gullnara_
06.10.2023 07:11
Durmuş haçan dymmagy öwredýär?

(Paýhasly pikirler)

Akylly we ak göwünli adamy döreden adam iň ökde ussadyr.
Gözleriňi ýumup söýmek hem ýigrenç bilen des-deňdir.
Ýalan sözleýänler hakykaty aýdýanlara ynanmaýarlar.
Wyždanyňa sygmaýan zada göz ýummak örän howply.
Dostlaşmagy başarman sen özüňi talaýarsyň.
Durmuş haçan dymmagy öwredýär? Haçan-da derdiňi aýdara adamyň ýoklugynda.
Ýürekden nur almaýan owadanlyk adamlaryň gözünden düşýär.
Arassalyk ugrunda göreşmeli däl-de, syryp-süpüräýmeli.
Adamyň durmuşyndaky iň ýigrenji zat ölümdir.
Biperwaýlyk bilen elden giden Leýliň üçin gözýaş dökmek biderekdir.
Ussat ýazyjylaryň iň uly baýlygy beýleki adamlardan ýygnan gürrüňleridir.
Ynsanyň içinde basyrylgy ýatan güýç tebigatdaky täze bir güýçdür.

Türkmen Gazet
19
65
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.