gulia_maksatmyradowna
25.09.2023 11:11

Dünýädäki iň gowy zat.


Kimligiňe, näme isleýändigiňe garamazdan, bir zady ýürekden isleseň sen şoňa hem ýetersiň. Esasy zat ýürekden islemekdir we hereket etmekdir.


Ol ülkäniň meşhur suratkeşlerinden hasaplansa-da, öz döreden eserlerinden göwni suw içenokdy. Bir gün ol özüniň «iň gowy eserini» döretmegi ýüregne düwdi. Ýöne ençe günläp çekjek suraty barada oýlansa-da, kellesine hiç bir ajaýyp pikir gelmedi. Gözleýänini tapjak bolup, ýeke özi telbe ýaly obanyň çetinde aýlanyp ýörkä, öňünden çykan bir gojadan:


— Dünýäde iň gowy zadyň suratyny çekmekçi bolýaryn. Emma näme çekjegimi bilemok. Maňa kömek edip bilersiňizmi? — diýip sorapdyr.


Goja suratkeşe garap:


— Dünýäniň iň gowy zady ynamdyr. Ynamsyz ýaşap bolmaz, oglum! — diýip jogap beripdir. Suratkeş ýola rowana bolupdyr. Şäherde Bagt köşgünden çykyp gelýän ýaş çatynjalara duşupdyr. Olardan hem:


— Siziň pikiriňizçe, dünýäde iň gowy zat näme? — diýip sorapdyr.


Gelin adamsyna mähirli garap:


— Söýgi. Söýgi garyplygy baýlyga, gözýaşlary ýylgyrşa öwürýär — diýip jogap beripdir.


Suratkeş eşidenleri barada oýa batyp gelýärkä, ýolda bir esgere gabat gelipdir. Suratkeş oňa-da bu sowal bilen ýüzlenipdir. Köp hupbatlary başyndan geçiren esger ikirjiňlenmän:


— Dünýäniň iň gowy zady asudalyk we parahatçylykdyr. Iň erbet zady bolsa uruşdyr. Parahatçylygyň bar ýerinde gowulyk hem bardyr — diýip jogap beripdir.


Suratkeş:


— Ynam, söýgi, asudalyk we parahatçylyk. Men bulary nädip bir suratda ýerleşdirsemkäm? — diýip, öýüne gaýdypdyr.


Haçan-da ol öýüne gelip, gapyny açyp içeri girende, dünýädäki iň gowy zadyň nämedigini bilip galypdyr.


«Kaka jan» diýip, gujagyna dolan gyzynyň gözündäki ynamy görüp, beýik Taňra ýüzde müň şükür edipdir. «Hoş geldiň!» diýen aýalynyň didelerindäki nurly söýginiň şöhlesi onuň kalbyny ýyladypdyr. Ojagynyň asudalygyna hem-de parahatçylygyna buýsanypdyr.


Ol derrew reňklerine ýapyşypdyr. Az salymyň içinde «Maşgala» atly ajaýyp surat taýýar bolupdyr. Bu surat onuň arzuw edýän iň gowy suratydy.

38
115
gulia_maksatmyradowna
24.09.2023 00:14

Durmuşyň durmaly duralgasy ýok.



Men durmuşa teý düşünip bilemok,

Ähli zat birhili duýdansyz bolýar.

Nämüçin söýýänim özüm bilemok,

Kalbyma bu duýgyň öz-özi dolýar.


Birdenkä gök gürläp, ýagyş ýagyp dur,

Birde al-asmanda Güneş parlaýar.

Ynha, şeýdip uç-gyraksyz älem deý,

Soňsuzlyga sary ömri aýlaýar.


Durmuşyň durmaly duralgasy ýok,

Bardyr onuň diňe indiki döwri.

Baharda janlanyp, güýzüne solýan,

Edil şol gök-sary ýapraklar ýaly,

Gidip barýan umytlara beslenip,

Çözgütsiz matal deý geljege sary.


***




Züleýha ALLABERDIÝEWA.

41
55
gulia_maksatmyradowna
23.09.2023 00:27

Günlerde bir gün iki dost çöle gezelenje gidipdir. Olar açyk meýdanda aýlanyp, gürleşip gidip barýarkalar ikisiniň arasynda jedel bolýar we biri beýlekisiniň ýüzüne şarpyk çalýar. Şarpyk iýeniň jany ýanypdyr. Dostunyň bu eden hereketine gaharlanypdyr. Emma oňa ýeke söz hem diýmändir-de guma: “Bu gün iň gowy dostum meniň ýüzüme şarpyk çaldy” diýip ýazypdyr.


Soňra bular ýene-de ýollaryny dowam edip bir oazise gelipdir-de suwa girip ýüzmek isläpdirler. Ýaňky şarpyk iýen adam ýüzüp ýörkä, birden batga batyp gark boljak bolupdyr. Dosty haýal etmän gelip ony halas edýär. Gark bolmakdan halas bolan adam suwdan çykyp şol wagtyň özünde ulyrak bir daşyň ýüzüne: “Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi” diýip ýazypdyr. Şarpyk çalan hem-de halas eden dosty onuň eden bu hereketine geň galyp seredip durupdyrda, şeýle sowal beripdir: “Janyňy ýakan wagtym gumuň ýüzüne, indi bolsa daşyň ýüzüne hat ýazdyň?”.


Dostunyň beren soragyna: “Eger-de biri janymyzy ýakan mahaly guma ýazmaly, sebäbi ötünç şemaly ony pozup biler ýaly. Kimdir biri biziň üçin ýagşylyk, gowy zat etse, hiç bir ýel hem onuň eden ýagşylygyny daşyň ýüzünden pozup bilmez ýaly” diýip jogap beripdir.




Kakajan KAKAJANOW,

42
112
gulia_maksatmyradowna
22.09.2023 08:57

Manyly sozler.

Körler görmese-de, ýyldyzlar bardyr.


Hakykat edil gün ýalydyr. Eýder-beýder "dogar".


"Özüñ barada geplemäge howlukma.

Siz hakdaky gürrüñ, gideniñizden soñ başlar" - Al PACINO.


«Bal, bal!» diýmek bilen agzyň süýjänok Ýöne beýle ajam bolup baranok.


Ölüm gelýän diýmez, durmuş garaşýan.


"Gaçýan adamy kowalamak zerur däl, käwagt oña bukulmaga-da kömek etmeli" - Kobe ABE.


"Bu adam meniñ göwnümden turanok, diýmek men bu adam bilen ýakyndan tanyşmaly" - Abraham LINCOLN.


"Adamyñ durmuşy - bu gowy mata we erbet iññe" - William Shakespeare.


"Çaga "ALDAMA" diýmäñ. Dogryny aýt diýiñ...Birinjisinde günäkärlärsiñiz, ikinjisinde bolsa dogry ýoly görkezdigiñiz bolar" - Victor HUGO


"Herkim özünde kem bolan zady söýer" - Arthur Schopenhauer.


Sizde agyry döredeniñ ýüzüne bakyp ýylgyryñ, goý ol siziñ nähili güýçlidigiñizi görsün.


Tupanda berilen wada, ýuwaş howada unudulýar - W. ŞEKSPIR

36
90
gulia_maksatmyradowna
21.09.2023 17:56

Ýolbars süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolup, göwresi uly, ýyrtyjy pişik hasaplanylýar. Ýolbarslar maşgala bolup ýaşaýarlar we köpçülikleýin aw edýärler. Ýolbarslaryň agramy 250 kilograma çenli bolýar. Olaryň erkinlikdäki ömri 10-14 ýyldan köp däldir. Soňky wagtlarda ýolbarslaryň sany 30-50 göterim azaldy. Şol sebäpden, olar döwlet, tebigy goraghanalarynda goralyp saklanylýar.


Pişikler hem süýdemdirijiler maşgalasyna degişli bolup, olar, takmynan, 9500 ýyl mundan ozal eldekileşdirilipdir.


Pişikleriň gözi olaryň hereketlerine görä üýtgäp bilýär. Olar iň duýgur haýwanlaryň biri hasaplanylýar. Olaryň murtjagazlary iň esasy duýuş synasy bolup hyzmat edýär.


Pişikleriň ys alyş organy adamyňkydan 14 esse güýçlüdir. Olaryň ýürek urgulary adamyňkydan 2 esse ýygydyr.


Düýeguş dünýäde iň uly guş hasaplanylýar. Onuň boýy 2,5 metre çenli ýetýär. Ol diňe bir ululygy bilen däl, agyrlygy bilen hem tapawutlanýar. Düýeguşuň ýumurtgasy adaty towuk ýumurtgasyndan 10 esse uludyr. Düýeguş dünýäde iň çalt ylgaýan guş hasaplanylýar. Şol sebäpden hem olaryň aýaklary uzyndyr.


Tarakanlaryň 4600-e golaý görnüşi mälim. Olaryň uzynlygy 1,7-2 santimetre ýetýär. Olar sekuntda 70 santimetre çenli ylgap bilýärler. Käbir tarakanlar bir aýa çenli hiç zat iýmän ýaşamaga ukyplydyr. Kellesi aýrylan tarakan bu ýitgini bilmezden 10 gün töweregi ýaşap bilýär.


Kolibriler uzak tropiki tokaýlyklarda ýaşaýan, kebelegiň ululygyndaky, käte ondan hem kiçijik guşjagazdyr. Kubin kolibrisi ýöne ýere kolibri siňegi diýlip atlandyrylmaýar. Olar şeýle bir kiçijik welin, hiç hili päsgelçiliksiz galamyň ujunda oturyp bilýärler. Şol sebäpden bu guşlar Ýer ýüzündäki iň kiçijik guş hasaplanylýar.


Kolibride 900-e golaý ýelek bolýar.


Baýrammyrat GÖLLIÝEW,

36
104
gulia_maksatmyradowna
20.09.2023 15:30

Azan dymmasyn.


Goja düňýäň ýüzünde

Şany ýüreklere uzan dymmasyn

Mydam utanç bolsun husyt gözünde

Ömrüni sogapdan bezän dymmasyn.


Mert kişiler ümsümligi söýsede

Nätjek älem ärleň sesin küýsese

Deňleş, gönel, erkin, bes et diýsede

Hereketde bolsun nyzam dymmasyn.


Imanyňdan gözle adyl jogaby

Ýeňlär ýaly o dünýäniň sogaby

Ilimde ýaňlansyn diniň owazy

Bilbiller dymsada Azan dymmasyn.🤲


Awtory Kerim Hallyýew

36
47
gulia_maksatmyradowna
19.09.2023 00:09

Tötänleýin duşuşyk



Ýaz paslynyň dynç alyş günleriniň birinde men gözel paýtagtymyzyň seýilgähleriniň birinde goşgy okap otyrdym. Günorta golaýlap gaýtmaly bolanymda, şol kitap okap oturan ýerimde özümiň köneje gündeligimi goýup gaýdypdyryn. Köp wagt geçmänkä gündeligimiň ýoklugyny bilip şol oturan ýerime geldim. Meniň oturan ýerimde bir gelin otyrdy. Onuň elinde bolsa meniň köneje gündeligim bardy. Ýöne onuň näme üçindir meniň gündeligimi okap gözleriniň ýaşyny süpürýäni meni geň galdyrdy. Ol gündelikde meniň synpdaşlarym bilen ilkinji okuwa baran pursatlarym, başdan geçiren ilkinji wakalarym ýazylgydy. Men “Bu şol wakalary okan bolara çemeli” diýip içimi gürletdim. Gündeligimde şeýle bir waka bardy.


”2005-nji ýylyň tomus aýlarydy. Bu ýyl meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boljakdygyny men heniz 7 ýaşym dolmasa hem bilýärdim. Sebäbi ilkinji gezek mekdebe aýak basmagyň nähili begençli ýagdaýdygyny ejem maňa gürrüň beripdi. Meni okuwçylaryňky ýaly egin başymda görmäge, meniň elimden tutup ilkinji synpa alyp gitmäge ejem menden beter howlugýardy. Ine, hä diýmän tomus ahyrlap gyssanylýan gün hem gelip ýetdi. Ejem meni täze okuw ýylyna täze egin eşiklerimi geýdirip mekdebe alyp geldi. Obamyz uly bolansoň men synpdaşlarymyň hemmesini tanamaýardym. Synpymyzdaky öňki bile oýnaýan oglanlarymy tanaýmasam başga oglanlar meniň gören ýüzüm hem däldi. Gyzlaryň içinden hem diňe goňşymyz Şirinden başga hiç kimi tanamaýardym. Ýöne meniň gözüme gyzlaryň içinde biri has-da özüne çekiji görünýärdi. Ol gyzyň ýaňajygynda meňi ýüzüne görk berýärdi. Ol gyz hem meniň goňşum Şiriniň elinden tutup, onuň bilen nämedir birzatlar pyşyrdaşyp gülüşip durdy. Meniň ilkinji mugallymym Meret mugallym biziň synpda oturmaly ýerimizi belläp başlady. Synpyň ortaky setiriniň iň öňündäki partanyň üstüne ýaşyl mata tutulyp onuň hem üstüne aýna goýulandy. “Bu ejemiň gürrüň berýän synpyň iň ökde okuwçylarynyň partasy bolsa gerek” diýip içimi gürledip durşuma “Medet Meýlisow” diýip meniň adymy okamagy meniň pikirimi böldi. Mugallymyň “Siz şu ýerde oturyň” diýip, görkezýän partasy hem hut şol partady. Ýerime geçip oturanymda ejemiň öňküden hem begençli gözlerine gözüm düşdi. Soňra mugallym “Medine Amanowa siz şu ýerde oturyň” diýip, meniň gapdalymdaky boş ýere elini uzatdy. Meniň ilkinji partadaşym boljak gyzyň kimdigi meni diýsen gyzyklandyrýardy. Öz kiçijek ädimleri bilen özüniň ilkinji ýerine tarap ýöräp başlan gyz hälki goňşum Şiriniň ýanyndaky görmegeý gyzdy. Ol maňa çalaja “salam” diýdi-de ýerine geçip oturdy. Utanmadan, aljyramadan ýaňa “salam” diýen sesim hyrkyldyly çykdy. Mugallym ähli klasdaşlarymy ýerli-ýerlerinde oturtdy. Ene-atalar öýlerine gaýtdylar. Mekdebe giden ilkinji günlerim meniň üçin ýatdan çykmajak günleriň iň gyzyklysy boldy. Synpdaşlarym bilen tanyş bolup, olar bilen gülşüp wagtyň nähili geçenini hem bilmän galypdyryn.


Sapak gutardy. Hemmeler öýlerine gaýtdylar. Meniň tizräk öýe baryp ejeme ilkinji günüm barada gürrüň beresim gelýärdi. Onuň gözlerindäki şatlygy ýene bir gezek görmäge diýseň gyssanýardym. Edil pikir edişim ýaly hem boldy. Ejemiň şatlykdan doly gözlerini görmek, meniň hem gözlerime şatlyk çaýdy. Şol gün agşam hemmeler ýatsa-da meniň gözüme uky gelmedi. Ertirki okuwa diýseň howlugýardym. Bu günki başdan geçirenlerimi ýatladym. Esasan hem maňa partadaşym Medinäniň ýylgyryp salam beren pursady meni ukydan alyp galýardy. Men ertir mekdebe baryp onuň bilen ýene salamlaşmaga diýseň gyssanýardym.


Aradan 6 ýyl geçdi. Geçen 6 ýylyň içinde Medine bilen diňe bir partadaş bolman, eýsem syrdaş dost hökmünde gatnaşýardym. Onuň owadanlygy, salyhatlylygy, akýürekliligi meniň ýüregimde söýgi döretdi. Ol söýgini bolsa goňşum Şirinden başga hiçkim bilenokdy. Şirin birnäçe gezek söýgimi Medinä aýtmagymy hat-da haýyş hem edipdi. Ýöne Medinäniň maňa dosty hökmünde ynanyşy meni oňa söýgimi duýdurmagymdan alyp galýardy.


Emma bir gün agşam ýüregimi daşa baglap Medinä söýgi hatyny ýazdym. Okuwa baranymda bereýin diýen niýet bilen okuw sumkama salyp goýdum. Şirin goňşum bolansoň biz mekdebe bile gidýärdik. Ine bu gün hem hemişekiler ýaly boldy. Men Şirine çekine-çekine Medinä söýgi hatyny ýazandygymy aýtdym. Ol begener öýtdim. Emma onuň tersine gözüne ýaş aýlanan Şirin maňa “Muny saňa Medine ugratdy”diýip, bir hat uzatdy. Özi bolsa “Kän aýtdym men saňa, indi giç” diýen manyda meniň ýüzüme seredip gaşyny çytdy-da çalaja kellesini yralady. Men gyssanyp haty açyp okadym. Hatda “Salam Medet men maşgalam bilen şähere enemlere gitmeli boldum. Indi görüşerismi ýa görüşmerismi bilemok, ýöne görüşmesek hem meni ýadyňdan çykarmagyn. Men seni hiç haçan ýadymdan çykarman. Özüňe gowuja seret. Sagbol.” diýen ýazgylar bardy. Şu wagt meniň halyma Şirinden başga düşünýän ýokdy. Medinäniň düýnki: “Menden birzat gizleýäňmi? Men seniň syrdaş dostuňdyryn, menden hiçzat gizlemegin” diýen sözlerini ýatlap oturşyma, gözlerime ýaş aýlanymy duýman galypdyryn. Ondan soň köp ýyl geçdi. Mekdebi tamamlanyma hem 4 ýyl boldy. Men ony heniz hem göremok.”


Belki meniň başymdan geçiren bu wakam ol geliniň gözünde ýaşyň döremegine getiren bolsa gerek. Soňra ol gelin göz ýaşyny süpürip, gündeligi ýapdy we ýerinden turup ýuwaşlyk bilen ýöräp başlady. Men onuň yzyndan: “Bagyşlaň bu gündelik meniňki bolmaly, men ony şu ýerde galdyrypdyryn” diýdim. Ol ýuwaşlyk bilen yzyna seretdi. Onuň ýaňagyndaky meňi, owadan ýüz keşbi maňa kimdir birini ýatlatdy. Men öz içimden “Bu şool Medine bolsa gerek” diýip pikire çümüp oturşyma onuň özi “Medet senmi?” diýip, dillendi. Men doňup galdym. Bu tötänleýin duşuşyk meni ýyldyrym çakandan kem etmedi. Ony şu pursat begenjimden bagryma basasym gelýärdi. Ýöne onuň başyndaky ýaglygy, meniň bolsa elimdäki nika halkam meni bu hereketlerden alyp galdy. Medine maňa “Medet men saňa ynanýardym ahyry, näme üçin menden syr sakladyň, sen şol wagt aýdan bolsaň belki käbir zatlar başgaça bolardy” diýip, meniň gözlerimiň içine seretdi-de dogumly gepledi. Men bolsa häzir onuň ýüzüne-de seredip biljek däldim. Men özümi onuň öňünde gaty günäli duýýardym. Şonuň üçin hem oňa “Bagyşla meni Medine” diýip, ýuwaşlyk bilen oňa tarap ýöräp başladym. Birdenem “Eje-eje kakam bize garaşýar” diýen sesi eşidip ýene saklandym. Ol kiçijek 2-3 ýaşlyja oglanjyk ylgap gelişine Medinäniň aýaklaryndan gujaklady. Medine “Alyň bu siziňki bolmaly” diýip, elindäki gündeligi maňa uzatdy. Soňra Medinäniň “Ýör Medetjan gideli, kakaň köp garaşdyrsak gaharlanar” diýen sözüni eşidip endamym tikenekläp gitdi. Men öz ýanymdam: “Ol meniň üçin öz ogluna meniň adymy dakypdyr, men bolsa ondan ýüregimdäkileri gizledim” diýip, ykbalyň öňünde özümi günäkär saýdym.

46
168
gulia_maksatmyradowna
18.09.2023 10:49

Men şeýle bir goşgy ýazasym gelýär

Çuň setirler aýtsyn ýürek gussany

Her sözi kalplaryň köküni gazsyn

Hatda sagaltsyn ol ýatan hassany.


Men şeýle bir goşgy ýazasym gelýär

Ýatlatsyn okaňda Mylly agaň sazyn.

Çökende gursaga gussaly günler

Ýeňletsin gaýgyny eçilsin ýazyn.


Men şeýle bir goşgy ýazasym gelýär

Ýer etsin herkesiň köňül köşgünde.

Okanlaň ählisin haýran eýleýip

Gezsin olar şygrystanyň yşgynda.


Men şeýle bir goşgy ýazasym gelýär

Wasp edip wepany synmaz söýgüni.

Galamda bir bina gurasym gelýär

Ýok edip köňülden gussa gaýgyny.


Awtory Jennet Meredowa

35
53
gulia_maksatmyradowna
17.09.2023 08:15

Ýürek.

Adamyň ýüregi bir sagatda ortaça 4200, bir gije- gündizde 100800, bir ýylda 36 mln 792 müň, 64 ýyla barabar ortaça ömrüniň dowamynda 2,4 mlrd gezek urýar.


Bir sagatda adam ýüregi 4200 gezek urýar we 300 litr gany üstünden geçirýär.


Şeýle-de ýürek bäş sekuntda 5 litr gany öz üstünden geçirýär.


Ýürek hemişe diýen ýaly bedendäki ganyň 5% golaý ätiýaçlygyny özünde saklanýar.


Uly ýaşdaky adamyň ýüregi 10-15 sm den gowrak ululykda bolýar.


Aýallaryň ýüregi ortaça 250-300 gr, erkekleriň ýüregi 300-350 gr agyrlykda bolýar.


Ýürek her gezek ýygrylanda, 60 ml golaý gany işläp bilýär.Her sekuntda bu mukdar 420 ml, bir sagatda 600 l, bir ýylda bolsa 200 müň litre deň bolýar.


Ýürek urşy her gezek klapanlary ýapylanda ýüze çykýar.


Adam strese düşende depressiýa halatynda bolanda ýürek her minutda 200-250 gezek urýandyr.


Ýürek öz elektro impulslaryna eýedir. Şu sebäpli ol bedenden aýralykda-da birnäçe wagtlap urup bilýär.


Ýürek 80 trilliona ýakyn dokumalary gan bilen üpjün edýär. Eger organizmde artykmaç ýag emele gelse, bu wezipesini ýerine ýetirmegi kynlaşyp başlaýar. Şeýlelikde gan ýag dokumalary arkaly aýlanmaly bolýar. Bu bolsa dürli howlpy kesellere sebäp bolup bilýär.


Adamyň ýüreginde dört sany kamera bardyr.


Ýüregiň adam organizminde paýlaýjy wezipesini ýerine ýetirýändigini ilkinji bolup Gadymy gresiýaly lukman Erazistrat Hiosskiý aýdypdyr.


Taýýarlan Ilmyrat BAÝRAMOW

39
240
gulia_maksatmyradowna
16.09.2023 01:35

-Göz perdesi adamyň bedeninde ýeke-täk gan bilen üpjün edilmeýän bölekdir. Ol kislorody gönüden-göni howadan alýar.


- Adamyň kelle beýnisiniň sygymy 4 terebaýtdan geçýär.


- Çagalar 7 aýlygyna çenli bir wagtda dem almaga we ýuwutmaga ukyplydyr.


- Adamyň kelle çanagy 29 sany dürli süňklerden durandyr.


- Nerw impulslar kelle beýniden 274 km/sag bilen hereket edýär.


- Ýürek adamyň ýaşaýşynyň dowamynda 182 million litr gany öz üstünden geçirýär.


- Adamlar ukuda görýän düýşleriniň 90 %-ni ýatdan çykarýarlar.


- Adam bedeninden 80 % ýylylyk kellesi boýunça çykýar.


- Adam bedeninde 700-den gowrak fermentler işleýär.


- Adamyň dişi ýeke-täk özbaşdak dikelmäge ukypsyzdyr.


- Dünýäde çepbekeýleriň umumy sany 7 %-e deňdir.


- Adam bedeninde ýaşaýan bakteriýalaryň umumy agramy ortaça 2 kg-a deňdir.


- Adam bedeninde kalsiý elementiniň 99 %-i dişde saklanýar.


- Dişiň syrçasy- adam bedeninde emele gelýän iň gaty dokumadyr.


- Adamyň derisi ömrüniň dowamynda ortaça 1000 gezek çalyşýar.


- Adam bedeniniň düzümine 4 mineral girýär: apatit, aragonit, kalsit we kristobalit.


- Adamyň sag öýkeniniň howa sygymy çep öýkene seredeňde uludyr.


- Uly adamlar 1 günde ortaça 23000 gezek dem alýar.


- Adam bedeninde 2000-den gowrak tagam biliş reseptorlary ýerleşýär.


- Adamyň saçynyň ösüşi uçarda uçan mahaly 2 esse artýar.


- Adamyň gözüniň ululygy doglandan şol durkuna saklanýar, emma burnunyň we gulak ýelkeniniň ösüşi hiç wagt togtamaýar.




Hudaýberdi SAPARMURADOW,

41
250