gulkamar
30.05.2023 05:23

"Saman astyndan suw goýbermek"

Atalar sözüniň gelip çykyşy barada käbir gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşmagy makul bildim.

"Saman astyndan suw goýbermek". Gadym zamanlarda bir obada ýekeje çeşme bar eken. Şol çeşmäň hem suwy az bolansoň adamlar gezekleşip belli günlerde ekinlerini suwarar ekenler. Ýöne içlerinde köpbilmiş bar eken. Ol öz ekinine gizlin suw çekip, bildirmez ýaly hem üstünden agaç goýup, onuň üstüni hem saman bilen ýapypdyr. Ýaz gelende her kimiň ekini gurajak bolup ýatyrka onuň ekini güllap otyr diýýä. Obanyň adamlary hem geň galyp munda bir zada bar diýip çeşme bilen ekiniň aralygyny gowy edip barlapdyrlar. Görseler samanyň aşagyndan suw geçýän eken. Şol günden bäri hem hiç kime bildirmän, gizlin iş edenleir üçin şu söz hem ulanylýar.

23
316
gulkamar
29.05.2023 12:51
Gyzlar soýüşmäge akylly oglan gozleýäler tapansoñ bary bir däli etjek bolsañyz näme üçin köseýäñiz?

Gyz: Salam, näme edýäň?
Oglan: Salam, şu wagt dostlarym bilen otyryn. Azyrak işliräk. Soňurak ýazyşarys.
Gyz: Düşünikli, dostlaryň menden has möhümdä?
Oglan: Näme samsyk gürleýäňe, aýdýana işliräk şu wagt.
Gyz: Boldy boldy, düşündirip otyrma, men saňa gerekdäl.
Gyz: Meniň öýkelänim seniň parhyňada dälmi?
Oglan: Näme? Nämeden öýkelediň?
Gyz: Men öýde ýeke otyryn, sen bolsa wagtyňy gowy geçirýäň...
Oglan: Muny, näme ýene sögüşjek bolup dursuňmy?!
Gyz: Boldy unut, oturyber şo taýda.
Gyz: Bah! Sen maňa hiç zadam ýazmadyň!
Oglan: Sen özüň unutmagymy islediňä?!
Gyz: Diýmek seniň üçin normalmy, men öýkeläp otyryn, sen hiç zadam edeňok?
Oglan: Diňle meni, problema näme-de? Sen öz joralaryň bilen oturaňokmy?
Gyz: Bolly, gürleşemok sen bilen. Poka!
Gyz: Goýun, sen maňa ýazmagy we ötünç soramagy pikirlenmediňmi?
Oglan: Eeeee! Özüň aýtdyňa gürleşemok sen bilen diýip, şol sebäplide ýazmadym.
Gyz: Indi men günäkärmi ähli zatda?! Bagyşla onda saňa päsgel berýän bolsam. Onda meni taşlarsyň hä?
Oglan: Boldy, gutar! Gaýtdym dostalarymyň ýanyndan. Tizden barýan.
Gyz: Gelme bärik, göresim gelenok seni.
Oglan: SEN NÄME ISLEÝÄŇ?
Gyz: Hiç zat! Unut! Otyryber dostlaryň bilen. Poka!
Gyz: Hany nirede sen?
Oglan: Sen näme, adam oýnaýaňmy? Ýaňy seni göresim gelenok diýdiňä?!
Gyz: Sen gelmelidiňda men seniň üçin gymmatdygymy bildirmelidiň.
Oglan: Wah señ... Barýan häzir!
Gyz: Gerek däl, men öýkeledim!
Oglan: Gapyny aç, men geldim!
Gyz: Açmaýan! Aýtdyma seni göresim gelenok diýip.
Oglan: Sen gyz şonda-da gelmegimi islediňä...
Gyz: Aýdan wagtym gelmeli ekeniň, indi giç.
Oglan: Bar yok bol onda!!!!
Gyz: Gaty gördüňmi ezizim?
Gyz: Ezizim, bagyşla meni!!
Gyz: Sen nirede ezizim??
20
311
gulkamar
28.05.2023 17:22
Howwa, men şeyle...içimde ot tütäp dursa-da adamlara bildirmejek bolup ýylgyrýan. Göwnüme degmek gaty aňsat, sebabi gaty ynanjaň."Hiç wagt bagyşlamaryn" diýibem,bagyşlayan. Arzuw edyan,arzuwlarym bilen yaşayan. Bir bakyşda söýgä ynanmayan. Tiz-tizden söýgä uçrap duramok.,söýsem çynym bilen we hemişelik söýerin . Geçmişimi unutmak isleyän, yöne yatlayan... Söýüşyänlere hemişe "bir-biriňizi sylaň!" diýýän...
14
60