Bedenimizde birnäçe möhüm organlar bar. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesinden has möhümi beýni bolup durýar. Beýni adam bedenindäki energiýanyň köp bölegini gönüden-göni özüne sarp edýär.
Beýni nerw ulgamynyň merkezi bolup hyzmat edýän organdyr. Adaty bir adamyň beýnisinde 15-33 milliard neýron bardygy çak edilýär. Olaryň her biri “synapses” diýilýän baglanyşyk arkaly birnäçe müň neýron bilen baglanyşdyrylýar. Bu neýronlar akson diýilýän uzyn protoplazmatiki süýümler arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Aksonlar beýniniň beýleki ýerlerine ýa-da bedeniň belli bir reseptor öýjüklerine maglumat berýär.
Beýni barada gyzykly maglumatlar:
Beýni reňkleri eşitmäge we sözleri yslamaga mümkinçilik berip bilýär;
Çuňňur dem almak has aýdyň pikirlenmäge mümkinçilik berýär;
Aşyk bolmak beýnini işjeňleşdirýär;
Beýniniň öndürýän energiýasy bilen bir çyrany ýakyp bolar;
Uly adamyň beýnisiniň agramy ortaça 1,5 kg;
Adam beýnisiniň kuwwaty çäksiz hasaplanýar;
Adam beýnisi 75 göterim suwdan durýar;
Adam beýnisinde ortaça 86 milliard neýron bar;
Neýronlaryň arasynda maglumat akymy sagatda takmynan 400 kilometre deňdir;
Beýni özüne iberilen agyry signallaryny bedeniň beýleki ýerlerine iberýär, ýöne agyryny duýmaýar;
Adam beýnisi bedendäki kislorodyň we ganyň 20 göterimini ulanýar.
Daýanç KAKABAÝEW,