Gyzlar soýüşmäge akylly oglan gozleýäler tapansoñ bary bir däli etjek bolsañyz näme üçin köseýäñiz?
Gyz: Salam, näme edýäň?
Oglan: Salam, şu wagt dostlarym bilen otyryn. Azyrak işliräk. Soňurak ýazyşarys.
Gyz: Düşünikli, dostlaryň menden has möhümdä?
Oglan: Näme samsyk gürleýäňe, aýdýana işliräk şu wagt.
Gyz: Boldy boldy, düşündirip otyrma, men saňa gerekdäl.
Gyz: Meniň öýkelänim seniň parhyňada dälmi?
Oglan: Näme? Nämeden öýkelediň?
Gyz: Men öýde ýeke otyryn, sen bolsa wagtyňy gowy geçirýäň...
Oglan: Muny, näme ýene sögüşjek bolup dursuňmy?!
Gyz: Boldy unut, oturyber şo taýda.
Gyz: Bah! Sen maňa hiç zadam ýazmadyň!
Oglan: Sen özüň unutmagymy islediňä?!
Gyz: Diýmek seniň üçin normalmy, men öýkeläp otyryn, sen hiç zadam edeňok?
Oglan: Diňle meni, problema näme-de? Sen öz joralaryň bilen oturaňokmy?
Gyz: Bolly, gürleşemok sen bilen. Poka!
Gyz: Goýun, sen maňa ýazmagy we ötünç soramagy pikirlenmediňmi?
Oglan: Eeeee! Özüň aýtdyňa gürleşemok sen bilen diýip, şol sebäplide ýazmadym.
Gyz: Indi men günäkärmi ähli zatda?! Bagyşla onda saňa päsgel berýän bolsam. Onda meni taşlarsyň hä?
Oglan: Boldy, gutar! Gaýtdym dostalarymyň ýanyndan. Tizden barýan.
Gyz: Gelme bärik, göresim gelenok seni.
Oglan: SEN NÄME ISLEÝÄŇ?
Gyz: Hiç zat! Unut! Otyryber dostlaryň bilen. Poka!
Gyz: Hany nirede sen?
Oglan: Sen näme, adam oýnaýaňmy? Ýaňy seni göresim gelenok diýdiňä?!
Gyz: Sen gelmelidiňda men seniň üçin gymmatdygymy bildirmelidiň.
Oglan: Wah señ... Barýan häzir!
Gyz: Gerek däl, men öýkeledim!
Oglan: Gapyny aç, men geldim!
Gyz: Açmaýan! Aýtdyma seni göresim gelenok diýip.
Oglan: Sen gyz şonda-da gelmegimi islediňä...
Gyz: Aýdan wagtym gelmeli ekeniň, indi giç.
Oglan: Bar yok bol onda!!!!
Gyz: Gaty gördüňmi ezizim?
Gyz: Ezizim, bagyşla meni!!
Gyz: Sen nirede ezizim??