gullnara_
09.10.2023 10:28
Armanda goýan ömür

Bu size gürruň berjek bolýan bu wakam durmyşda arman çekip ýat ýerlerde ,özi ýaşajyk gyz hem bolsa durmyşyň ýowuz külpetlerin erkek ýaly mert duryp çekýan mähriban jorama bagyşlap ýazýaryn...
Bu gyzyň ady Leýli.Meniň atdaşym. Dogry men ony göremok ,diňe suratda.
Şu ertir coma giren günümden bäri wirtual iň ýakyn dost joralarmyň biri.
Bu gyz bilen meniň durmyşyň meňzeş. Adamy tanamak üçin hökman ýüzbe ýüz durmak hökman dälmika diýýan ,dogry realda ,bir tanap bolýamy indi adamlary diýmegiňiz mümkin, hawa tanap bolýar, iş salyşýan adamyň azda kande tanap bolýar ,bolmajak zat ýok.
Leýli öziniň öňunde goýlan yowuz durmuş barada ol ýatsa tursa hiç pikir edmandi. Heniz 20 ýaşamadyk gyzyň başyna düşen bu ahwalatyň öňünde ,ol mert durjak bolup çalyşdy. Ol özüniň ýeke däldigin bildirmejek bolup jan etdi .
Tomus kanikula gelen wagty her talyp öz ýurduna gaýdanda ejesin ,kakasyn ,doganyn görmek üçun howlykýardy. Ol bolsa sessiz içinden aglap diňe mähriban ojagyn gormage gelýardi. Boşap galan öýi görup öz durmyşyndan nalamady, ýenede şükür etdi. Gijelerine ýeke galyp ýüregin aglap boşatdy, ýöne elinden gelýän zat ýokdy, ol mert durdy, çydady
Okuwyny dowam etdi. Tomus dynç alyşa gelip, öýde wagty uzaklara seredip ,geçen günleri bir laý göz öňüne getirerdi. Ol öz mahribanlarny küseýärdi. Oňa mähir ýetenok. Ondada diňe ene mahri. Hossar dogan mähri onyň ýüregi küýseýärdi. Ol ejesin gaty göresi gelýardi , küseýardi. Geçen günleri ýatlanda ,çep gapdal gursagynda pyçak süýnjülen ýaly bolýardy. Geşmişi ýatlady. Ony ýatlanda-da yzyna dolanjak gumany yokdy,oňa Leýliň akyly çatýardy ...
Leýliniň ejesi Merýem eje bu öýe gelin bolyp düşende sag aýagyn bagt islap töre ätlapdi. Ilki günler durmuşy öz akymy boýunça asuda geçip durdy. Ol şaherdaki mekdepde mugallyma bolup işlap ýördi. Wagtyň geçmegi bilen iki sany perzenti yzly yzyna ýaş tapawutlykda dunýa indi. Ilkinji çagasy oglanjykdy.
Oňa Ahmet ,soň gyzjagaz oňa bolsa Leýli diýip at goýdy, Leýlijik üç ýaşyýanja bu öýde bagt guşy pel- pellap durdy soň bu bagtly maşgala göz boldymy dil boldymy biljek däl ,maşgalada agzalalyk başlady. Merýem eje adamsynyň bir rus zenany bilen aragatnaşyk edýandigni aňdy we wagtyň geçmegi bilen bu durmyşda açan açanlyga geçip ugrady we ol rus zenany Leýlijigiň kakasyn bularyň elinden alyp ,öz ýurduna Rosiýa göçüp gitdiler. Ondan soň olardan ne hawar boldy ne-de hatyr.Şo gidişi gidiş boldy. Merýem eje ruhdan düşmedi, çagajyklaryna kakasyzlygyn bildirmejek bolup elinde baryn etdi. Gaýyn atasy ogly gelninden, çagasyndan geçip gitsede, ol agtyklaryndan ýüz öwürmedi we olara maddy kömek berip durdy. Wagt geçip durdy. Çagalar ese boýa galansoň Merýem eje Ahmeti Germaniýa ugratdy. Ahmet Germaniýada hem okady hem okuwyndan daşary işledi. Leýlini bolsa Belorusiýa uniwersitetine okuwa saldy.
Iki çagasyn hersini bir ýurtda okatjak bolup, ene elinde baryn etdi. Şol günleriň birinde adamsynyň aradan çykanyny eşitdi. Ol özlerinden geçip gitsede,iki çagaň hatyrasyna ol geçmandi, ýüregne saldi, sessiz aglady we ilkinji gezek infarkt berdi. Bu gezek ony lukmanlaryň kömegi bilen alnyp galyndy. Ýöne ýürekde arman galdy . Wagt geçdi ol ýarawsyzlygyn çagalaryna bildirmejek bolup jan edýardi, ýöne bu syry uzak saklap bilmedi we kanikula gelen Ahmet ejesiniň ýagdaýyn görüp Germaniýadan lukmanlar getirip seretdirmaniň ugruna çykdy. Ol okuwda wagty atasy bilen gepleşende ejesiniň hassahanadadygyn eştdi,we ol ýurda gelýanjçä ejesi ikinji gezek infartdan soň ,bu ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Ahmet bilen leýli bolsa mähriban käbesin görmek üçin ýurda kanikula gelýardi. Şeýdip bu ikisi ejesiz galyberdi. Indiki durmuş nahili bolar göz öňüne getirer ýaly däldi, ýöne durmuş dowam edýardi:
Gök astynda ýalñyz men,
ýer üstünde ýalñyz men,
Özüm aglap köşeşsem –
Hiç kimse bilmez, eje!..
Bagra basyp ýatardyñ,
Başym alyp otyrdyñ,
Süýjüje düýş getirdiñ...
Ol günler gelmez, eje!..
Toýda seni gözledim,
ýasda seni gözledim.
Wah, dözmezim, dözmezim,
Töwerek ýat, daşym ýat,
Jigerim-bagrym berbat,
Gideý diýsem başym ýaş,
Geçenok günler, eje!..
Gelinbarmak üzüm deý,
ýürek üzüm-üzüm-ley,
ýer ýok ýeriñ ýüzünde-ýeý,
Barmaga ýerim, eje!..
Ne ini barne aga,
Ne gapy bar barmaga...
Diýdirmen ýetim çaga!
ýok, ogluñ ölmez, eje!..
Ne iýmekde many bar,
Ne geýmekde many bar.
Men ýaşary pany dar –
Duşarsmy ölsem, eje!..
Eje-eje eje jan,
Tabyt boldy kejebäñ,
ýer astynda nije jan...
Üstde men tenha, eje!..
Uçrap eýmenç külpede,
ýalñyz galdym dünýede.
Nätjek, ýüzüm gülse-de,
ýüregim gülmez, eje!..
Ahmet okuwyn dowam etmek üçin Germaniýa gitdi. Ol o taýda işlap Leýla ýakyndan maddy kömek bermelidigine düşunýardi, sebabi bularyň okuwy döwlet tarapyn däldi, töleglidi. Bilýäňizä daşary ýurtda okajak bolsaň iň gymmat ýokarky okuw jaýy medunuwersitetlerdigini. Bu zatlardan baş alyp çykmak üçin diňe pul gerekdi. Kynçylykly günler indi başlapdy, ol hem okaýardy hem-de işleýardi. Leýliniň okuwy üçin jan edýardi. Ýöne wah ýöne bu-da uzak dowam etmedi.
Ahmet Germaniýada wagty ýol helakçilige uçraýar we aradan çykýar. Leýli agasy bilen internetde gepleşip bilman, howsala düşüp ugraýar. Ahmetiň ölümin gizleýaler, ýöne nädip ölümi uzak gizlejek. Durmuşda ýalan sözlamizok diýen bolýas ,ýöne ýalan sözlemeli ýerlermiz gaty kän gabat gelýar.Ahmetiň aradan çykan gününden ,onyň üçi güni Leýliň atasy hem bu zatlara ýüregi çydam edip bilmän aradan çykýar ....
Indi göz öňüne getirip bilýäňizmi. Hiç kimiň başyna düşmesin welin Allajan bu durmyşyň oýnuna adam nadip döz gelýarka diýip pikir edýan ,ýöne başyňa düşse adam başy daşdan gaty diýlenina, çydamaly bolýar, aglanyň bilen, uwlanyň bilen indi olary yzyna dolap bolanok. Leýli bu jaýyň içinde ýekeje özi bolup galýar. Onyň daýzasy namede bolsa ýakynragynda ýaşansoň, ýakyndan komek berip durýar ýöne esasy komek okuw pul ,dollaryň agzyn tanatmagy bu aladalar ýaş gyzyň ýeke özüniň baş alyp çykjak işi däldi. Ýöne wah ýöne nätjek biz yza däl-de öňe gitmelidik. Leýli tirsegine galdy we özüne güýç toplap ejesiniň,agasynyň we atasynyň arzuwyn durmyşa geçirmek üçin tijendi, ol okamalydy ondada diňe ýürek lukman, kardiolog bolmalydy. Olaryň iň soňky arzuwlaryn durmyşa geçirmelidi. Ol daýzasynyň kömegi bilen öýde bar bolan maşyny şatdy ýene pul ýasajak zatlary satyp okuw pullaryn jemledi we niredesiň Belorusýa diýip okuwyn dowam etmäge ugrady... Leýli, Leýlijan giň bol joram seniň ýagdaýyň meniň durmyşymda , başymdan geçensoň seniň ýagdaýyň men soramaly däl, men bar zada düşunýan. Sen mert gyz. Seniň duran ýeriňde hatda käbir erkek adam hem duryp bilmän kürtdürüp durar. Bu zatlardan hökman baş alyp çykarsyň, okuwyňy oka. Öňe seret. Geşmiş geşmişligine galsyn, indi yza yol ýok. Sen ýeke dälsiň, pikir etme ýekedirin öýtdüp şu taýda sen diýip ýören dost joralaryň badyr, we el kömek berip bilmesekde biz mydama seniň bilen joram dil kömegimiz, goldawymyz gaýgyrmarys.

awtory:Nowça
17
130
gullnara_
08.10.2023 21:34
Ποωςα Αλγεωα:
Geşmişden ýatlama

Jahan bilen Kakajan bile yasap yorenlerine bir yarym yyl bolup gelyardi. Ine yene bir gun , Kakajan ir bilen onkuleri yaly ir turyp ise howlykdy. Jahanyn bolsa sol gun yiregine bir hili howsalalyk bilen turdy. Yoldasyny ise ugradyp ol oy isleri bilen boldy. Olaryn dort aylyk ogullary hem bardy. Ine de birden oyde cyra sondu. Taze oye yakynda gocenleri ucun semdir,el cyra zatlar oyde yokdy. Sagat bas toweregidi gys paslynda garanky calt dusyardi. Jahan oglyny salanjaga salyp yatyrmana baslady. Gije barha golaylayady oyde yagtylyk cesmesinden dine el telefony bardy,yone onynam zaryady cokup gelyardi. Jahanyn sol irdenki howsalasy barha guyclenip ugrady, birden biri aynany kakayan yaly ses esidildi, Jahan calarak gorkdy sebabi olar ucunji gatda yasayardylar. Bu ses ashanadan gelyardi,Jahan gorkdy. Yoldasyma jan etsem telefon ocer,oy telefonam tokda isleyardi. Ol name etjegini bilman oz jayynda oglyny gujagyna olyp otyrdy. Yanyna pisigi hem geldi, az salymdan pisik ozuni bir tuyslek alyp barmaga baslady. Pisik ilki myawlap gapa seredip , sonra bolsa birden jayyn torune bokdude bir cunke garap myawlap ugrady. Sol pursat elindaki ogly hem sol tarapa bakyp gulup baslady,edil ony biri oynadyan yaly gorunyardi. Jahan gorkyp yoldasyna jan etjek boldy yone sol bada telefony ocdu. Name etjegini bilman tum garankyda oz jayynyn gapysyny yapdyda we oglyny alyp bile yatjak boldylar. Jahan oz icinden hazir Kakajanym geler hemme zat gowylyk bolar ,bu menin gozume gorunyandir diyip uklap galdy. Jahan duysunde Kakajany goryardi ol sol bir soz diyman yone sacyny sypalap opyardi. Bu duys edil cyndan bolyan yalydy. Birden tisginip gidip oz oglynyn agysyna oyandy. Seredip gorse oz otagynyn gapysy acyk dur eken,muna onem gorkan zenan ,ay pisijek acandyr diyip ozuni kosesdirdi.Sagat ondan isleyar eken Kakajan bolsa itegem oye gelmandir. Jahanyn yuregi bir zatlar syzyan yalydy,yone ol muna kan unus bermejek bolyardy. Ol oglyny elinde huwdulap sol ayna seredip oz yoldasynyn masyn goyyan yerine seredip durdy. Birden ha oyun ici yagtylanyp gitdi. Jahan begendi oye tok berdiler.Ol howlygyp telefonyny zaryada goydy welin oy telefony jynyrdady. Jahanyn yuregini yaran bu jany bir hili yagdaya saldy, yone sonda da almaly boldy.
- Bagyslan gelneje size bir gynancly habarym bar sizin yoldasynyz Kakajan yol helakciliginde aradan cykdy ,bagyslan yone biz size hic jan edip bilmedik....
Jahan telefony goydy we ozu basga jaya gecip aglamana baslady
Jahanyn yatlamalaryndan;
Sol gun ezizim sonky gezek yanyma gelipdirde, sol gunki bolan zatlar, menin duysume girip hoslasyp gitdi ezizimmm......
gijaniz rahat bolsun.
27
137
gullnara_
08.10.2023 11:05
Täsin suratlar
18
58
gullnara_
08.10.2023 08:09
Yolda işden öýe barýarkam öñümden bir gyz ýöräp barýardy, ol gyz yzyna seretdi-de basym ýöräp başlady, menem basym yöredim, soñ o gyz yene yzyna seretdi-de ylgap başlady, onsan menem ylgadym, soñ yzyna seredip gygyryp ylgap başlady, menem gygyryp ylgadym, nämeden gaçanymyza bilemok welin, yzyma seretmekdenä gorkdumowww.....
😂😂😂
28
277
gullnara_
07.10.2023 19:28
Täsin suratlar
34
165
gullnara_
07.10.2023 12:51
Adam hemme zatdan razy bolsa, onda ol doly akmak. Sagdyn adam hemişe hemme zatdan razy bolup bilmez.

Elbetde, biz erkekler aýallaryň durmuşymyzyň bezegi bolmagyny hakykatdanam isleýäris. Ýöne aýalyň durmuşymyzyň bezegine öwrülmegi, ilkinji nobatda bize baglydyr.

Ýüzlerçe adam  kanuny kabul etmek hakda oýlanýar, millionlarça adam bolsa bu kanundan nädip aýlanyp geçmek hakda pikir edýär.

W. Putin
23
93
gullnara_
07.10.2023 10:30
Näme üçin guşlar günorta tarap uçup gidýärler?
Sebäbi ýöräp gitseler gaty daş bolýar.😄
34
208
gullnara_
06.10.2023 14:35
Iň akylly we köp berilýän maslahatyň nämedigini bilýäňizmi:
MEN SAŇA AÝTDYM DÄLMI?
😅
27
253
gullnara_
06.10.2023 07:11
Durmuş haçan dymmagy öwredýär?

(Paýhasly pikirler)

Akylly we ak göwünli adamy döreden adam iň ökde ussadyr.
Gözleriňi ýumup söýmek hem ýigrenç bilen des-deňdir.
Ýalan sözleýänler hakykaty aýdýanlara ynanmaýarlar.
Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply.
Dostlaşmagy başarman sen özüňi talaýarsyň.
Durmuş haçan dymmagy öwredýär? Haçan-da derdiňi aýdara adamyň ýoklugynda.
Ýürekden nur almaýan owadanlyk adamlaryň gözünden düşýär.
Arassalyk ugrunda göreşmeli däl-de, syryp-süpüräýmeli.
Adamyň durmuşyndaky iň ýigrenji zat ölümdir.
Biperwaýlyk bilen elden giden Leýliň üçin gözýaş dökmek biderekdir.
Ussat ýazyjylaryň iň uly baýlygy beýleki adamlardan ýygnan gürrüňleridir.
Ynsanyň içinde basyrylgy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür.

Türkmen Gazet
19
65
gullnara_
05.10.2023 16:25

Çaga terbiýesinde muny diýerdim…


✔Barmagymy görkezip käýemegiň ýerine barmagym bilen surat çekmegi öwrederdim;

✔Çagalarym meni gujaklamak islänlerinde “Işim bar, git!” diýmegiň ýerine “Seniň bilen az wagt geçirýänim üçin bagyşla!” diýerdim;

✔“Bar oýna!” diýmegiň ýerine “Gel bile oýnaly” diýerdim;

✔“Şuny etmegiňi isleýärin” diýmegiň ýerine “Näme etmek isleýärsiň?” diýip pikirini sorardym;

✔Sorag beren wagty “Şuny hem bileňokmy?” diýmegiň ýerine “Gel bile öwreneli” diýerdim;

✔Peýdaly iş edende, üstünlikler gazananda “Berekella” diýerdim;

✔Bilmezden ýalňyşanda “Bolýan zat, hemmämiz ýalňyşýarys, indiki gezek gaýtalamajak bol!” diýerdim;

✔Bir işi oňaranda, işi gowy ýerine ýetirende “Tüweleme, nädip etdiň?” diýerdim;

✔“Bu gün okuwyň nähili geçdi, näme täzelikler?” diýip gyzyklanardym;

✔Okuwynda pes baha alanda “Men saňa ynanýaryn, mundan has hem köp okap, has gowy bahalary alarsyň” diýerdim;

✔Gürrüň edenimizde “Sen bu barada nähili pikiriň bar?” diýip sorardym;

✔“Şu wagt däl” diýmegiň ýerine “Seni diňleýärin” diýerdim;

✔“Ýok” diýmegiň ýerine “Şeýle etseň bolmazmy?” diýerdim;

✔“Soň” diýmegiň ýerine “Nesip bolsa, ýakyn wagtda” diýerdim;

✔“Ony et, muny et” diýmegiň ýerine, “Sen şu işi edeňde örän gowy edýärsiň, şuny etseň” diýerdim;

✔Sesimi gataltman, mylakat bilen düşündirerdim;

❤Çagalaryňyza wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň!

22
94