gulia_maksatmyradowna
06.10.2023 10:11

(Kyssa)


Durmuş gulaçlap ýüzübermeli ummana meňzeýär. Emma ýüzmäni başarmaýan kişiler üçin bolsa gark bolmak howpuny, howsalasyny döredýär. Aslyýetinde durmuş giň düşünje. Şol sebäpli durmuşa herkimiň öz garaýşy, öz düşünjesi, öz dünýäsi bar. Ýeri gelende şu ýerde durmuşa bolan garaýşymyz hakda bir kyssany size ýetirmekçi.


Bir soltan şäheriň daşynda örän kaşaň bir köşk saldyrypdyr. Köşgüň açylyşyna ähli halk çagyrylypdyr. Şäheriň daşynda ýerleşýän bu köşge barýan ýekeje ýol barmyşyn. Hökümdar bu ýoluň ortasynda äpet bir daş bölegini goýdurypdyr. Özü-de ýola tarap bakdyrylyp goýlan penjiresinden gelýän adamlaryň bu daşyň deňine ýetende özlerini nähili alyp baryşlaryny synlap oturanmyş.


Ülkäniň iň baý täjirleri, iň täsirli begzadalary, döwlet emeldarlary yzly-yzyna gelip başlaýar. Ählisi-de, hernäçe kyn hem bolsa, uly daş böleginiň daşyndan aýlanyp, köşge girýär. Birnäçesi sesini gataldyp, hökümdary tankyt edýär: Birgiden salgyt ýygnaýar, ýöne muňa garamazdan, şäheriň şeýle möhüm ýoluny arassa tutmagy başarmaýar, beýle-de bir hökümdar bolarmy?!


Ahyr soňy, agşamara bir daýhan gelýär. Gaýanyň deňesine ýetende bir salymlyk kürtdürip durýar. Soňra-da, arkasyndaky goşhaltasyny gapdala goýup, iki eli bilen daş bölegini ýoluň gyrasyna itmäge başlaýar. Emma gaýa bölegi örän uludy.


Daýhan töweregine garanjaklap, syrdam bir agaç bölegini tapýar. Şonuň bilen, gara dere batyp, ahyr soňy äpet daşy ýoluň ortasyndan aýyrmagy başarýar. Ýaňy bir goşhaltasyny alyp ugraberjek bolanda, daşyň öňki duran ýerinde bir haltajyga göze düşýär. Haltajygyň içi tylladan doly bolup, şeýle-de bir bölejik kagyz bar eken. Hökümdaryň möhüri goýlan kagyzda şular ýazylypdyr:


“Bu altynlar daşy ýoldan aýran adamyňkydyr.”


* * *


Aslyýetinde, ýolumyzdaky päsgelçiliklere, durmuş derejämizi has gowulandyrjak pursatlar hökmünde garamalydyrys.


Unutmalyň, iň oňat ýolagçy, yzdan gelýänler üçin ýoldaky päsgelçilikleri aýyrýan, büdür-südürleri arçaýan kişidir.


Geliň özümize şu sowaly bereliň: “Durmuş” atly ýolda ýöreýärkäk, yzymyzdan gelýänler has rahat geçer ýaly ýoly päsgelçiliklerden arassalamagy başarýarysmy ýa-da päsgelçilikleriň sanyny has artdyrýarysmy?

41
101
gulia_maksatmyradowna
05.10.2023 10:40

Iň mö­hüm ylym

Bir ge­zek An­tis­fen­den so­rap­dyr­lar:

– Ylym­la­ryň haý­sy­sy iň mö­hü­mi?

– Er­bet­li­gi taş­la­ma­gy öw­red­ýän ylym – di­ýip, ol jo­gap be­rip­dir.


Pro­fes­sor we ki­tap

Bir gün jem­gy­ýet­çi­lik me­se­le­le­ri sa­pa­gyn­da pro­fes­sor eli­ne bir ki­tap alyp­dyr-da, ta­lyp­la­ra ga­rap şeý­le di­ýip­dir:

– Bu ki­tap gy­zyl.

Ta­lyp­lar ge­ňir­ge­nip, ýer­li-ýer­den:

– Ýok, ol ga­ra – diý­ip­dir­ler.

Pro­fes­sor bol­sa, özü­niň­ki­ni tu­tup:

– Ýok, bu gy­zyl – di­ýip­dir.

Ta­lyp­lar ýe­ne-de:

– Ýok, siz ýal­ňyş­ýa­ňyz, ol gy­zyl däl – di­ýip­dir­ler.

Pro­fes­sor ki­ta­by beý­le­si­ne öw­rüp­dir, di­ňe şon­da ta­lyp­lar ki­ta­byň ar­ka sa­ha­by­nyň gy­zyl­dy­gy­ny bi­lip ga­lyp­dyr­lar.

Pro­fes­sor:

– Ýag­da­ýa gar­şyň­da­ky ada­myň nuk­daý­na­za­ryn­dan se­ret­mä­ge pur­sat bol­ýan­ça, onuň ýal­ňyş­ýan­dy­gy­ny ýü­zü­ne aýt­maň – di­ýip, ki­ta­by sto­luň üs­tün­de go­ýup­dyr.

45
80
gulia_maksatmyradowna
04.10.2023 12:11

Bi­li­me go­ýul­ýan ser­ma­ýa he­mi­şe köp gir­de­ji ge­tir­ýär.

Ben­ja­min Frank­lin


Be­de­niň bag­ty sag­lyk­da, aňyň bag­ty bi­lim­de bol­ýar.

Fa­les Miletskiý


Bi­li­miň muk­da­ry däl-de, hi­li mö­hüm­dir. Adam iň ze­rur zat­la­ry bil­män, köp za­dy bi­lip ba­şa­rýar.

Bil­mez­lik aýyp we zy­ýan­ly däl. Her kim hem­me za­dy bilip bilmeýär, ýöne bil­me­ýän za­dy­ňy­ bil­ýän ýa­ly edip gör­kez­jek bolmak aýyp we zy­ýan­ly­dyr.

L.N. Tols­toý


Hem­me za­dy bil­me­giň ze­rur­ly­gy ýok, ýö­ne sen özü­ňe nä­mä­niň ge­rek­di­gi­ni, ony ni­re­den we nä­dip tap­ma­ly­dy­gy­ny bil­me­li­siň.

G. Ford


Bi­lim­de be­ýik­lik we gö­zel­lik bar, bi­lim mer­jen ha­zy­na­syn­dan has gym­mat­ly­dyr. Bi­lim­li adam he­mi­şe ze­rur­dyr.

Abd ar-Razzak Sa­mar­kan­di


He­re­ket bi­li­miň ýe­ke-täk ýo­lu­dyr.

B. Şou


Bir ada­ma bi­li­miň ze­rur­dy­gy­ny su­but et­mek, ony gör­me­giň peý­da­ly­dy­gy­na ynan­dyr­mak ýa­ly­dyr.

M. Gor­kiý


Sa­byr we yh­las et­se­ňiz, eki­len bi­lim to­hum­la­ry hök­man go­wy gö­ge­riş be­rer.

Leo­nar­do da Win­çi


Bilimde di­ňe go­wu­lyk bar, na­dan­lyk­da bol­sa di­ňe er­bet­lik.

Bi­le­si­ge­li­ji bol­sa­ňyz, bi­lim­li bo­lar­sy­ňyz.

Sok­rat


Bi­lim şeý­le bir gym­mat­ly zat we­lin, ony is­len­dik çeş­me­den öw­ren­mek aýyp däl.

Abul-Fa­raj bin Ha­run


Kän za­dy däl-de, ze­rur za­dy bil­ýän paý­has­ly­dyr.

Mon­tesk­ýo


Bi­li­me bo­lan is­leg­den has te­bi­gy is­leg ýok.

Mi­şel de Mon­ten


Bi­ziň bil­ýän­le­ri­miz çäk­li­, bil­me­ýän­le­ri­miz çäk­siz­dir.

Apu­leý


Bi­lim – bu ýag­ty­lyk we er­kin­lik­dir. Ada­ma bi­lim­den baş­ga er­kin­lik ber­ýän güýç ýok­dur.

I. S. Tur­ge­new


Yn­san di­ňe bil­me­ýän zat­la­ryn­dan gork­ýar; bi­lim äh­li gor­ky­ny ýeň­ýär.

W.G. Be­lins­kiý

43
73
gulia_maksatmyradowna
03.10.2023 11:13

Pähimler.


Durmuşyň maksady dogry ýaşamak ,dogry pikirlen­mek we dog­ry he­re­ket et­mek.

Ma­hat­ma Gan­di.


Her ki­miň soň­ky de­mi­ne çen­li özü­ni üýt­get­mä­ge we ös­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar.

M. F. Ra­ýan.


Şow­suz­lyk, tä­ze­den baş­la­mak üçin müm­kin­çi­lik, ýö­ne indi has akyl­ly.

Gen­ri Ford.


Ýüregiňizde nä­çe­räk köp söý­gi, paý­has, gö­zel­lik, hoş­ni­ýet­li­lik dö­ret­se­ňiz, ola­ry daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki dün­ýä­de şon­ça-da köp gö­rer­si­ňiz.

Te­re­za ene.


Özü­ňiz bi­len de­ňeş­dir­me­li ýe­ke-täk adam, ol öň­ki geç­mi­şi­ňiz­dir. In­di on­dan hem go­wy bol­ma­ly ýe­ke-täk adam – bu ine sen­siň.

Zig­mund Freýd.


Has güýç­li adam­lar bi­len tür­gen­le­şiň. Baş­ga­la­ryň bo­ýun syn­ýan ýe­rin­de bo­ýun syn­maň. Şon­da ýe­ňip bol­ma­jak ýer­de ýe­ňer­siňiz.

Brýus Li.


Sport zal­la­ryn­da çem­pi­on bo­lup bol­ma­ýar. Çem­pi­on ada­myň için­dä­ki is­leg­den, ar­zuw­dan, mak­sat­dan dö­re­ýär.

Mu­ham­met Aly.


Her kyn­çy­lyk güýç­len­mek üçin müm­kin­çi­lik­dir.

Dýuk El­ling­ton.


Ýyl­dyz­la­ra ym­tyl­ýan adam yzy­na öw­rül­me­ýär.

Leo­nar­do da Win­çi.


Ha­la­ýan kä­ri­ňi­zi saý­laň, şon­da öm­rü­ňiz­de bir gün hem iş­le­me­dik ýa­ly bo­lar­sy­ňyz.

Kon­fu­siý.


Eger-de düýp­süz uçuda uzak wagt­lap si­ňe se­re­dip dur­sa­ňyz, uçut hem si­ze se­re­dip baş­la­r.

Frid­rih Nisşe.


Öm­rü­miz pa­ýaw­lap bar­ýar­ka biz di­ňe iki za­da: az sö­ýe­ndigi­mi­ze we az sy­ýa­hat ede­ndigi­mi­ze gy­na­na­rys.

Mark Twen.


Mak­sat­lar hiç ha­çan ýö­ne­keý bol­ma­ly däl­dir. Olar se­ni iş­le­tmek üçin çylşyrymly bol­ma­ly­dyr.

Maýkl Felps.


Ýaş – bu di­ňe kel­lä­ňiz­de özü­ňi­ze go­ýan çä­gi­ňiz­dir.

Jek­ki Joý­ner-Ker­si.


Şow­suz­lyk­dan gork­maň, se­bä­bi bu üs­tün­li­ge bar­ýan ýo­lu­ňyz­dyr.

Leb­ron Jeýms.


Dur­muş özü­ňi tap­mak­dan yba­rat däl. Dur­muş özü­ňi­zi dö­ret­mek­dir.

Ber­nard Şow.

40
109
gulia_maksatmyradowna
02.10.2023 04:51

Hakyky zehin iki daşyň arasynda gysylyp galsa-da syzylyp çykar.

34
36
gulia_maksatmyradowna
30.09.2023 19:24

Geografiýa barada iň gyzykly maglumatlar:


Gadymy grek dilinden terjime edilen “geografiýa” sözi – “ýeriň beýany” diýmekdir.

Amazon tokaýlary planetamyzy kislorod bilen baýlaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar. Dünýädäki kislorodyň 20% -ini öndürýärler.

Stambul, geografiki taýdan dünýäniň iki böleginde, ýagny Aziýada we Ýewropada ýerleşýän ýeke-täk şäher.

Dünýäde haýsydyr bir döwlete degişli bolmadyk ýeke-täk ýer Antarktidadyr.

Rim adamzat taryhynda adam sany milliona ýeten ilkinji şäherdir.

Döwlet statusy bilen dünýäniň iň kiçi adasy Pitkern (Polineziýa). Onuň meýdany bary-ýogy 4,5 km².

Dünýädäki tokaýlaryň 25% -i Russiýanyň Sibirinde jemlenendir.

Watikan, anklaw döwleti bolmak bilen dünýäniň iň kiçi döwleti hasaplanýar. Onuň territoriýasy bary-ýogy 0,44 km².

Kanada Ýer şaryndaky ähli tebigy kölleriň 50% -den gowragyny öz içine alýar.

Şeýle hem Kanada 244,000 km-den gowrak kenar ýakasy boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär.

Ýuwaş ummany, suwuň göwrümi we göwrümi taýdan iň uly suw howdanydyr.

Baýkal kölünde süýji suwlaryň 20 göterimi jemlenendir.

Statistikalara görä, ömrüň iň ýokary dowamlylygy Andorrada, Ýaponiýada we Singapurda hasaba alnyp, ol hem 84 ýyldyr.

Derýalaryň hemmesi diýen ýaly Ekwatora tarap akýar. Diňe Nil derýasy tersine akýar.

Ak deňiz iň sowuk suwly suw howdany hasaplanýar.

Derýalaryň sany boýunça Kanada dünýäde öňdebaryjy hasaplanýar. Bu ýerde takmynan 4 million köl bar.

Demirgazyk polýusda hiç ýerde ýer görmersiňiz. 12 million km² ýüzýän buzuň üstünde ýerleşýär.

37
138
gulia_maksatmyradowna
29.09.2023 00:16

Beýni şol bir wagtyň özünde 100 trillion maglumaty özünde saklap bilýär.


Beýnimiz her sekuntda bedenimizden 100 milliondan gowrak habar alýar.


Beýnimiz her gün öwezini dolup bolmaýan 1000-e golaý öýjük ýitirýär.


Beýni hiç hili agyry duýmaýar. Şonuň üçin, hassa beýnisinden operasiýa bolýan wagty hiç hili agyry duýmaýar.


Ýaňy doglan bäbegiň beýnisi ilkinji alty aýyň dowamynda iki esse ulalýar.


Beýniniň agramy bedeniň 1/50 bölegine deň bolsa-da, bedenimizdäki kislorodyň 1/4 bölegini ulanýar.


Beýniniň çep bölegi bedeniň sag tarapyny, sag bölegi bolsa çep tarapyny dolandyrýar.


Çep beýni matematika, logika, dil amallary tarapdan güýçli bolsa, sag beýni saz, reňk, sungat tarapdan güýçli bolýar.


Eger-de sen saglakaý bolsaň seniň çep beýniň gowy işleýär, çepbekeý bolsaň sag tarapky beýniň gowy işleýär.


Erkek adamlaryň beýnisi aýallaryň beýnisinden agyrdyr.

43
192
gulia_maksatmyradowna
28.09.2023 23:45

Bedenimizde birnäçe möhüm organlar bar. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesinden has möhümi beýni bolup durýar. Beýni adam bedenindäki energiýanyň köp bölegini gönüden-göni özüne sarp edýär.


Beýni nerw ulgamynyň merkezi bolup hyzmat edýän organdyr. Adaty bir adamyň beýnisinde 15-33 milliard neýron bardygy çak edilýär. Olaryň her biri “synapses” diýilýän baglanyşyk arkaly birnäçe müň neýron bilen baglanyşdyrylýar. Bu neýronlar akson diýilýän uzyn protoplazmatiki süýümler arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Aksonlar beýniniň beýleki ýerlerine ýa-da bedeniň belli bir reseptor öýjüklerine maglumat berýär.


Beýni barada gyzykly maglumatlar:


Beýni reňkleri eşitmäge we sözleri yslamaga mümkinçilik berip bilýär;


Çuňňur dem almak has aýdyň pikirlenmäge mümkinçilik berýär;


Aşyk bolmak beýnini işjeňleşdirýär;


Beýniniň öndürýän energiýasy bilen bir çyrany ýakyp bolar;


Uly adamyň beýnisiniň agramy ortaça 1,5 kg;


Adam beýnisiniň kuwwaty çäksiz hasaplanýar;


Adam beýnisi 75 göterim suwdan durýar;


Adam beýnisinde ortaça 86 milliard neýron bar;


Neýronlaryň arasynda maglumat akymy sagatda takmynan 400 kilometre deňdir;


Beýni özüne iberilen agyry signallaryny bedeniň beýleki ýerlerine iberýär, ýöne agyryny duýmaýar;


Adam beýnisi bedendäki kislorodyň we ganyň 20 göterimini ulanýar.



Daýanç KAKABAÝEW,

39
137
gulia_maksatmyradowna
27.09.2023 17:17

1.Häzirki wagtda alymlaryň aýtmagyna görä, Ýer ýüzünde garynjalaryň 22000 görnüşi bar diýip çaklanylýar we olaryň 12500 görnüşi anyklanyldy. Iň uly garynja Merkezi Afrikada ýaşaýan “Dorylus” garynjalary bolup, olaryň bedeniniň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Iň kiçi garynja Braziliýada ýaşaýan “Mycetophylax” garynjasy bolup onuň uzynlygy 1 mm-den geçmeýär.



2. 1983-nji ýylda meşhur iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazdy. Ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ömrüniň dowamynda ýazan kitaplarynyň sany bolsa 600-den 1958-nji ýyldan bäri haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip barýan görnüşleri girizilýän Gyzyl kitapdan başga-da, Gara kitap hem bar. Gara kitaba adamlaryň weýran ediji hereketleri sebäpli Ýer ýüzünden ýitip giden ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen.



3. Dmitri Iwanowiç Mendeleýew “Himiki elementleriň periodik tablisasyny” hakykatdan hem düýşünde görendigini tassyklaýar. Ýöne Mendeleýew düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp etdi.



4.Nýutonyň kellesine gaçan alma hakynda Wolter Nýutona bagyşlap ýazan oçerkinde aýdypdyr. Nýutonyň özi bu wakany hiç haçan aýtmandyr.



5.2003-nji ýylda stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň karary esasynda tennis topunyň diametri 2 millimetr ulaldyldy. Netijede oýun wagty topuň tizligi 15% peseldi. Bu karar muşdaklaryň telewizorda oýna tomaşa edeninde kynçylyk çekmezligi üçin çykaryldy.



6.Towşanlar we kengurular (näçe haýal hereket etseler-de) ädimläp ýöräp bilmeýärler, olar diňe bökýärler.



7.Sygyry basgançakdan ýokarlygyna mejbur edip mündirip bolýar, ýöne ýokarydan aşaklygyna düşürip bolmaýar.



8.Däneli ösümlikleriň içinde iň hasyllysy mekgejöwendir. Bugdaýyň bir sümmülinde adatça 30 däne bolýar, mekgejöweniň bir başynda bolsa müňe golaý däne bolýar.



9.Ýer şarynyň ilatynyň ýarysyndan köpüsi hiç haçan gary görmedikdir.



10.Hytaýda iňlisçe gürleýän adamlaryň sany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndakydan kändir.

41
257
gulia_maksatmyradowna
26.09.2023 14:32

Reňkleri anyk saýgaryp bilmeýän adamlar adaty görüş ukyply adamlara garanyňda, gije has gowy görýärler.


* * *


Gök reňk dünýädäki iň gowy görülýän reňkleriň biridir. Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň, takmynan, 40 göterimi bu reňki beýlekilerden has gowy görýärler.


* * *


Gök reňk ynsan zehinini durlaýar, ýürek urgusyny haýalladýar, gan basyşyny peseldýär we gorkusyny azaldýar.


* * *


Bäbekleriň ilkinji saýgar­ ýan reňki gyzyldyr. Geçirilen barlaglar eýýäm iki hepdelik bäbejigiň gyzyl reňki saý­ garyp bilýändigini görkezdi. Sebäbi bu reňk ynsan aňyna beýleki reňklere görä has ýiti täsir edýär.


* * *


Adatça, bir adam bir million reňki biri-birinden saýgaryp bilýär. Has zehinli adamlaryň bolsa, bir ýarym milliona çenli reňkleri tanap bilýändiklerini ylym tassyklady.


* * *


Gülgüne reňk adamy rahatlandyrýar. Hytaýyň Feng Şui pelsepe akymyna görä, gülgü­ ne reňk ynsanda döreýän dürli energiýany kadalaşdyrýar. Ol sada reňk hasaplanylýar.


* * *


Gyzyl we sary lezzet beriji reňkler hasaplanylýar. McDonald’s, KFC we Burger King ýaly tiz tagam kompaniýalarynyň nyşanlarynda bu iki reňkiň haýsy hem bolsa biriniň ulanylmagynyň düýp sebäbi hem şundandyr.


* * *


Barlaglara görä, çagakak tomaşa eden teleýaýlymlarymyzyň reňkli ýa-da reňksiz bolmagy düýşümize-de täsirini ýetirýär. Çagalygynda akgara reňkli ýaýlymlara tomaşa eden ýaşuly adamlaryň düý­ şünde esasan, belli bir reňk ýokdur.


* * *


Eger kompýuteriňiziň ekranyndaky suratda ýaşyl reňk kän bolsa, bu siziň dogry suraty saýlap alandygyňyzy görkezýär. Sebäbi ýaşyl reňk rahatlandyrýar, ol gözi asla ýadadanok diýen ýalydyr.


* * *


Eger gije çybyn-çirkeý rahatlygyňyzy bozýan bolsa, açyk reňkli geýim geýniň! Çünki olaryň «jyny» goýy reňklere düşýär.


Taýýarlan Şageldi ESENOW

44
131