guli_
04.02.2022 19:04
Albert Einstein dirikä bir sõzünde şeýle diýipdir:,,Bir gün tehnologiýaň adamlaryň gatnaşygyny we birek birek bilen gatnaşyklaryny kesmäge sebäp bolup biljeginden gorkýaryn we samsyk bir nesil orta cykar õýtýärin"
Siz bu barada nähili pikir etýäňiz?
14
177
10
guli_
04.02.2022 18:34
AÝRALYK
Gyşyňam sowugy ýeterlik weli,
Has kyn eken kalba düşse sowuklyk.
Ikimiz hem boýun bolup baryna,
Ykbal beren bije bilen oňupdyk.
Hem doňupdy, dilimizde kän sözler
aýdylmady, nazarlarmyz düşnüşdi.
Men-ä öz ýoluma rowana boldum,
Dymdyň... garaz, onda seňkem düşnükli..
* * *
Ýok, ýeke goýmaýar ýekeje pursat,
Ýüregiňde bir bölejik ynamyň.
Göwnüňizi dag deý tutuň belentde,
Wysal bolar arzuwlara ynanyň!
Gussa salmaň, almaň göwne kinäni,
Bagtdan ýaňa ýaş aýlansyn, ýylgyryň!
Geçer, sabyr ediň, göreşip ýaşaň,
Hem garaşyň sylagyna ýyllaryň.
Gözel UMAROWA.
9
72
5
guli_
03.02.2022 20:08
Haýsymyz agaçdak,haýsymyz ýaprak?! Bilip ýetişmänkäk güýz ýetip geldi...
8
198
21
guli_
31.01.2022 23:50
"Çyn söýgimi??? Elbetde ynanýaryn. Entek gelmänkäm döremänkäm ol ýeketäk biribary bir bakyşda söýdüm, ýaňy gözüm açylyp käbämi göremde "Ejem meniň mukaddesligim" diýip söýdüm.
15
246
63
guli_
30.01.2022 20:53
,,Bolmady diýip gynanma,bir gün geler bolmadygyna şükür edersiňiz" Şemsi Tebrizi
9
178
33
guli_
30.01.2022 19:43
Geliň, Mertlerçe razy bolalyň Eger geljek bolsa,gelerçe boldy. G.Ezizow
8
50
4
guli_
24.01.2022 18:40
Entăk sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun oguluňyz,gyzyňyz
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin,tylla güýzüňiz
Gurbannazar Ezizow
,,Sadalykdan zyýan bolmaz"diýipsiň
Häli şindi ejir çekýär sadalar
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalňyşýaň
Ýa ondan soň,çalt üýtgedi kadalar.
Atajan Tagan
Ussatlar känem bir ýalňyşmaýarlar
Sadaň ejirliginiň soňy eşretdir
Ömrüni sogaba çalyşmaýanlar
Olaň nikabyny geýen eşşekdir.
Kerim Hally
Ussatlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar
Sadalykda geçen ömrüň halaldyr
O dünýäde ýanmajaklaň pikiri
Sadalary akmak adam saýmakdyr.
Oraz Öwezberdiýew
Hemme kişi,munda ýalňyşyp biler
Çünki gelejegiň öňün gören ýok
Sada bolup,haýyr ýoly tapan bar
Ýöne sadalykdan zyýan çeken ýok
Öwezgeldi Taganow
14
101
17
guli_
20.01.2022 22:27
Gyzyklyja soraglar:Progyň aktiwlygy peselip baryala
1)Nickiñiziñ manysy name ?
2) siz ucin durmuşyñyzyň manysy namede ?
3) iñ soñky okan kitabyñyz ?
4) Her diňlaniñizde sizi bagtly edyan aydym ?
5) Şu gune çenli alan iň bolgusyz kararyñyz ?
6) Meşhur şahsyyetleriň aydan sozlerinden gowy goryanleriň ?
7) Çagalygyñdaky iň yatdagalyjy unudulmajak iň bagtly pursadyñ ?
8) Bir maslahat(öwüt,nesihat) yaz diysek ?
9) Gündizmi gijemi ?
10) görmekmi eşitmekmi ?
11) bedroy bolup akylly bolmakmy yada görmegey bolup akmak bolmakmy ?
12) Sowgat bermekmi sowgat almakmy ?
13
220
23
guli_
20.01.2022 22:14
Tymsal
Paýhasly adamy nadandan nädip tapawutlandyrmaly
Günlerde bir gün okuwçy mugallymynyň ýanyna gelip şeýle diýipdir:
- Ýoldaş mugallym, parasatly adamy nadan adamdan nähili tapawutlanýar?
Güneşli ertir çagydy, mugallym gök çaý süzüp oturşyna pikir ummanyna gitýärdi. Birdenem okuwçysy üçin gutarylmadyk çaýyny taşlap, ony yzyna düşürip äkidýär. Mugallym okuwçysyny ýaňy-ýakynda opurlan dag gerşiniň etegine eltip, aşakda ýatan ululy-kiçili daşlary görkezýär. Hemem, şol daşlary dagyň depesine daşamagy buýurýar. Daşlar örän köpdi. Okuwçy ony uzak günläp daşady, mugallym bolsa bagyň kölegesinde oturyp kitap okaýardy. Görgüli oglanjyk örän ýadap, daş daşamasyny goýdy-da, mugallymynyň ýanyna geldi. Özüni bitiren işi üçin şadyýan halda şeýle diýdi:
- Ýoldaş mugallym, indi bilip bilerinmikäm soragymyň jogabyny?
- Ýok sen entek taýyn däl – diýip mugallym kellesini yralady.
- Onda şunça daşy ýokaryk daşamak nämä gerekdi? – diýip okuwçy nägileligini bildirdi.
- Ine – diýip mugallym süýem barmagyny görkezdi – Paýhasly adam şu soragy daş daşap başlamanka bererdi.
7
65
3
guli_
11.01.2022 13:57
Manysy näme?!
Sabra bil baglapjyk ygtyýar erkin,
Kesbinden-de kemal tapsady her kim.
Düýnjek diplom alypdy,bugünki häkim,
"Erte gözenekde",manysy näme?
Gerek wagt töwekgelçilik etmese,
Ajal bilen deň söweşe gitmese.
Hassa wagtynda-da kömek ýetmese,
"Lukman Hekim",diýse manysy näme?
Bugün birine,erte özgä bakyp,
Ýalan söýgüsiniň näzini çekip.
Wagtlaýyn adyna "söýgülim dakyp,
"Men çyn aşyk"diýse,manysy näme?
Sapakda pallap,mejlisde ýatmasa,
(iki,gelmedä-atrabotka etmese)
Bäş ýylda ýekeje çärä gitmese,
"Men hem talyp"diýse,manysy näme?
Men ýazýaryn,emma däldirin şahyr,
Öňýeten şahyr bolmalymy ahyr?
Indi iki setir ýazyp her jahyl,
"Men-de şahyr"diýse,manysy näme?
awtory:Ylham Gurbanaly
13
199
10
Yene yükle