gulia_maksatmyradowna
10.02.2024 18:14
Syrly bakyp umman ýaly gözlerme,
Birje damja kimiň ýitip gidýärsiň.
Sözlemän sen sözlemeli sözlerňi,
Çalaja üm salyp düşündirýärsiň.

Nämeden ýaýdanýaň?
Menä bilemok...
Ýa-da, asyl saňa, men düşünemok.
Üm salýarsyň, gyýa bakyp gözlerme,
Neçüýn eglenýäň sen, neçüýn sözläňok?

Belki-de sözlänsiň, men eşden däldirn,
Gaýta, gaýta sözle haýyş edýärin...
49
550
gulia_maksatmyradowna
23 Fewral 2024
@Dusia, 😁 çynyňmaý 🤔
gulia_maksatmyradowna
22 Fewral 2024
@Dusia, 1ýarym sagat bar
Dusia
22 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, entegem giç däl
gulia_maksatmyradowna
22 Fewral 2024
@Dusia, öňüräkden aýtmalyda . Men ýazardym senem has kämilleşdirerdiň şonda gowy çykardy goşgy
Dusia
22 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, seň kelläň dury düzäýda oýun äheňde düz bilýäňä bizi
gulia_maksatmyradowna
22 Fewral 2024
@Dusia, Ummana garylan bir damja kimin seniň gözýetimňe siňip söýerin 👈😁
Dusia
22 Fewral 2024
@gulia_maksatmyradowna, barlygyňda didaryňa seredip, ýoklugyňda gözüm ýumup söýerin
gulia_maksatmyradowna
22 Fewral 2024
@Dusia, ýok hili ol däl ol prosta şo goşgyny teswirde ýazdy awtory ol däl özem bilenok awtoryny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.