gulia_maksatmyradowna
08.12.2023 15:08
Pikir ummanyndan bir damja...


Arada şeýleräk ýazga duş gelipdim. Setirler maňa tanyşdy birhili. Halkymyzyň kitaba bolan umumy garaýşy surtalandyrylýardy hakykatçyl bir äheňde.

Iň begenýän zadymam näme bilýäňizmi? Pikirler we garaýyşlar satyn alynanok, olar mugt:). Şol sebäpli şeýle ägirtleriň işlerini siz okyjylara, ýagny pikirlenýän adamlar bilen paýlaşmak meniň üçin lezzet. Ted aýtmyşlaýyn “Ideas worth spreading”. Hem arada maňa diýildi: “Pikiri pikirlenip bilýän adam bilen paýlaşmaly.”

«Türkiýede kitap ýaly gadyrdan gaçan başga hiç zat ýok bolsa gerek. Hamidiýe suwy däl, çilimiň galyndysy, kirli sary giden esgi, köne köwüş, boş çüýşe, gurluşykdan galan zyňyndylaryň içinden çykarylan döwük tagta ýa-da demir bölekleri kähalatda öz agramyndan agdygrak baha satylýar, şolaryňam alyjysy tapylýar. Emma kitap bar-a, şu bagtygara kitap, görgüsi ýaman kitap welin, ýerde ýatyşyna, itiň tezegi bilen deň derejede görlüp, aşagyna bir bölek mata ýazylman bazara çykarylýar. Öz ylymlaryny, edebiýatlaryny dabanlarynyň derejesinde gören, beýnisiniň iýmitini ýerde süýräp ýören bir halkda kitabyň abraýynyň iň bolmanda dükanlarda iki metr belentlikden asylan sübsäniňkiçe-de däldigini aýtsa bolar. Ýazuwyň täzesi-könesi, ýazyjynyň beýigi-pesi, eserleriň gündogarkysy-günbatarkysy, ýazylan ýa-da terjime edilen, ýazuwyň, ýazarlygyň we hiliň her dürli görnüşi aýak astynda. Mähriban ildeşim! Bu betbagtçylygyň aňyrsynda bir duşmanyň topraklarymyzy eýelemegi ýaly gorkunç howp gizlenip ýatyr. Mähriban ildeşim! Uly-uly apatlar, kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeýän milletiň bütin galkynyş hereketlerini ýok eder. Mähriban ildeşim! Gowy-erbet, degerli-degersiz, ýazylan terjime edilen näme bolsa bolsun, bu kitaplardan paýyňa düşenini al. Ýorganyňy sat, ýöne al, olaryň mertebesini galdyr!»

-Peýami Safa

Bu ýüzlenme hernäçe Osmanly döwründen soňky kitaba berlen (ýa-da berilmedik) ähmiýeti barada bolsa-da, menä özüme çekýän. Bu sözleriň üstüne söz sözlemegiň manysy ýokmyka diýýän. Açyk beýan edilipdir. Nesip bolsa kitaplaryň hakyny berip bileris umydy bilen….

Awtory:Abadan....
Çeşme: Medium.com
42
150
paradisem
8 Dekabr 2023
Ummmanyna
paradisem
8 Dekabr 2023
Okamadym okajak bolup otyrkam pikirler umammyna çymdum
nuranow
8 Dekabr 2023
👍
tmyigit76
8 Dekabr 2023
tmyigit76
8 Dekabr 2023
Gordüňmi meň dilim şerebeliräk bolansoň gaty täsir etdidä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.