Manysy näme?!
Sabra bil baglapjyk ygtyýar erkin,
Kesbinden-de kemal tapsady her kim.
Düýnjek diplom alypdy,bugünki häkim,
"Erte gözenekde",manysy näme?
Gerek wagt töwekgelçilik etmese,
Ajal bilen deň söweşe gitmese.
Hassa wagtynda-da kömek ýetmese,
"Lukman Hekim",diýse manysy näme?
Bugün birine,erte özgä bakyp,
Ýalan söýgüsiniň näzini çekip.
Wagtlaýyn adyna "söýgülim dakyp,
"Men çyn aşyk"diýse,manysy näme?
Sapakda pallap,mejlisde ýatmasa,
(iki,gelmedä-atrabotka etmese)
Bäş ýylda ýekeje çärä gitmese,
"Men hem talyp"diýse,manysy näme?
Men ýazýaryn,emma däldirin şahyr,
Öňýeten şahyr bolmalymy ahyr?
Indi iki setir ýazyp her jahyl,
"Men-de şahyr"diýse,manysy näme?
awtory:Ylham Gurbanaly