Ýaşlaryň arasynda şeýle bir zat bar: "söýgüliñ bar bolsa interneda girmek bolanok, suradyñy goýmak bolanok, dostlaryñ joralaryñ bilen hat ýazyşmak bolanok diñe söýgüliñ bilen gürleşmeli, gitjek ýeriñi aýdyp gitmeli, aýtmasañ goh-galmagal bolar, gitme diýse gitmeli däl" Käbir (OGLAN - GYZLAR) söýgülisini ýitirmejek bolup şu hereketleri edýäler, emma bilenoklar şu hereketleri etdigiçe söýgi odunyñ öçüp barýanyna. Nähili gaty tut, gaban, gysgan, gysyp sakla edenini etjek adam, gitjek adam şonda-da gidýärem, edýärem. Ýöne gysganmak, gabanmak, gysyp saklamak bularyñ barsy boş zat. Söýgi diñe gözler bilen seredip, dil bilen gürlär. Eger bir adam seni çyn ýürekden söýse şu zatlara üns bermez, söýen adamyna ýüregi bilen ynanar. Ynam, Söýgi we Umyt bilen birlikde gelejege arzuwlar bilen sereder. Sizi söýeni, ýüregi bilen ynanany, gownüñize degmeýän adamy, siziñ göz ýaşyñyza durup bilmeýän adamy öz eliñizden goýbermäñ. Ýüregiñize, özüñize ynanyñ, we sabyr bilen garaşyñ, beýik ALLAM elmydama siziñ ýanyñyzdadyr.
Özüne şeýle bir söýgüli tap, sen nähili bolsañam saña "meniñ owadanjam" diýmäne ýaltanmasyn. Urşanyñyzda sen telefony goýañda, ol saña jañ etmäne namys etmesin, seni ýitirmekden gorksun, goý ol saña ýol görkezsin, saña näme etmeli we näme etmeli däldigini aýtsyn. A sen bolsa söýgüliñe senden umydyny, ynamyny üzmäne ýol goýma. Allajan siziñ söýgiñiz hemişelik bolsun, başgalar siziñ söýgiñizi howes etsin, arzuw etsin bir-biriñize ynanjak bolun we menden size ýekeje söz BAGTLY BOLUÑ dostlar!!!