ilkinji ýatlan adamyñyz we gije iñ soñky ýatlan adamyñyz siziñ şatlanmagyñyza ýa-da gynanmagyñyza sebäp bolanlardyr.
* Siz düýş görýan wagtyñyz okap bilmersiñiz, sebäbi okamak we düýş görmek bu beýniniziñ dürli taraply funksiýasydyr.
* Aglamaklyk sizi gowurak duýmaga sebäp bolar, stresiñizi azaldar we bedeniñizi sagdyn saklamaga hem kömegi degmegi mümkin.
* Durmuşyñyzdaky ýaman zatlara minnetdarlyk bildiriñ. Sebäbi olar siziñ öñ üns bermedik gowy zatlary görmek üçin gözüñizi açar.
* Hiç haçan gaharly wagtyñyz bir zat etmegi ýüregiñize düwmäñ we hiç haçan şadyýan wagtyñyz söz bermäñ.
* Beýleki adamlaryñ duýgularyna hormat goýuñ, sebäbi bu siz üçin hiç zat bolup biler. Emma olar üçin bolsa bu hemme zat.
* Göçürýänler hemmeler göçürýändir diýen pikirde bolýar. Ýalançylar bolsa hemmeler ýalan sözleýändir diýen pikirde bolýar.
* Egerde siz özüñizi sebäpsiz ýere gowy duýmasañyz, ýagny, gamgyn duýsañyz siz hakykatdanam kimdir birini göresiñiz gelýänligindendir.
22
74