Entăk sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun oguluňyz,gyzyňyz
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin,tylla güýzüňiz
Gurbannazar Ezizow
,,Sadalykdan zyýan bolmaz"diýipsiň
Häli şindi ejir çekýär sadalar
Ýa ussadym sen şol ýerde ýalňyşýaň
Ýa ondan soň,çalt üýtgedi kadalar.
Atajan Tagan
Ussatlar känem bir ýalňyşmaýarlar
Sadaň ejirliginiň soňy eşretdir
Ömrüni sogaba çalyşmaýanlar
Olaň nikabyny geýen eşşekdir.
Kerim Hally
Ussatlar hiç haçan ýalňyşmaýarlar
Sadalykda geçen ömrüň halaldyr
O dünýäde ýanmajaklaň pikiri
Sadalary akmak adam saýmakdyr.
Oraz Öwezberdiýew
Hemme kişi,munda ýalňyşyp biler
Çünki gelejegiň öňün gören ýok
Sada bolup,haýyr ýoly tapan bar
Ýöne sadalykdan zyýan çeken ýok
Öwezgeldi Taganow