Wagt nämeleri alar?
Ýene bir ýylyň soňuna ýetip gelýäs. Aslynda belkem bu makala edil doglan günümde ýazylaýmaly makalady, ýöne näme üçindir doglan günlerde adama oturup arkaýyn gynanmana berenoklar. Içinde agyr bir gussa daşyna daşyp bilmän hasam beter goýalyp çöküp gidiberýän ýaly. Sebäbi adamlar doglan günlerinde begenmäne zorlanýarlar. Ýene bir ýylyň geçip gidenine begenmäne... Şuwagt welin beýle zorluk ýok. Güýzem geçip barýar, gyş geldi diýibersegem bolar. Çaýyň bugaryp demini alyp durşy ýaly gussaň buguny çykaryp demlenip oturubermek üçin ýaman gowy pursat. Şeýle wagtlarda gama batyp oturmagyňam öz keýpi bolýar. Seni durmuşa baglaýan, begendirýän, görejiň içine zöhre ýyldyzy dogurdýan adamlaram ýadyňa düşmäkä gamlanyp ýetişmek gerek. Şükür nazaryndan töweregiňe ser aýlasaňa gamlanyp oturmak näşükürlik ýaly hem gelip biler. Ýöne şeýle seredeniňde şeýle bir gamlanmana zat kän welin...
Aram-aram oturup nämeler ýitireniňe göz aýlaýaň, nämeler tapanyňa-da elbetde. Tapan zatlarym sanardan kän, ýitirenlerimi sanamana gaýratym çatanok. Ýöne indi ýitirjeklerime seredeniňde şu wagta çenli ýitirenlerim hiç zat. Bir tarapdana özümi kösençlik baryny çekibilen ýaly duýýan, bir tarapdanam indi çekiljeklere garanyňda bujagaz hiç zat bolup galaýjak ýaly. Durmuş hemişe kynlaşyp gidenokmy eýsem. On ýyl öňki aladalaryma seredip otursam, nähili boş zatlardygna düşünse bolýar. On ýyl öňem on bäş ýyl öňküler barada edil şeýle pikirde bolandyryn. Ýöne näçe kiçi görsegem, şo wagtky kiçijek aladalar meni şu wagtyň has uly aladalaryndan goraýar. Ýa has ulurak aladalara eýe çykmaga taýýarlaýarmy? Bilmedim. 10 ýylyň içinde wagt menden nämeleri aldy? Hiç sanamadym. Garadan gaýtmazlygymy aldymy meselem? Entägem öňki ýaly ikirjiňlenmän okdurlyp bilýänmi maksadyma? On ýyl öňki zehinim barmy entägem? Pikir ýöretmäne gaýratym bir galdymy? Wagt adamdan gaýratyňam alaýsa onda zehinini alyp oturasy işem galanok. Ýöne alanyma göra ikisinem alaýyn diýen bolup biler. Gaýratym ýok diýip pikir ýöretmäni goýsaň, zehiniň öz-özünden köreler gidiberer. Wagt menden başga nämeleri aldyka? Beýle-de bir bildirmän almak bolaraý. Ýiteninem duýman galýaň. On ýyl öňki hyjuwymdan näçeräk galdyka?
Adamzada birzatlary goşant goşjak ýaş ýigit, nätdiň onsoň, adamlara ýük bolmanjyk ýaşap oňarýaňmy? Ýa entägem giç däl diýip öz arkaňy özüň sypalaýaňmy? Töweregiňdäki hudaýdan peşgeş adamlar bolmasa sen nämä derkar? Ýene şolar göwünlik berip içimdäki dereksizlik duýgusyny azaldyp durýarlar. Olar maňa hudaýyň beren iň uly peşgeşi. Wagt köp zatlary alsa-da şol adamlaryň sanyny hiç haçan azaltmady. Merjen gabygynyň müňlerçe litr suwy süzüp merjen ýasaýşy ýaly. Ýüzlerçe adamdan şolara ýelmeşip galmak, olaňam hiç gopman gitmänligi – maňa mundan uly peşgeş berilendir öýdemok. Käşgä olaryň gadyry diňe dilimde bolmasady. Käşga amallarym bilenem olara sagbolsun aýdyp bilsedim. Sen olary berene bir şükür edip oňarýaňmy diýsene. Halka sagbolsun aýdyp bilmedik hudaýa şükür etmez diýýär hadysda{1}. Ömrümde perişde ýaly adamlaryňam biri gitse beýlekisi geldi durdy. Aralar daşlaşdy elbetde ýöne hiç ýitmediler. Iň bolmanda ýol görkezýän ýyldyzlar bolup uzaklarda bir ýerlerde parlap durdular. Wagt bir gün hemme zady alyşy ýaly edip olary hem alaýsa men näme ederkäm. Menem kimdir birileriniň ýyldyzy bolup oňararmykam? Indi ýuwaş ýuwaş kömek alýan tarapdan berýän tarapa geçmelidiniň ýüki münýär egnime. Maňa munça wagt goldaw bolan adamlar bu ýüki nädip göterdilerkä? Hem şol hyjuwy, gaýraty, zehini saklamak, hemem bu ýüki götermek, ikisi birden başardýan zatmyka bir? Wagt bir tarapdan ýük ýükläp beýleki tarapdanam menden bölek-bölek goparyp durjakmyka? Ýene on ýyldan bu makalany okanymda nämeleri ýitirenime göz ýetirerkäm? Ýene bir makalany sorag belgilerinden doldurdum. Meni okamana gelen adam menden jogap tapmajagna gözi ýetip gelendirle. Mende jogapdan köp sorag bar. On ýyl diýmäne-de gaýratym çatanok. Ahyr ýitiriljekleriň bir gün ýitjekdigini boýun alasym gelenok. Ýaňky sözlemde on ýyl ýerine ýigrimi ýyl diýip ýazsam ýigrimi ýyl ýitirmän gezäýjek ýaly duýgy bar ýüregimde. Adam hakykatyň öňünde beýle-de bir namart bolar eken. Boýun almak gerek, edil ertir näme ýitirjegimden hem habarym ýok. Berýänem özi alýanam diýmekden başga çäre-de ýok. Berenine-de şükür, aljagyna-da. Bir gün bu goldawlar giden wagty içi boşlugum bildirip opurylyp ýykylyp gitmekden ýaman gorkýan. Birileriniň goldawy bolup bilmezlikden ýaman gorkýan. Wagtyň menden aljaklaryna taýýar bolup bilmezlikden ýaman gorkýan. Haýaljakdan, bildirmänjik alan zatlaryna ünsem beremzok, ejizlänimizem duýman galýas welin, tarpa-taýyn alynjaklardan gorkýan. Haýsy ýitginiň netijesiniň has gorkunçlygy barada bolsa hiç hili pikirim ýok.
Awtory: Ýaran Allamyradow
Çeşme: medium.com