gulkamar
30.05.2023 05:23

"Saman astyndan suw goýbermek"

Atalar sözüniň gelip çykyşy barada käbir gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşmagy makul bildim.

"Saman astyndan suw goýbermek". Gadym zamanlarda bir obada ýekeje çeşme bar eken. Şol çeşmäň hem suwy az bolansoň adamlar gezekleşip belli günlerde ekinlerini suwarar ekenler. Ýöne içlerinde köpbilmiş bar eken. Ol öz ekinine gizlin suw çekip, bildirmez ýaly hem üstünden agaç goýup, onuň üstüni hem saman bilen ýapypdyr. Ýaz gelende her kimiň ekini gurajak bolup ýatyrka onuň ekini güllap otyr diýýä. Obanyň adamlary hem geň galyp munda bir zada bar diýip çeşme bilen ekiniň aralygyny gowy edip barlapdyrlar. Görseler samanyň aşagyndan suw geçýän eken. Şol günden bäri hem hiç kime bildirmän, gizlin iş edenleir üçin şu söz hem ulanylýar.

23
316
mandarin
28 Iýun 2023
Salam
Azik
30 May 2023
👍👍👍
ideallider
30 May 2023
Goýun bilen geçi çeşmeden böküp geçip ýoly dowam etmeli diýen netijä gelipdirler. Şonda goýun ilki suwdan böküp geçeninde, geçi "Bökeňde guýrugyň hörünýär" diýip gülüpdir.👍
okyjy dz
30 May 2023
Mekdepde edebiýat mug. bir okuwça käýände şu sözi ulanypdy welin, köpimiz partaň aşagyna seredýäsä😂, şonda mug gysgaça düşündüriş beripdi
annajemal
30 May 2023
Täsin 👍
Ayla
30 May 2023
Durnukly Soz duzumi
Dostlar
30 May 2023
Täsin maglumat😯😯😯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.