Çaga terbiýesinde muny diýerdim…
✔Barmagymy görkezip käýemegiň ýerine barmagym bilen surat çekmegi öwrederdim;
✔Çagalarym meni gujaklamak islänlerinde “Işim bar, git!” diýmegiň ýerine “Seniň bilen az wagt geçirýänim üçin bagyşla!” diýerdim;
✔“Bar oýna!” diýmegiň ýerine “Gel bile oýnaly” diýerdim;
✔“Şuny etmegiňi isleýärin” diýmegiň ýerine “Näme etmek isleýärsiň?” diýip pikirini sorardym;
✔Sorag beren wagty “Şuny hem bileňokmy?” diýmegiň ýerine “Gel bile öwreneli” diýerdim;
✔Peýdaly iş edende, üstünlikler gazananda “Berekella” diýerdim;
✔Bilmezden ýalňyşanda “Bolýan zat, hemmämiz ýalňyşýarys, indiki gezek gaýtalamajak bol!” diýerdim;
✔Bir işi oňaranda, işi gowy ýerine ýetirende “Tüweleme, nädip etdiň?” diýerdim;
✔“Bu gün okuwyň nähili geçdi, näme täzelikler?” diýip gyzyklanardym;
✔Okuwynda pes baha alanda “Men saňa ynanýaryn, mundan has hem köp okap, has gowy bahalary alarsyň” diýerdim;
✔Gürrüň edenimizde “Sen bu barada nähili pikiriň bar?” diýip sorardym;
✔“Şu wagt däl” diýmegiň ýerine “Seni diňleýärin” diýerdim;
✔“Ýok” diýmegiň ýerine “Şeýle etseň bolmazmy?” diýerdim;
✔“Soň” diýmegiň ýerine “Nesip bolsa, ýakyn wagtda” diýerdim;
✔“Ony et, muny et” diýmegiň ýerine, “Sen şu işi edeňde örän gowy edýärsiň, şuny etseň” diýerdim;
✔Sesimi gataltman, mylakat bilen düşündirerdim;
❤Çagalaryňyza wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň!