gulia_maksatmyradowna
21.12.2023 23:33
Owadan gül


Kitabymy okap başlanymda, asmana gol bulap, howalanyp duran garry çynar agajynyň aşagyndaky oturgyçlarda menden başga adam ýokdy. Birhili bu dünýäniň gurluşyna akyl ýetirjek bolup oý-pikirleriň holtumyna düşenimi hem bilmän galypdyryn. Kalbyma çöken labyrdan baş çykaryp bilmän durkam birdenkä bir çagajyk golaýyma geldi. Ol göni gabadyma geçip, begenç bilen:
— Meniň tapan zadymy görsene — diýdi.
Çagajygyň elinde süllerip, gurap ugran gül bardy.
— Bar oýnaber — diýip, ony ugratmakçy boldum. Emma ol ýüzüme ýylgyryp seretdi-de ýanymda oturdy.
— Gör, bu gülüň nähili ajaýyp ysy bar. Özi hem şeýle bir owadan. Ine, ony şonuň üçin gopardym... Siziň üçin — diýip ýüregindäkini aýtdy. Güle gül diýmäge dilim barmasa-da, ony almalydym. Ýogsam, çagajygyň meniň ýanymdan gitmejegini bilýärdim.
Elimi güle uzadyp:
— Bu gül tüýs meniň isleýän gülüm-dä diýip, ony almakçy boldum. Çagajyk kör ekeni. Oňa şeýle owadan güli getirip bereni üçin sag bolsun diýmekçi bolanymda, agym ýüregime dolup dilim tutuldy. Gözlerimden dökülen ýaşlar, Gün şöhlesine buldurap gitdi.
Ol:
— Hökman däl — diýip, ýylgyrdy-da meniň ýanymdan uzaklaşdy. Ol meniň kalbymda nähili yz galdyranyndan bihabar, öz oýnuna gümra boldy.
Ol çagajygyň, garry çynar agajynyň, öz-özüne nebsi agyrýan bir kempiri görşüne haýran galdym. Meniň öz-özümi iteren bu derdimi ol nädip aňaýdyka!
Belki, ol bu hakykaty özüniň kalby bilen görendir...
Batyl çagajygyň gözlerinden şulara düşünip galdym: mesele dünýäde däl asyl mesele mendim, özümdim. Başga wagtlar men edil kör ýaly hereket edipdirin. Şol gün, durmuşyň gözelligini görmäge maňa peşgeş berlen her sekunt ömrümi guwanyp ýaşamaga uly güýç berdi. Men hoşboý gülüň hoşboý ysyny dartdym.
Çagajygy synlap otyrkam öz-özüm ýylgyrdym: Ol ýene bir gül bilen başga bir kempiriň durmuşyny üýtgetmäge barýardy.

Gurbanmuhammet ÇARYÝEW
41
77
gulia_maksatmyradowna
20.12.2023 20:08
Ejem!
Dünýämdäki iň mährem ynsan,
Mähremligiň bilen ýyladýaň meni.
Ejem!
Perişdämsiň daşymy dolan,
Ganatlaryň bilen goraýaň meni.


Ejem!
Dünýämdäki iň näzik söýgi,
Ýüregme ornaşan iň näzik duýgy.
Ejem!
bagryňa basypjyk ulaltdyň,
Mylaýym hüwdüňden gandyryp meni.


Ejem!
razydyryn beren mähriňden,
Gijeler uklaman aýdan hüwdüňden.
Hem ötünç soraýan seniň özüňden
Nädip razy edern seni özümden?


Awtory : Gulia Maksatmyradowna 🥰
49
410
gulia_maksatmyradowna
18.12.2023 15:52
Aýdyşyk

🙎‍♀️
Sorag berýän öz - özüme käteler,
Ýöne jogabyny tapamok heniz.
Bilýän bolsaň jogabyny aýdaý sen,
Menem şonda oýa batmaryn hergiz.

🙎‍♂️
Ber hany soragyň eşideýin menem,
Çekinme arkaýyn, soraber hergiz,
Başardygymdan jogap bereýin,
Soragyň nämedir, aýdaý gözel gyz?!

🙎‍♀️
Onda diňle, Soragyma şeýleräk,
Aý bilen Gün bir-birine gelişýär,
Sebäp barmy, hersi aýra dogmagyna?
Ikisi hem nurana şöhlesin saçýar.

🙎‍♂️
Diýeli, \"Gün\" kaka, \"Aý\" bolsun eje,
Ýer şar hem olaryň perzindi bolsun,
Gezekleşip nurlandyrýar ýer şary
Sebäp perzendidir arzuwnyň bary.


🙎‍♀️
Asman dökýär göz ýaşyny çyglaýyp,
Zemin bolsa göz ýaş bilen ezilýär.
Sebäp näme gök asmanyň aglaýyp,
Bu goja zeminiň ezilmegine?

🙎‍♂️
Gök asman ejizläp göz ýaşyn dökýär,
Bu köne durmuşyň azaplaryna,
Zemin bolsa ezilip palçyga dönýär,
Çydaman adamlaň gazaplaryna.

🙎‍♀️
Sebäp näme gözel gyzyň söýülip,
Merdem ýigdiň bolsa söýülmezligne?
Näme sebäp söýülmedik ýigidiň,
Indi asla söýgä ynanmazlygna?

🙎‍♂️
Kä gyz üçin ilki baýlyk halanar,
Olaryň söýülmek ýüregine düşer.
Hany aýdypdyra ata-babalar,
\"Süýtden agzy bişen,
Suwy hem üfläp içer\"

17.12.2023

Awtorlary:Gulia Maksatmyradowna &
Merdan Nuranow.
71
831
gulia_maksatmyradowna
17.12.2023 22:02
Kalby saplap köne öýke kineden,
Bu nää söýgi agras başy ýaýkadan.
Giň dünýäni açmak üçin gaýtadan,
Men ýenede seniň ýanyňa barýan.

Sen bilýäňmi, ýaşlyk näme, ýaş näme?
Tutuş ömre degýän täsin düýş näme?
Dideleňde öz-özüme duşmana,
Men ýenede seniň ýanyňa barýan.

Ýolum suwlap gökden inen ýagyşlar,
Ör turup ýol berdi maňa agaçlar.
Mende başga çykalga ýok bagyşla,
Men ýenede seniň ýanyňa barýan.

Aýdymdan😎
49
397
gulia_maksatmyradowna
13.12.2023 16:07
Eýesi bolduň.


Umman deý kalbymyň eýesi bolduň,
Hiç bir gaýyk milt etmändi ýüzmäne.
Sen ýüzmäne milti nireden aldyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa ýüzmäne?

Asman deý giň köňlüň eýesi bolduň,
Ganatsyz uçmandy hiç kim köňlüme.
Sen bolsa köňlümde ganatsyz uçduň,
Ýa rugsat berdimmi saňa uçmana?

Çaga deý göwnümiň eýesi bolduň,
Nädip girip bildiň meniň dünýäme?
Şadyýan göwnümi nireden tapdyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa girmäne?

Sen gaýyksyz ýüzip girdiň kalbyma,
Ýa ganatsyz uçduň meniň köňlümde.
Başardyň çaga deý göwnümi alyp,
Başardyň dünýämiň eýesi bolup.
101
1 422
gulia_maksatmyradowna
12.12.2023 14:30
Ýeňiji gurbagaň hekaýasy...

Gurbagalar bir gün öz aralarynda ýaryş gurnapdyrlar. Maksat örän beýik bir dagyň depesine çykmakmyş. Bir giden gurbagalaram öz ýaryşa gatnaşýan dostlaryna tomaşa etmek üçin ýygnanşypdyrlar we ýaryş başlapdyr. Aslynda tomaşaçylaryň hiç biri ýaryşa gatnaşýan gurbagalaryň daga çykyp biljegine ynananokmyşlar. Diňeje şu sesler ýaňlanýarmyş:"Görgülijikler! Siz muny hiç haçan başarmarsyňyz !"
Ýaryşa başlan gurbagalar dagyň depesine ýetmänkä bir- birden ýaryşyň ýarsynda ýaryşmagy goý bolsun edipdirler. Içlerinden diňeje biri gaýduwsyzlyk bilen we ýadaman daga dyrmaşmana dowam edipdir. Tomaşaçylar gygyrmaga dowam edýärlermiş:" Wahh görgülijik! Entegem kösenip dur! hiç haçan başarmarsyň!" -diýip.
Iň soňunda şo bir gurbagadan başgalarynyň umydy kesilip, lapykeç bolýarlar. Ýöne iň soňky galan gurbaga örän uly bir gaýrat bilen hereket edip, dagyň depesine çykmagy başarypdyr. Beýlekiler haýran galyp, onuň nädip bu işi başarandygyny bilmek isläpdirler. Bir gurbaga ýeňiji gurbagaň ýanyna golaýlaşypdyr we sorapdyr:"Bu işi nädip başardyň ? Näääädip çykdyň dagyň depesine ?"diýip.
Asyl 🤦🏻‍♀️ Dagyň depesine çykyp ýeňiji bolan gurbaga ker eken!



📢 Sizem durmuşda " başarmarsyň!" diýýän adamlaň garşysynda "KER GURBAGA" bolmagy bolmagy başaryň😉😎
Durmuş dowam etýä, bu gün başarmasaň , ERTIR HÖKMAN BAŞARARSYŇ!😉😎👈👍- Gulia Maksatmyradowna😎


Terjime eden: Gulia Maksatmyradowna 😎
58
271
gulia_maksatmyradowna
10.12.2023 18:12
Bir bürgüdiň hekaýasy


Rowaýata görä, dört towuk bürgüt höwürtgesinden bir ýumurtga ogurlaýarlar. Ýumurtgany ketege getirenlerinde, beýleki towuklar bu ýumurtga äpet bir towugyň ýumurtgasy diýip pikir etdiler. Wagt geçdi, ýumurtgany alyp gelenler hem ýatdan çykardylar, olar-da bu ýumurtganyň äpet bir towugyň ýumurtgasydygyna ynandylar.
Bu ýetim ýumurtga ketekden bir kürk towuk tapyldy we ony basyrdy. Wagty geldi ýumurtga çatlady, içinden gap-gara ganatly, üýtgeşik çokjaly täsin bir towuk çykdy ... Hemmeler örän şadyýandy, beýle bir towugy ilkinji gezek görüpdiler . Ene towuk çagasyna öwretmäge başlady : "Balam, ýerden tapan mör-möjegiňi şeýle iý! Arpany, bugdaýy şeýle çok !" . Ene towuk öz çagasyna hergün täze zatlar öwretýärdi. Äpet towuk enesiniň diýenini birkemsiz edýärdi. Howplara garşy nähili göreşmelidigini hem öwretdi : " Diňle balam, eger-de pişik kowalasa garşy tarapa gaç, bu tarapdan gelse o tarapa gaç..."
Äpet towuk ulaldygyça owadanlaşýardy. Şeýle bir uzyn ganatlary bardy. Käwagtlar başgalary onuň ganatlaryny görmek üçin hem gelýärdiler...
Bir gün ene towuk çagasyna , ýokardan gelýän howplardan nädip goranmalydygyny öwretýän mahaly äpet towugyň gözi, asmandan elhenç bir ajaýyplyk bilen uçup barýan bir jandara düşdi.
- Eje bu näme? diýip sorady äpet towuk.
- Hä olmy? Ol bürgüt balam, guşlaryň şasy.
- Gör nähili owadan uçýar!
- Hawa balam! Ýöne sen oňa meňzejek bolaýma. Asla onuň ýaly bolup bilmersiň! Sen bir towuk. Senden öň kakaň, ataň, dädeň dagy hem oňa meňzemek islediler ýöne hijisi hem onuň ýaly uçup bilmedi... Sen bir towuk we bir towuk ýaly hem ýaşamaly...
Şol günden soň äpet towuk, tutuş ömrüne bürgüdiň ajaýyp uçuşyny synlap içini hümlederdi... Her gezeginde bolsa "Käşgä menem bir bürgüt bolup uçup bilsedim" diýerdi. Günlerde bir gün hem gara ganatly äpet towuk bürgüdiň uçuşyny synlaýan mahaly ölüp gitdi. Ony bir towuk ýaly jaýladylar. Hakykat-da bolsa ölen guş bir bürgütdi.

"Bir bürgüt ýaly dogulyp towuk ýaly ýaşaýan we bürgüt ýaly bolmak arzuwy bilen ýaşap iň soňunda bolsa towuk ýaly ölüp giden müňlerçe bürgüt bar."

Ýyl 2002, ýer Dünýä... Häzirki wagtda öz güýjünden bihabar, hemişe başkalary ýaly bolmak isleýän müňlerçe, milýonlarça, hat-da milliardlarça adam bar. Gör nähili gynandyryjy!
Hiçbir zat görünişi ýaly däldir dostum. Hiç zat gürrüň berilişi ýaly hem däldir... Her eşideniňe ynanma... Muňa-da.

Awtory:N.Hanow

Çeşme: Medium.com
63
587
gulia_maksatmyradowna
10.12.2023 01:49
Ähtimallyk hasaplamalary...


Okuw jaýlarynda ähtimallyk atly tema geçilerdi. Mysal üçin, bir torbada on top bar diýilýärä...

Ilki şu soragy ýatla: "Bir torbada on sany top bar. Olardan dörüsi ýaşyl, üçüsi gyzyl, ikisi gök, biri ak. Torbadan alynan bir topyň gök reňkli bolmak ähtimallygy näçä deň?" Ýaşaýan ýaşamaýan, matematika bilen gyzyklanýan gyzyklanmaýan herkim bu soraga 20% diýip jogap berer. Sen hem...

Indi, ähli öwredilenleri ýatdan çykar we diňle! Ýokardaky torbadan alynan bir topyň reňkiniň gök bolmak ähtimallygy hakykatdan hem 20%-mi ? Pikirlen! Torbada dörk görnüşli reňkde top bar ýaly görünse-de , aslynda diňe iki sany reňk bar dälmi nä? Biri gök top beýlekisi hem gök däl top. Netijede torbadan alan topyň ýa gökdür ýa-da däl. Diýmek, ýaşyl, gyzyl, ak bolsa gök däldir , gök bolsa-da gökdür. Şeýlelik-de jogap 20% däl-de, 50%-dir.

Bir futbolçy on gezekki penalty urgysyndan diňe birini gol geçirip bilýän bolsa, on birinji urgysynda gol geçmekliginiň ähtimallygy 10%-mi, ýa 50%-mi? Elbet-de 50% . Depilen penalty ýa gol bolar ýa-da gol däl...

Durmuşda heniz amala aşmadyk islendik zadyň bolmak ähtimallygy hökmany 50%-dir. Ýa ha bolar ýa-da bolmaz.

Elbetde şeýle pikirdäki adam hiç wagt geň galmaýa, hiç hili alňasamaýar we asla umytsyzlyga düşmeýär. Çünki onuň üçin herbir zadyň bolmak ähtimallygy şol bir zatdyr. 50%...



Awtory: N . Hanow
Çeşme: Medium.com
47
166
gulia_maksatmyradowna
09.12.2023 15:18
Wolfhand Gerhard (Ýozef Mengel)-dowzah doktory....

1979 ýylda San-Paulu adalarynda Wolfhand Gerhard — 67 ýaşly ýuwaş, dymma migrant gark boldy. Gojany şol ýerdäki ýerli gabyrystana ýerlediler we tizara-da unudyldy. Emma aradan 7 ýyl geçensoň Gerharda goňşy bolup ýaşanlar onuň arhiw materiallardan ybarat dokumentlerini tapdylar. Bu materiallaryň awtory gitlerçi doktor Ýozef Mengele'di. Arhiw bilen tanyşmagyň dowamynda adamlar gorkudan doňup galdylar.
Ýozef Mengele Gitleriň Oswensim lagerinde işläpdir. Müňläp ýesirleriň üstünde anatomik synaglar geçiripdir. Olary diriligine, agyryny aýyryjy dermanlarsyz operasiýa stolyna ýatyryp, dürli zäherli dermanlary synap görmek we başga-da dürli aýlygançlyklara el urupdyr. Şonuň netijesinde ýüzläp bigünä adamlaryň ölümine sebäp bolupdyr. Bir söz bilen aýdanda, ýerde hakyky dowzahy döreden wagşylaň biri bolupdyr.

Öz döwründe «dowzah doktory» diýen ada eýe bolan Ýozef Gitleriň permanyna görä diňe ekizekleriň üstünde anatomik synaglar alyp barypdyr. Sebäbi, Gitler Germaniýada çagalaryň dogulyşyna görä ölüm ýagdaýy köpdüginden howatyrlanýardy. Germaniýaň içinde ýaşaýan migrantlaryň arasynda bolsa ýagdaý beýle däldi. Umuman, Gitler Germaniýada diňe mawy gözli, mele saçly nemis milletine meňzeş çagalaryň dogulmagyny isleýärdi. Migrantlardan dogulan çagalar ony umyman gyzyklandyranokdy. Ýöne migrantlar, ýesirlikdäki başga millet çagalarynyň kömegi bilen hakyky nemis perzendini dünýä indirmek pikiri kellesine geldi-de derrew bu işi Ýozefiň egnine ýükledi. Şeýlelik bilen Gitleriň permany dowzah doktoryna ylham berdi. Ýozef işi anatomik ýollar bilen çagalaryň göz we saç reňkini dürli himiki elementleriň kömeginde üýtgedip görmekden başlady. Soňra tejribe meýdançasyna alyp gelinen çagalar aýratyn barlagdan geçirildi. Kömekçileri olaryň boýuny, gelip çykyşyny we başga-da şular ýaly bellikleri anyklaýardylar. Şondan soň çagalary Ýozefiň huzuryna alyp giripdirler. Ýozef bolsa işi çagalara tif ýokyşdyrmakdan başlapdyr. Soňra olaryň ganyny soňky damjasyna çenli sordyryp alypdyr. El -aýaklaryny kesip, olary başga bedene geçirip görüpdir. Ölen çagalaryň jesedini aýratyn synçylyk bilen öwrenipdir.

Aýtmaklaryna görä, Ýozefiň kabinetiniň diwarlarynda ölen çagalaryň gözleri oýulyp alnyp, edil kartina ýaly ýerleşdirilipdir. Dowzah doktorynyň özi bolsa ölenleriň gözlerini öwrenmek üçin sagatlap olara seredip otyrmakdan ýadamandyr. Eýmendirýän ýeri, Ýozef bu wagşylyklaryň hemmesini "ylym ýolundaky beýik iş" diýip atlandyrypdyr.

Ýozef Gitleriň buýrugyna görä, diňe bir çagalaryň üstünde eksperimentler geçirmän, ol adam öldürmek dabaralaryna hem işjeň gatnaşypdyr. Ýesirleri urmak, zäherli gaz doldurylan çukurlara taşlamak ýaly wagşylyklary hem örän halapdyr, bu zatlardan lezzet alypdyr. Beýik Watançylyk urşy gutarandan soň Ýozefiň yzyna düşýärler . Ýöne, bu adam şekilindäki mahluk gaçmagy başarýar. Galan ömrüni Braziliýada geçirýär. Gazanç etmek maksady bilen bu ýerde hem medisina bilen meşgullanýar. Braziliýa hökümedi tarapyndan gadagan edilendigine seretmezden, ol gizlin ýagdaýda aýallary abort edýär.


Çeşme :islenen.ru
47
116
gulia_maksatmyradowna
09.12.2023 08:49
Ykbal meniň maňlaýymdan öpüpdir...


Meniň ýalan Dünýä inen günümde,
Ykbal meniň maňlaýymdan öpüpdir.
Öpmek bilen galman meniň dünýäme,
Baky Gün nury deý şöhle saçypdyr.

Şol şöhle şeýlebir ýagtylyk saçýar,
Ýitirmejek ýaly asla ýolumy.
Ýok, ýok, ýitirmerin asla ýolumy ,
Çünki ykbal maňa Eje beripdir.

Ykbal şöhlesini belentden saçýar,
Göýäki, dag ýaly arkamda durjak.
Umydym üzülip, umytsyz çagym,
Umydym dikeltjek Kaka beripdir.

Ykbal şöhlesini dört ýandan saçýar,
Üç sany mähirli Uýa beripdir.
Kyn günümde arka çykyp, goldajak,
Ykbal bir goç ýigit dogan beripdir.
34
155