gulia_maksatmyradowna
18.12.2023 15:52
Aýdyşyk

🙎‍♀️
Sorag berýän öz - özüme käteler,
Ýöne jogabyny tapamok heniz.
Bilýän bolsaň jogabyny aýdaý sen,
Menem şonda oýa batmaryn hergiz.

🙎‍♂️
Ber hany soragyň eşideýin menem,
Çekinme arkaýyn, soraber hergiz,
Başardygymdan jogap bereýin,
Soragyň nämedir, aýdaý gözel gyz?!

🙎‍♀️
Onda diňle, Soragyma şeýleräk,
Aý bilen Gün bir-birine gelişýär,
Sebäp barmy, hersi aýra dogmagyna?
Ikisi hem nurana şöhlesin saçýar.

🙎‍♂️
Diýeli, \"Gün\" kaka, \"Aý\" bolsun eje,
Ýer şar hem olaryň perzindi bolsun,
Gezekleşip nurlandyrýar ýer şary
Sebäp perzendidir arzuwnyň bary.


🙎‍♀️
Asman dökýär göz ýaşyny çyglaýyp,
Zemin bolsa göz ýaş bilen ezilýär.
Sebäp näme gök asmanyň aglaýyp,
Bu goja zeminiň ezilmegine?

🙎‍♂️
Gök asman ejizläp göz ýaşyn dökýär,
Bu köne durmuşyň azaplaryna,
Zemin bolsa ezilip palçyga dönýär,
Çydaman adamlaň gazaplaryna.

🙎‍♀️
Sebäp näme gözel gyzyň söýülip,
Merdem ýigdiň bolsa söýülmezligne?
Näme sebäp söýülmedik ýigidiň,
Indi asla söýgä ynanmazlygna?

🙎‍♂️
Kä gyz üçin ilki baýlyk halanar,
Olaryň söýülmek ýüregine düşer.
Hany aýdypdyra ata-babalar,
\"Süýtden agzy bişen,
Suwy hem üfläp içer\"

17.12.2023

Awtorlary:Gulia Maksatmyradowna &
Merdan Nuranow.
71
831
nabat_
3 Fewral 2024
@merdan_n, yine anlamadim ne dedigini🤦‍♀️
gulia_maksatmyradowna
3 Fewral 2024
Heý meň postumy pozduraýmaň🧐😄
nabat_
3 Fewral 2024
@merdan_n, gybat etmali dijekdiñmi😁
nabat_
3 Fewral 2024
@merdan_n, Selam abijim😊okap gördiňizmi dünki aydanyny😉
gulia_maksatmyradowna
3 Fewral 2024
@merdan_n, 🧐🤦‍♀️ onda bolýa 😄
merdan_n
3 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, barlay yone posdumda yok
gulia_maksatmyradowna
3 Fewral 2024
@merdan_n, sende ýokmy 🤔🧐
Myhman Myhman
24 Dekabr 2023
👍 bäh ýerine düşüpdireý bu goşgy
Dusia
23 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, menem şony aytyanda
Dusia
23 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, nä mugt goşgy ýazyp biz ýaly samsykmy ol giderdä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.