gulia_maksatmyradowna
09.12.2023 08:49
Ykbal meniň maňlaýymdan öpüpdir...


Meniň ýalan Dünýä inen günümde,
Ykbal meniň maňlaýymdan öpüpdir.
Öpmek bilen galman meniň dünýäme,
Baky Gün nury deý şöhle saçypdyr.

Şol şöhle şeýlebir ýagtylyk saçýar,
Ýitirmejek ýaly asla ýolumy.
Ýok, ýok, ýitirmerin asla ýolumy ,
Çünki ykbal maňa Eje beripdir.

Ykbal şöhlesini belentden saçýar,
Göýäki, dag ýaly arkamda durjak.
Umydym üzülip, umytsyz çagym,
Umydym dikeltjek Kaka beripdir.

Ykbal şöhlesini dört ýandan saçýar,
Üç sany mähirli Uýa beripdir.
Kyn günümde arka çykyp, goldajak,
Ykbal bir goç ýigit dogan beripdir.
34
155
gulia_maksatmyradowna
08.12.2023 21:21
Wagt nämeleri alar?



Ýene bir ýylyň soňuna ýetip gelýäs. Aslynda belkem bu makala edil doglan günümde ýazylaýmaly makalady, ýöne näme üçindir doglan günlerde adama oturup arkaýyn gynanmana berenoklar. Içinde agyr bir gussa daşyna daşyp bilmän hasam beter goýalyp çöküp gidiberýän ýaly. Sebäbi adamlar doglan günlerinde begenmäne zorlanýarlar. Ýene bir ýylyň geçip gidenine begenmäne... Şuwagt welin beýle zorluk ýok. Güýzem geçip barýar, gyş geldi diýibersegem bolar. Çaýyň bugaryp demini alyp durşy ýaly gussaň buguny çykaryp demlenip oturubermek üçin ýaman gowy pursat. Şeýle wagtlarda gama batyp oturmagyňam öz keýpi bolýar. Seni durmuşa baglaýan, begendirýän, görejiň içine zöhre ýyldyzy dogurdýan adamlaram ýadyňa düşmäkä gamlanyp ýetişmek gerek. Şükür nazaryndan töweregiňe ser aýlasaňa gamlanyp oturmak näşükürlik ýaly hem gelip biler. Ýöne şeýle seredeniňde şeýle bir gamlanmana zat kän welin...

Aram-aram oturup nämeler ýitireniňe göz aýlaýaň, nämeler tapanyňa-da elbetde. Tapan zatlarym sanardan kän, ýitirenlerimi sanamana gaýratym çatanok. Ýöne indi ýitirjeklerime seredeniňde şu wagta çenli ýitirenlerim hiç zat. Bir tarapdana özümi kösençlik baryny çekibilen ýaly duýýan, bir tarapdanam indi çekiljeklere garanyňda bujagaz hiç zat bolup galaýjak ýaly. Durmuş hemişe kynlaşyp gidenokmy eýsem. On ýyl öňki aladalaryma seredip otursam, nähili boş zatlardygna düşünse bolýar. On ýyl öňem on bäş ýyl öňküler barada edil şeýle pikirde bolandyryn. Ýöne näçe kiçi görsegem, şo wagtky kiçijek aladalar meni şu wagtyň has uly aladalaryndan goraýar. Ýa has ulurak aladalara eýe çykmaga taýýarlaýarmy? Bilmedim. 10 ýylyň içinde wagt menden nämeleri aldy? Hiç sanamadym. Garadan gaýtmazlygymy aldymy meselem? Entägem öňki ýaly ikirjiňlenmän okdurlyp bilýänmi maksadyma? On ýyl öňki zehinim barmy entägem? Pikir ýöretmäne gaýratym bir galdymy? Wagt adamdan gaýratyňam alaýsa onda zehinini alyp oturasy işem galanok. Ýöne alanyma göra ikisinem alaýyn diýen bolup biler. Gaýratym ýok diýip pikir ýöretmäni goýsaň, zehiniň öz-özünden köreler gidiberer. Wagt menden başga nämeleri aldyka? Beýle-de bir bildirmän almak bolaraý. Ýiteninem duýman galýaň. On ýyl öňki hyjuwymdan näçeräk galdyka?

Adamzada birzatlary goşant goşjak ýaş ýigit, nätdiň onsoň, adamlara ýük bolmanjyk ýaşap oňarýaňmy? Ýa entägem giç däl diýip öz arkaňy özüň sypalaýaňmy? Töweregiňdäki hudaýdan peşgeş adamlar bolmasa sen nämä derkar? Ýene şolar göwünlik berip içimdäki dereksizlik duýgusyny azaldyp durýarlar. Olar maňa hudaýyň beren iň uly peşgeşi. Wagt köp zatlary alsa-da şol adamlaryň sanyny hiç haçan azaltmady. Merjen gabygynyň müňlerçe litr suwy süzüp merjen ýasaýşy ýaly. Ýüzlerçe adamdan şolara ýelmeşip galmak, olaňam hiç gopman gitmänligi – maňa mundan uly peşgeş berilendir öýdemok. Käşgä olaryň gadyry diňe dilimde bolmasady. Käşga amallarym bilenem olara sagbolsun aýdyp bilsedim. Sen olary berene bir şükür edip oňarýaňmy diýsene. Halka sagbolsun aýdyp bilmedik hudaýa şükür etmez diýýär hadysda{1}. Ömrümde perişde ýaly adamlaryňam biri gitse beýlekisi geldi durdy. Aralar daşlaşdy elbetde ýöne hiç ýitmediler. Iň bolmanda ýol görkezýän ýyldyzlar bolup uzaklarda bir ýerlerde parlap durdular. Wagt bir gün hemme zady alyşy ýaly edip olary hem alaýsa men näme ederkäm. Menem kimdir birileriniň ýyldyzy bolup oňararmykam? Indi ýuwaş ýuwaş kömek alýan tarapdan berýän tarapa geçmelidiniň ýüki münýär egnime. Maňa munça wagt goldaw bolan adamlar bu ýüki nädip göterdilerkä? Hem şol hyjuwy, gaýraty, zehini saklamak, hemem bu ýüki götermek, ikisi birden başardýan zatmyka bir? Wagt bir tarapdan ýük ýükläp beýleki tarapdanam menden bölek-bölek goparyp durjakmyka? Ýene on ýyldan bu makalany okanymda nämeleri ýitirenime göz ýetirerkäm? Ýene bir makalany sorag belgilerinden doldurdum. Meni okamana gelen adam menden jogap tapmajagna gözi ýetip gelendirle. Mende jogapdan köp sorag bar. On ýyl diýmäne-de gaýratym çatanok. Ahyr ýitiriljekleriň bir gün ýitjekdigini boýun alasym gelenok. Ýaňky sözlemde on ýyl ýerine ýigrimi ýyl diýip ýazsam ýigrimi ýyl ýitirmän gezäýjek ýaly duýgy bar ýüregimde. Adam hakykatyň öňünde beýle-de bir namart bolar eken. Boýun almak gerek, edil ertir näme ýitirjegimden hem habarym ýok. Berýänem özi alýanam diýmekden başga çäre-de ýok. Berenine-de şükür, aljagyna-da. Bir gün bu goldawlar giden wagty içi boşlugum bildirip opurylyp ýykylyp gitmekden ýaman gorkýan. Birileriniň goldawy bolup bilmezlikden ýaman gorkýan. Wagtyň menden aljaklaryna taýýar bolup bilmezlikden ýaman gorkýan. Haýaljakdan, bildirmänjik alan zatlaryna ünsem beremzok, ejizlänimizem duýman galýas welin, tarpa-taýyn alynjaklardan gorkýan. Haýsy ýitginiň netijesiniň has gorkunçlygy barada bolsa hiç hili pikirim ýok.

Awtory: Ýaran Allamyradow

Çeşme: medium.com
50
344
gulia_maksatmyradowna
08.12.2023 15:08
Pikir ummanyndan bir damja...


Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde.

Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading”. Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.”

«Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl, çilimiň galyndysy, kirli sary giden esgi, köne köwüş, boş çüýşe, gurluşykdan galan zyňyndylaryň içinden çykarylan döwük tagta ýa-da demir bölekleri kähalatda öz agramyndan agdygrak baha satylýar, şolaryňam alyjysy tapylýar. Emma kitap bar-a, şu bagtygara kitap, görgüsi ýaman kitap welin, ýerde ýatyşyna, itiň tezegi bilen deň derejede görlüp, aşagyna bir bölek mata ýazylman bazara çykarylýar. Öz ylymlaryny, edebiýatlaryny dabanlarynyň derejesinde gören, beýnisiniň iýmitini ýerde süýräp ýören bir halkda kitabyň abraýynyň iň bolmanda dükanlarda iki metr belentlikden asylan sübsäniňkiçe-de däldigini aýtsa bolar. Ýazuwyň täzesi-könesi, ýazyjynyň beýigi-pesi, eserleriň gündogarkysy-günbatarkysy, ýazylan ýa-da terjime edilen, ýazuwyň, ýazarlygyň we hiliň her dürli görnüşi aýak astynda. Mähriban ildeşim! Bu betbagtçylygyň aňyrsynda bir duşmanyň topraklarymyzy eýelemegi ýaly gorkunç howp gizlenip ýatyr. Mähriban ildeşim! Uly-uly apatlar, kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeýän milletiň bütin galkynyş hereketlerini ýok eder. Mähriban ildeşim! Gowy-erbet, degerli-degersiz, ýazylan terjime edilen näme bolsa bolsun, bu kitaplardan paýyňa düşenini al. Ýorganyňy sat, ýöne al, olaryň mertebesini galdyr!»

-Peýami Safa

Bu ýüzlenme hernäçe Osmanly döwründen soňky kitaba berlen (ýa-da berilmedik) ähmiýeti barada bolsa-da, menä özüme çekýän. Bu sözleriň üstüne söz sözlemegiň manysy ýokmyka diýýän. Açyk beýan edilipdir. Nesip bolsa kitaplaryň hakyny berip bileris umydy bilen….

Awtory:Abadan....
Çeşme: Medium.com
42
150
gulia_maksatmyradowna
05.12.2023 18:50

Dogan guşlar.



Bir wagtlar gür tokaýyň içinde uly agaçda bir ene guş özüniň höwürtgesini gurupdyr. Onuň iki sany kiçjik jüýjeleri bar eken. Ene guş olary idedip geziberýär. Bir gün güýçli tupan turýar we bularyň höwürtgesi duran agaç hem ýykylýar.


Bu tupanda jüýjejikler aman galypdyr. Güýçli şemal olaryň birini garakçylaryň bolýan gowagynyň agzyna, beýlekisini bolsa bir takwa adamyň çatmasynyň golaýyna taşlapdyr.


Günler, aýlar geçipdir, hälki iki jüýje hem uly guş bolup ýetişýär. Bularyň bolýan ýurdunyň şasy bir gün awa-şikara çykýar. Patyşa aw awlap ýörkä, onuň öňünden bir owadan keýik çykýar. Patyşa hem muny görüp, münýär söbügine… kellesiniň göçgünine özüniň hyzmatkärlerinden uzaklara gidip, sümme tokaýyň içinde azaşanyny-da duýman galýar. Ol ahyry ýadap, talaňçylaryň bolýan gowagynyň ýanyndaky agajyň aşagynda dynç almak üçin oturanam şol welin, ýokardan: «Ýetiň! Howlugyň! Agajyň aşagynda biri bar. Onuň gymmatbaha zatlaryny talaň!» diýen ses eşidilýär. Patyşa ýokarysyna esewan etse, bir ullakan mele guş oturan eken. Birdenkä gowakdan goh-galmagal eşidilip başlaýar. Patyşa hem bu ýerlerde eglenmän, arany açanyny kem görmeýär we atyny gaty çapyp gaýdýar. Ýolda gidip barýarka, bir çatmanyň üstünden barýar. Onuň hem gapdalynda agaç gögerip oturan eken. Patyşa oňa atyny baglap, birsellem dem-dynç almak üçin oturýar. Ol ýene ýokardan bir ses eşidýär: «Biziň çatmamyza hoş geldiňiz! Geliň, içine giriň, çatmanyň eýesi hä diýmän geler. Çäýnekde sowujak suw hem bardyr».


Patyşa ýokarsyna seretse, şol gören guşuna meňzeş guş otyr. Ol öz geňirgenmesini gizläp bilmän: «Älhepus, bu guşlaryň meňzeşligini. Bu şol gowagyň ýanyndaky guşa meňzeýän ýaly-la» diýýär.


«Hawa, siz mamla. Ol guş meniň doganym, ýöne ol garakçylar bilen dost bolandan soň, diňe şolaryň aýdanyny edýär. Ol indi meniň bilen hiç hili gatnaşmaýar» diýip, jogap berýär.


Şol wagt takwa adam hem öz çatmasyna gaýdyp gelýär. Ol myhmana edep bilen salam berip, öýe girmegi mürähet edýär. Hal-ahwal soraşylandan soň, patyşa özüniň gören ahwalyny gürrüň berýär. Bu guşlaryň daşky görnüşiniň näçe meňzeş bolsa-da, hüý-häsiýetleriniň düýbünden başgaçadygyny aýdýar.


Takwa adam bolsa, ýylgyryp: «Könelerimiz ýigidi dostundan tana diýip, ýönelige aýdan däldirler. Ol guş garakçylar bilen dostlaşandan soň, diňe olara kömek berýär. Bu guş bolsa çatma gelýän adamlary mähir bilen garşylaýar. Häzir bolsa içeri giriň we dynç alyň. Men size bu ýerler we guşlar hakynda has köp zatlar gürrüň bereýin» diýip, myhmanyny alyp, çatmasyna girýär.


Iňlis dilinden terjime eden: Ajaýyp NOBATOWA

45
246
gulia_maksatmyradowna
02.12.2023 18:42
Menem Öserin...



Aram-aram oturup başy garly daglara seredýäň. Asyrlary başyndan geçiren goja dag ägirtligi bilen ejizligiňi ýüzüňe basýar. Senem alaçsyz boýnuňa alyp başyňy egýäň. Soňam ýene çür depesine seredýäň. Kelläňden herhili pikirler geçýär. Soraglar sorasyň gelýär. Wagtynda şu dagam tep-tekiz bolanmyka? Näçe goja bolsa-da ýer şaryň özündenä goja däldir.

Iň ýokarydaky nokady ünsüňi çekýär. Millionlarça ýyllap dowam etjek ösüşiň başy nädip başlandyka? Ägirt-ägirt plitalaryň arasynda gysyldymyka? Ýa müňlerçe ýyllap bagrynda magma gaýnatdymyka? Eý çür depe! Senem şu beýikligiňe töweregiňdäkileri günäkärläp, “bulara ösenok” diýip zeýrenip ýetdiňmikäň? Ýa “men öseýin töweregimdäkilerem hökman yzymdan geler” diýdiňmikäň? “Aý borla, haçan ösüljek, haçan beýgeljek, bu zatlar million ýyl alýara” diýdiňmikäň senem? Beý diýen bolsaňa ösübem başlamazdyň.

Bagryňdaky hereketlilik, iki tarapdan gysylmak aňsada däldir. Titräp-titräp silkinensiň. Seniň bilen asmana çykmana taýýar däl daşlaram pytrap gaçandyr. “Aý ýok bular pytrap gaçyp ýatyra” diýip ösmekden dändiňmi senem? Ýa-da “has berk ýapyşan daşlarym meniň bilen” diýip dowam etdiňmi?

Beýige galdygyňça şemal köpelýär, howa sowaýar. Bu zatlaram seni gorka saldymy eý goja dag? “Hemme zat meň üstüme gelýär, bar tupanlar maňa sataşýar” diýip naladyňmy? Ýa “bu beýiklikde öňem şemal bardy, beýikligiň tebigaty şeýle” diýip çydamak bilen bolduňmy?

Ýokary çykdygyňça jandarlar azalýar, ýalňyzlaşýaň. Depäň gardan, buzdan dolýar. “Bu zatlar meni hasam ýalňyzlaşdyrýar” diýip zeýrendiňmi? Doňaklykdan ýadadyňmy? Ýa düzlüklere jan berjek derýalaryň gözbaşyndan teselli tapdyňmy. “Men şuwagt doňaklyga, ýekelige çydaýan ýöne ýaz geler bu doňaklyklardan akan çeşmeler dürli jandarlaryň teşneligni gandyrar” diýip kalbyňy köşeşdirdiňmi?

Adamlar seni sowuk diýip, ruhsuz diýip ýazgardylarmy? Men barada kim näme diýýär diýip gulak gabartdyňmy? Ýa herkimiň diýen sözüni özüne gaýtaryp berdiňmi?

Bu soraglary senden düzlüklerde oturan ýerimden soraýan. Saňa, beýikligňe gözüm gidýär. Ýöne iň bolmanda düzlüklere dagdyr öýdýän daglardan habarsyz çöketliklerden biri däldigime-de şükür edýän. Hawa, bar edýän zadym gury şükür. Töweregimdäki düzlükleri günäkärläp bolsam ösüp başlarynda menem.


Galamkesh-Ýaran Allamyradow.
44
220
gulia_maksatmyradowna
01.12.2023 19:36

Diňeje bir günlük ömri bolan Kebelege🦋 Çopantelpek🌼 aşyk bolupdyr, ýöne Kebelegiň🦋 ölmegine sekuntlar galanda Çopantelpek 🌼: \" Seni söýýän ! ❤️\" diýip , kebelege öz söýgüsini aýdypdyr. Şonda kebelek diňeje \"Menem.........\" diýip ýetişipdir we ömri gutarypdyr😔. Çopantelpek🌼:\"näme üçin ony söýýändigimi wagtynda aýtmadym?\" diýip, gynanjyndan ýaňa hassa bolupdyr we ýapraklaryny döküp başlapdyr. Onuň her ýapragy gaçanda :\" Seni söýýän!❤️\" diýipdir. Iň soňunda Çopantelpegiňem🌼 ömri soňlanypdyr. Şo günden bäri söýýändigini söýýänine aýdyp bilmeýänler Çopantelpekden🌼 sorapdyrlar:

- Söýýärmi?❤️

- Söýenokmy?💔

- diýip.





terjime eden : @gulia_maksatmyradowna.

( ýalňyşym bar bolsa bagyşlap bilersiňiz diýip haýyş edýän!:)

49
153
gulia_maksatmyradowna
28.11.2023 00:41
Siz/Biz ýalta däl!


\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\"Ýaltalyk\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak \\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\"Biz ýalta däl!\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\".

Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär:

Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz.

Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk.

Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada \\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\"ýalta\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\" diýip ters pikir ýöretmegimize getirýän başga sebäpler bar.

Ol sepäpleri birnäçe düşünjedir ýalñyş hereketimiziñ bize täsir etmegi diýip alyp bileris. Şol sebäler zerarly biz işi erteläp başlaýarys.

1. Biz energiýamyzy nädogry ulanýarys.

Belli bir wagtda ýatyp turmazlyk, has giç uklamak, ukusyz galmak ýadawlyga getirýär. Energiýamyzy etmeli zadymyzdan öñ ýalñyş we gerek däl zatlar üçin ulanyp gutarmagymyz, ýerine ýetirilmeli işe höwesi, islegi azaldýar.

Energiýamyzy ýerine ýetirmeli ýumuşumyza däl-de bizi oýa saklamaga ýa-da biderek zatlara sarp edýäris. Ýumuşy ýerine ýetirmäge gezek gelende bolsa ukymyz tutup başlaýar.





2. Pikirlerimiz bizi aldaýar.

Herekete başlamak, ilkinji ädim adatdan daşary ýagdaýda kyn bolup görünip başlaýar. Şeýlelikde, işi erteleýäris, ünsümizi başga zatlara bölýäris. Añymyz bizi işiñ kynlygyna, onuñ bolup bilmejek zatdygyna ynandyrmak isleýär, bahanalar tapýar.

Edilmeli iş barada ýeterlik resurslarymyzyñ, ýol görkeziji biriniñ, wagtymyzyñ... ýokdygy barada pikir edip başlaýarys. Hatda işi edip başlanymyzda ýitirjek wagt, energiýa hem-de yhlasymyzdan köp energiýa we wagty çenden aşa pikirlenmeklige sarp edýäris.




3. Şowsuzlykdan gorkýarys.

Ýalñyşmak, şowsuzlyk aslyda biziñ iñ gowy \\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\"mugallymlarymyzdyr\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\". Ýalñyşyp özümiziñ öwrenen tejribämiz bize iñ gowy sapagy öwredýär, bizi biz edýär. Indiki işe başarjañlygymyzy ösdürýär.

Işeññir - Iş etmekde tapawutlanýan, iş başarýan, işjeň.

Işeññirlik - Iş bitirmekde tapawutlanyjylyk, iş başaryjylyk, işjeňlik.

Errare humanum est - Adamzada ýalñyşmaklyk mahsusdyr.

Ýatda sakla: Ýalñyşmaýan adam, hiç zat etmeýän adamdyr!

4. Ideal bolmak möhüm däl.

Ideal, kämil, birkemsiz (100%) diýen zat ýok, ideala ýakyn zat bar. Medisinada hem 99.9% takyklyk ulanylýar. Ideal bolmaz diýip işi etmekden gaçmañ.



5. Kritikadan, tankytdan gorkmaly däl.

Düzedilýän ýalñyşlyk ösüşi añladýar. Tankyt edil edebiýaty kämleşdirişi ýaly biziñ hem has ajaýyp bolmagymyza eltýär.

Adamyñ kämilligini edebiýat bilen deñeşdirseñ, onda her bir şahsyýetiñ özüne mahsus stili bolýar, käwagt kemçilik diýip pikir edýän zadymyz bizi has täsin we üýtgeşik, deñsiz-taýsyz edýär.

Tankytdan gorkman başlanan işiñ netijeleri başda bizi kanagatlandyrmasa-da, ýuwaş-ýuwaşdan biz bir ýerlere bararys. Başlanmadyk iş bolsa bizi hiç ýere eltmez.

Şu ýerde, Italiýanyñ Pisa binasyny ýatlap geçsek laýyk bolarmyka diýýän :)



Umuman, biz ukyny dogry almaýan, şowsuzlyk, tankyt edilmek, işi ideal edip bilmezlik barada aşa pikir edýän wagtymyz işi etmekden ýaýdanýarys we ony erteleýäris.

Siz nähili pikirde?

Henizem özüñize ýalta diýýäñizmi?




50
237
gulia_maksatmyradowna
27.11.2023 00:49
"Döwür elmydama üýtgär-de durar,
Bu gün düýne gider, düýnüň hiç gelmez"

G.Ezizow.
49
157
gulia_maksatmyradowna
27.11.2023 00:48
Bagt näme diýseler - Buddha (birazajyk pelsepe 2)




Gadyyym döwürlerde (563-483 b.e.ö) şuwagtky Nepalda owagtlar Lumbini diýen ýerde, gurplyja bir maşgalada gowja oglanjyk ýaşap ýör eken. Bir diýeni iki gaýtalanmaýan, döwrüniñ şertlerine görä maddy ýagdaýy gaty gowy bolan bu oglanjyk bir gün, bu zatlaryñ hiiiiiçisinden lezzet alyp bilmeýändigine göz ýetiripdir. Şeýdip Akyşyñ \"bagt näme diýseler, puldur öýtmäñ adamlar\" aýdymynyñ sözlerini pikirlenmäne başlapdyr.

Yañky oglanjygymyz, Siddharta Gautama, haaas meşhur ady bilen Buddha(ýagtylanan-durmuşy çözüp taşlan diýen manyda), bu barada pikirlenip başlapdyr. Buddha bu keýpleriñ ahyr soñy näme üçin jebir berýändigine düşünjek bolupdyr. We şeýle netijä gelipdir. Bu lezzetleriñ ahyr bir gün hassalyklar, ölüm we garrylyk ýaly sebäpler bilen soñunyñ geljegi bize ejir çekdirýär. Diýmek aslynda ejir çekmegimize sebäp bolýan zat bu lezzetleriñ dowamly bolmagyna bolan islegimiz we höwesimiz. Onda biz ejir çekmekden halas bolmak üçin isleglerimizden we höweslerimizden gopmalydyrs, olardan halas bolmalydyrs, diýip pikir edipdir. Ýöne özüne sütem berip bagt tapjak bolýanlaryñky ýaly eýlesini beýlesini kesmändir.

Onuñ ýerine has üýtgeşigräk ýoly, türkmençilikde-de aýdylyşy ýaly derwüşligi saýlapdyr we günorta tarap Hindistana aýlanmana başlapdyr. Bu höwes we arzuwlardan nädip halas bolmalydygynyñ ýoluny gözläp ýörkä birden kellesine bu arzuwlaryñ \"EGO\" ýagny bir \"MEN\"-e baglydygy gelipdir. Bu islegler bizin tebigatymyzda bar bolsa, olaryñ hem bary \"EGO\" bagly bolsa, onda men eýdip beýdip öz menligimden dynmaly diýägede ony nädip sadalaşdyrmalydygyñ ýoluny gözläpdir. Soñam şeý diýipdir: Biz bu durmuşdan aýry bir bölek däl, bizden öñkiler bar, we bizden soñkylar bolmaly, şeýlelikde biz aralykda ýönekeýje bir köpri. Onda \"MEN\"lik duygusyna beýle uly baha bermek hökman däl. Netijede Buddha \"MEN\"ligi ýok hasap etmezden sadalaşdyrmagyñ özüçe ýoluny tapypdyr, we bu ýol arkaly ýetilýän bagtyñ çür depesine NIRWANA diýip at beripdir.

Buddhañ maslahaty boýunça NIRWANA eltýän sekiz ýoly hem aýdyp gürrüñi tamamlaýaly:
1. Dogry añ
2. Dogry düşünje
3. Dogry gürrüñ
4. Dogry üns
5. Dogry yhlas
6. Dogry güzeran
7. Dogry niýet
8. Dogry hereket

\"Asudalyk içiñden gelýändir, ony daşarydan gözleme!\" - Siddharta Gautama

Ýaran Allamyradow -galamkesh
42
337
gulia_maksatmyradowna
23.11.2023 18:45
Aýna, aýna aýt sen hemmä hiç kim hiçkimiň göwnüne degmesinle şu dünýäde.
42
466