gulia_maksatmyradowna
15.03.2024 00:00
Gyzylja (krasnuha) (latynça. rubella) – ýiti ýokanç keseli bolup, ol deride örgüniň ýüze çykmagy we daşky limfa düwünleriniň ulalmagy bilen häsiýetlenýär. Gyzylja keselini RNK saklaýan toparyna degişli wiruslar döredýärler. Olar daşky gurşawyň täsirine çydamsyz bolup, ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen tiz gyrylýarlar.
Iňlis dilinde gürleýän döwletlerde gyzyljany käwagt "nemes gyzamygy" diýip atlandyrýarlar, sebäbi bu kesel XIX asyryň ahyrlarynda Germaniýada has gowy öwrenilipdi.
Birnäçe asyrlaryň dowamynda daşky alamatlarynyň meňzeşlikleri üçin gyzylja, gyzamyk we garamyk bir kesel hasap edilip gelnipdi. Gyzylja ilkinji gezek nemes lukmany F. Hofman tarapyndan 1740-njy ýylda öwrenilýär. Ýöne gyzyljany aýratyn kesel hökmünde 1881-nji kabul edýärler.
Keseliň ýaýramagy. Gyzyljadiňe adamlaryň arasynda ýaýraýar. Kesel ýaýradyjy çeşme gyzylja bilen kesellän adam bolup biler. Gyzylja ýolugan adam örgüniň peýda bolmazyndan 7 gün öň we peýda bolandan 4 gün soň ýokançly hasap edilýär. Kesel adamlara howanyň üsti bilen ýokuşýar. Şeýle hem wiruslar kesellän adamyň peşewinde we nejasatynda bolup bilýändigi üçin, ol käbir zatlaryň (oýnawaçlaryň, gap-gaçlaryň) üsti bilen hem geçip biler. Aýal göwrelilik döwründe gyzylja ýolugan bolsa, bu kesel onuň göwresindäki çaga-da ýokuşýar. Şeýle çaga dünýä inenden 1-2,5 ýyla çenli gyzylja wirusynyň "ojagy" hasaplanylýar
Gyzylja bütin dünýäde ýaýran keseldir. Ol adamlara aňsatlyk bilen ýokup bilýär. Bu keseliň möwsümleýin, ýagny gyş we ýaz aýlary hem-de her 3-5 ýyldan ýaýraýandygyny bellemek gerek. Gyzylja bilen esasan hem 1-2 ýaşdan 7-10 ýaş aralygyndaky çagalar keselleýärler.
Keseliň döreýşi. Gyzylja keseliniň wiruslary dem alyş ýollarynyň üsti bilen gana düşýärler. Soňra bedeniň limfalarynda, deri dokumalarynda mekan tutýarlar, köpelýärler we zyýanly täsirini ýetirip başlaýarlar. Gyzylja bilen kesellän göwreli aýalyň çagasyna hem ýokýar (ýatgy içindäki gyzylja). Göwreliligiň ilkinji aýlarynda gyzylja köplenç göwredäki çaganyň ölmegine we düşmegine getirýär. Bu kesel bilen kesellän göwreli aýallardan maýyp, şikesli çagalaryň dünýä inmegi ahmaldyr (60%).
Keseliň alamatlary. Keseliň inkubasion döwri 15-24, köplenç 16-21 güne çenli bolýar. Onuň ilkinji we esasy alamaty - endama örgüniň örmegidir. Syrkawyň umumy ýagdaýy gaty agyr bolmaýar. Onda ýüzleý ysgynsyzlyk, kellagyry, burnundan suw akmak, gözüniň içiniň gyzarmagy ýaly alamatlar peýda bolýar. Adaty alamatlarynyň biri – limfa düwünleriniň, esasan hem boýnunyň ýeňse mäzleriniň çişmegi we agyrmagydyr. Birbada ýa-da 1-2 günden syrkawyň ýüzünde we 2-3 sagadyň içinde bolsa bütin teninde açyk gülgüne reňkli örgün peýda bolýar. Ol esasan hem el-ýagyň epilýän ýerlerinde, otyrýerde, arkada we butlarda bolýar. Örgün az-kem gyzgynyň galmagy bilen bolup geçýär we ol 2-3 gün saklanyp, yz goýman, aýrylyp gidýär. Gyzyljany käbir adamlar ýeňil geçirse, käbirleri agyr geçirýär (gyzgynyň has ýokary galmagy, kelläniň we myşsalaryň agyrmagy).
Gyzylja keseliniň gaýraüzülmeleri gaty seýrek ýüze çykyp, bogunlaryň (artrit) we beýniniň sowuklamasy (ensefalit) görnüşinde geçip biler.
Gyzyljany beýleki ýokanç keselleri bolan gyzamykdan, täjihorazdan, mononukleazdan tapawutlandyrmalydyr. Gyzylja sowuklama alamatlaryň ýüzleý döremegi, ýaňagyň iç ýüzünde Filatowa – Kopligiň alamatynyň ýoklugy, örgüniň birden örmegi we limfa düwünleriniň ulalmagy bilen tapawutlanýar.
Keseliň bejerilişi. Gyzyljanyň ýörite bejergisi ýokdur. Syrkawy köplenç öýde saklaýarlar. Örgün döwründe düşek düzgüni berjaý edilmeli, şeýle hem syrkawyň şahsy arassaçylyk düzgünlerini oňat saklamagyny gazanmaly. Adatça hiç hili derman ulanylmaýar, ýöne witaminleri bermek bolar. Eger kesel agyr geçäýän bolsa, syrkawy keselhana ýerleşdirmeli. Syrkaw keselden gutulandan soň dowamly lukman gözegçiligine alynmaýar. Onuň ýaşan öýünde, edil gyzamykdaky ýaly, ýokançsyzlandyrma işleri geçirilýär. Syrkaw bilen gatnaşykda bolan çagalar 21 günüň dowamynda lukmanyň gözegçiliginde bolmaly.
Keseliň öňüni alyş çäreleri. Gyzylja keseliniň garşysyna ýörite waksina döredildi we häzir ony keseliň öňüni alyş çäresi hökmünde ulanýarlar. Bellenilen meýilnama boýunça gyzylja garşy öňüni alyş sanjymlary 12-15 aýlykda we 6 ýaşda geçirilýändir
33
119
17
gulia_maksatmyradowna
14.03.2024 07:10
Peder Ambrosio:
-Her şeyi unut ve onu bağışla!
Zeze:
-Peki, unutacağım, unutmaya çalışacağım.
Çünkü bağışlamaya inanmıyorum.
Peder Ambrosio:
-Unutmakla bağışlamak arasında ne
fark var?
Zeze:
-Bağışlarken kişi her şeyi unutuyor.
Ama yalnızca unutmakla, pek çok
kez insan yeniden anımsamaya başlı
yor.
33
335
66
gulia_maksatmyradowna
14.03.2024 00:02
Rugsat ber,gözüňde baky galaýyn,
Galaýyn men gursagyňda yşk bolup.
Mähriň gujagyna oklanan söýgüm,
Seriňi sämetsin anbar-müşk bolup.
Ejaza ber düýşleriňe girmäge,
Sal meni hyýallaň goýnuna,dünýäm.
Görküň gözlem üçin synagdyr,şertdir,
Men bagt diýlende saña düşünýän
Aşyr Hanow.
37
72
2
gulia_maksatmyradowna
13.03.2024 19:15
Hiç hata yapmamış bir insan yeni bir şey denememiş demektir
36
52
0
gulia_maksatmyradowna
08.03.2024 09:17
Hayat bisiklet gibidir, dengeyi kaybetmemek için ilerlemek gerekir:))
36
77
6
gulia_maksatmyradowna
27.02.2024 15:36
Hol görünýän daglar meniň Armanym,
Düýnler salgym olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym
Gitsem geljegime nebsim agyrýar.
Ak alkym säherleň sowuklaç mähri,
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse gündiz syrlaşan şährim,
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.
Sapa Hommadow.
41
158
0
gulia_maksatmyradowna
25.02.2024 19:01
Gözleňden nämedir bir zat gözleýän
Ýöne meň gözlegim sygmaz göwrüme
Şowsuz günlerimi arşa göteren
Gözleriň şowlulyk geti:r ömrüme.
Çalynmadyk sazlarymyň notasy
Sen ekeniň aýdylmadyk sözlerim.
Hakydaňa ýerleşdiren keşbimi
Aýna bakyp gözleriňden gözlegin.
Sen ekeniň sensizligi kör edip,
Maňa uly umyt bolup dolanan.
Hemem yşgyň alawyny köredip,
Meni garşy aldyň durmuşym bilen.
Sen ekeniň näme gazanan bolsam,
Şolaň ählisinden beýik utuşym.
Wiý, belki-de özüň bilýänem dälsiň,
Ýaraýar maňa.
Adymy üýtgeşik edip tutuşyň.
Gülnar GELDIMYRADOWA
35
106
0
gulia_maksatmyradowna
12.02.2024 07:10
Gar ýagaýsyn...
Bir azajyk üşäýin.
Sowuk şemal ýüregimi titretsin.
Gözlem çydamasyn çapgyn şemala
Çalajadan çala göz ýaş akdyrsyn.
\\\\\\\"Gar ýagýar-aa...\\\\\\\"
-Diýip buşlap sen maňa
Mähir bilen ýüregimi ýylatsaň
Çapgyn şemal, sebäp bolan gözlermiň
Gözýaşyny emaý bilen guratsaň .
Gar ýagsyn...
Çaga kimin bökjekläp.
Bizem bahanada çaga bolaly,
Ellermiň aýasy ak gardan üşäp,
Seniň aýalaňda ýylanyp dursun.
Ýene ýagsyn...
Ýagybersin Akja gar.
Ýüregmiň titreýşin senem duýarsyň
Ak gar ýaly päk bolsun seň ýüregiň
Haýyş...
Şol gar ýaly SOWUK BOLMASYN!
44
225
17
gulia_maksatmyradowna
10.02.2024 18:14
Syrly bakyp umman ýaly gözlerme,
Birje damja kimiň ýitip gidýärsiň.
Sözlemän sen sözlemeli sözlerňi,
Çalaja üm salyp düşündirýärsiň.
Nämeden ýaýdanýaň?
Menä bilemok...
Ýa-da, asyl saňa, men düşünemok.
Üm salýarsyň, gyýa bakyp gözlerme,
Neçüýn eglenýäň sen, neçüýn sözläňok?
Belki-de sözlänsiň, men eşden däldirn,
Gaýta, gaýta sözle haýyş edýärin...
49
550
56
gulia_maksatmyradowna
07.02.2024 21:06
Men henizem gaçyp ýörün,
Nebis a:tly garakçydan.
Boz gy:r kimin çapyp barýan,
Jylaw alyp seýisçiden.
Wyždanymy rahat duýup ,
Ötsem bolýar ýalançydan.
Diýip bilmen:\"Armanym ýok!
Ýaşym geçse pylançadan\".
Gysga bolsun ýa-da uzyn,
Esas özen, many bolsun.
Abraýymy saklap hergiz,
Gitsem razy ýalançydan.
Öz-özümi terbiýelärn,
Taýak alyp taýakçydan.
Ýöne, gaça dursam bolýar ,
Nebis a:tly garakçydan.
Duçar etme nebisime,
Daşyrak tut, berkdir düzgün
Ömrüm...
Men saňa seslenýän...
Soňky halym etme gözgyn!
50
164
15
Yene yükle