gulia_maksatmyradowna
13.12.2023 16:07
Eýesi bolduň.


Umman deý kalbymyň eýesi bolduň,
Hiç bir gaýyk milt etmändi ýüzmäne.
Sen ýüzmäne milti nireden aldyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa ýüzmäne?

Asman deý giň köňlüň eýesi bolduň,
Ganatsyz uçmandy hiç kim köňlüme.
Sen bolsa köňlümde ganatsyz uçduň,
Ýa rugsat berdimmi saňa uçmana?

Çaga deý göwnümiň eýesi bolduň,
Nädip girip bildiň meniň dünýäme?
Şadyýan göwnümi nireden tapdyň?
Ýa rugsat berdimmi saňa girmäne?

Sen gaýyksyz ýüzip girdiň kalbyma,
Ýa ganatsyz uçduň meniň köňlümde.
Başardyň çaga deý göwnümi alyp,
Başardyň dünýämiň eýesi bolup.
101
1 422
Myhman Myhman
23 Dekabr 2023
👍👍👍
wepayewna
20 Dekabr 2023
bihy
19 Dekabr 2023
👍
fina
18 Dekabr 2023
Tanysmak mumkinmi
m0505
18 Dekabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, howwa baran yerine cenli barar
m0505
18 Dekabr 2023
Naca bararka like bu goṣgy ucin🤔
nuranow
18 Dekabr 2023
Mlds 82 like bolaýypdyrmaý😳
wekilli
18 Dekabr 2023
wekilli
18 Dekabr 2023
Doslar su gun mgm doglan guni postyna baryp gutlayalynda 🙃
fina
18 Dekabr 2023
Salam maksatmyradowna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.