Gar ýagaýsyn...
Bir azajyk üşäýin.
Sowuk şemal ýüregimi titretsin.
Gözlem çydamasyn çapgyn şemala
Çalajadan çala göz ýaş akdyrsyn.
\\\\\\\"Gar ýagýar-aa...\\\\\\\"
-Diýip buşlap sen maňa
Mähir bilen ýüregimi ýylatsaň
Çapgyn şemal, sebäp bolan gözlermiň
Gözýaşyny emaý bilen guratsaň .
Gar ýagsyn...
Çaga kimin bökjekläp.
Bizem bahanada çaga bolaly,
Ellermiň aýasy ak gardan üşäp,
Seniň aýalaňda ýylanyp dursun.
Ýene ýagsyn...
Ýagybersin Akja gar.
Ýüregmiň titreýşin senem duýarsyň
Ak gar ýaly päk bolsun seň ýüregiň
Haýyş...
Şol gar ýaly SOWUK BOLMASYN!