gullnara_
29.09.2023 00:27
Gurbannazar Ezizowyň ömrüniň soňky pursatlary.
Şahyryň iň soňky sapar öýden gidişini Halnabat Ezizowa şeýle ýatlaýar. "Men alakjap goş-golamlaryny taýynladym. Onuň bolşy birhilidi. Ähli otaglara ýeke-ýeke girip çykdy. Megerem, ilkinji gezek ol özüniňem duýmaýan içki harasadyny daşyndakylara duýduran bolsa gerek."Bolýar onda sag oturyň'" diýip onuň nähili çykanynam duýman galdym. Men dilim basylan ýaly oňa sag-aman gidip gel diýmegem unudypdyryn. "Hawa, Gurbannazar şol gün Yuriy Rýabinin, Wasiliý Şabanow dagy bilen festiwala gelen yaş şahyrlaryň bir toparyny alyp, Türkmenbaşa uçmalydy. Annaberdi Agabaýew bolsa komsomolyň oblast komutetiniň sekretary bn myhmanlaryň başga bir toparyny Tejen tarapa awtobusly alyp gitmelidi.
Annaberdi Agabaýew irgözin ,"Türkmenistan " myhmanhanasyna bardy. Festiwala seminar yolbaşçysy höküminde Moskwadan çagyrlan birnnäçe tanymal şahyrlar bardy. Yöne olardan biri nähoşlan eken. Ýanyndakylar hem yoldaşlarynyň ýagdaýyny görüp giderli däldi. Nätmeli? Şol wagtam sen-men ýok Gurbannazar gelýär. Türkmenbaşa uçmaly samolyotdan gijä galypdy. Annaberdi Agabaýew ony özi bn Tejene gitmege yrýar. Mesele çözülipdi welin, birden hemme zat tersine dönýär. Gapydan Wasiliy Şabanow girýär.(Gurbannazar olar bn Türkmenbaşa uçmalydy.)
-Baý-bow senem samolýotdan gijä galdyňmy. Sen eýýäm Türkmenbaşyda bolmalydyňa.
-Ýok men gijä galamok. Türkmenbaşada barýan.
Wasiliý Şabanow ýaş şahyrlaryň Aşgabatda geçirilýän nobatdaky bütinsoýuz festiwalynyň baş guramaçysydy.
- Siziň komsomoluňyzyň Merkezi Komitetiniň sekratary maňa gowy ideýa berdi. Sen näçe gündür şol ylgaşlap ýörsüň. Türkmenistanam oňly göreňok. Ynha suw ýaly maşyn. Türkmenbaşa şoňa münde gidiber. Bolmanda türkmeniň sährasy ýadyňda galsyn diýdi. Ynha men indi siziň hyzmatyňyzda. Gurbannazaryň guşy uçdy.
-Wasýa bileje gidýäs, boldy!
Annaberdi Agabaýewiň gaşlary öňküsindenem bürülipdi. Çünki ol Wasiliý Şabanow bilen ozal bir ýerde işläp, duldegşir goňşy bolubam ýaşapdy. Ol onuň ýany bilen gitmegi özüni has mynasyp görýärdi.
-Gurbannazar, dost meniňki. Men gidäýeýinle. Geleli bäri ine gana gürleşemizogam. Sen gaýrat etde myhmanlary Tejene äkidäý. Türkmenbaşyda maňa Ýura Rýabinin garaşýara. Men oňa söz berdim. Ozal ony sostawa goşamdada özüň gitseň gideýin diýip şert goýdy. Men oň ýüzüne nädip serederin.
Gitdik. Hoşlaşmak biziňem kellämize geler ýaly bolmady. Dogurdanam birhili aljyraňňy gün boldy, diýip Annababerdi Agabaýew ýatlaýar.
Gurbannazar şahyryň galamdaşy Amanmyrat Bugayewiň aýtmagyna görä "Gyzlaryma" atly goşgy şahyryň iň soňky okan goşgysy eken. Gurbannazar Ezizowy şol komandirowka gidişlikde 1975-njy yylyň sentýabr aýynyň 28-i güni Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylsuw obasynyň okuwçylary ,mugallymlary el çarpyp gaýta-gaýta goşgy okadypdyrlar. Ol çykyşyny şu goşgy bilen jemläpdir.
Ýigit kimin bir är kimin,
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz abraýyňyz bilen,
Bir hataryň başy boluň.
Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke çeke ahy zary.
Diýsin , sizi yüze sylyp:
"Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!''
Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda aradan çykýar. Onuň bilen bilelikde moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow we türkmen şahyry Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.
Berekede Türkmenbaşy tarapdan ýetip barýarkaň, ýoluň çep tarapynda şahyryň wepat bolan ýerinde sütüniň üstüne galdyrylan tokga daşyň ýüzünde şeýle ýazgy bar. Şu ýerde şahyrlar:
Gurbannazar Ezizow 1940ý.
Ýuriý Rýabinin 1930ý.
Wasiliý Şabanow 1938ý.
şofýer
Aleksandr Belýakowiç 1928ý.
1975 ýylyň 29-IX-da
wepat boldular.”
25
152
shemshat
29 Sentýabr 2023
@bayramgeldiyewarslan, Yalñysyp atylýa.
bayramgeldiyewarslan
29 Sentýabr 2023
@okayjy näme üçin atyarka ol barada anygrak doly maglumat bar bolsa goýaýyn
okayjy
29 Sentýabr 2023
@bayramgeldiyewarslan, Salam. Awtoheläkçilik däl, bir esgeriñ atmagy bilen bolan waka...
shemshat
29 Sentýabr 2023
@bayramgeldiyewarslan, aslyndan şol bolan tragiki hadysa gurnalan, G.Ezizow näbelli sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär
bayramgeldiyewarslan
29 Sentýabr 2023
Hazirem barmyka sol das. Gowy post diymek awtohelakcilige ucrap aradan cykan ekenda beyik sahyrymyz su wagta cenli bilemokdym😞 sag bol guldess
sahed
29 Sentýabr 2023
Sp
azimus
29 Sentýabr 2023
@gül🥀_, gowulai biz tansypdykmu
azimus
29 Sentýabr 2023
@gül🥀_, gowjamy
azimus
29 Sentýabr 2023
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.