gulalek_poetess
11.12.2023 19:58

Gowluk baryn etgin eliñden gelen,

Ýagşy niýet bilen, ýapyş her işe!

Çünki ile eden her bir gowlugyñ,

Alladan gaýtýandyr, saña hemişe!

19
23
gulalek_poetess
12.10.2023 09:13

Wah, näler geçmişi dolap bolsady,

Nähak ynsanlara goldaw bermezdim.

Käbir adam üçin şo:l kötel ýolda,

Bogulyp, ýaşlara "gitme" diýmezdim.


Gül açanok şindi bul gatan ýürek,

Gursakda, hiçkime ynam galmady.

Tesip adamlardan, galdyrdy böwet,

"Ýagsy" diýip, degre-daşyn aldady.


Gurşun dek geçen kalpdan sözleri,

Zarynyp, gulakda ýañlanýar herdem.

Pynhan bakan gaýry ýandan gözleri,

Geçmişiñ awusyn çekdirýär gerden.


Size tarap, mydam söýgi besläpdim,

Garşylygna bolsa nämeler aldym?

Bagtyñyz üçin-de çyrpynyp ýörkäm,

Iñ soñunda, ýalñyz başyma galdym.


Bu-da maña durmuşyñ bir sapagy,

Geçmişede şindi gaýdyp bolmaýar

Biçak minnetdaryn tejribäm üçin

Maña derek setirlerim soñlaýar.

13
25
gulalek_poetess
06.10.2023 00:06

Bir gün söýgi bilen dostluk söhbetdeş bolupdyrlar:

-"Men bu panyda iñ beýik duýgularyñ birikäm seniñ nämä haýryñ bar?!"


Dostluk jogap beripdir:


-"Seniñ goýan dertleriñe derman, ýaralaryña melhem bolmak üçin..."

15
62
gulalek_poetess
01.10.2023 07:16

Güýz


Dört pasylyň soltany,

Şeýle bir täsin güýzüm.

Maýyl eden günleri

Hünji deý düzüm-düzüm.


Altynsow ýapraklaryň,

Gaýyp ýere düşişi,

Durşuna syrly kimin,

Sary begres geýişi.


Ümsümlige siňen dek,

Daş töwerek asuda.

Diňe saýrak bilbiller,

Sessizligi bozmakda.


Hatarlaýyn durnalar

Pel-pelleýär asmanda.

Kerwen salyp barýarlar,

Güýzüň gelen çagynda.


Öwsüp duran şemalyň,

Diýsen kalba siňiji.

Altyn güýzüň gelenin,

Bize buşlap beriji.

12
16
gulalek_poetess
30.09.2023 01:07

Ýyl saýyn Türkmençiligem ýat bolup,

Gitdikçe üýtgäp baryşyn gördüm.

Beýik Pyragynyñ sözleýşi ýaly,

Bu döwrede, ädim basyşym gördüm.


Biçäräñ hakyny goparyp alan,

Haramhor kişileñ köpelşin gördüm.

Pukarañ Göz ýaşy sil bolup akan,

Naçarlañ hakynyñ, iýilşin gördüm.


Tumşugy ýokarda käbir namartlañ,

Bir saçakda üýşip azyşyn gördüm.

Özünden beýige gujak açýanlañ,

Pesrägi, köpüge satyşyn gördüm.


Elim ýaly çöregñi bölüşen dostuñ,

Bu gün, arkadan uruşyn gördüm.

Uzyn ýolda, bile gelýän yoldaşyñ,

Yza dönseñ, ýere sokuşyn gördüm.


Ýöne meñ daşyma ýagşylar üýşdi!

Gyzgyn mahir bilen, goldawy gördüm.

Ýagşy niýet bilen ýagşy päl düşdi!

Kyn günde ýanymda, boljagy gördüm...

20
51
gulalek_poetess
28.09.2023 16:55

«Eje» sözi


«Eje» sözi ilki sözdür çaganyň,

«Eje» sözi bägülidir adynyň,

«Eje» sözi gudratydyr bu dünýäň,

«Eje» sözi başlangyjy şatlygyň.


«Eje» sözi desterhandyr-baýramdyr,

«Eje» sözi ýüreklerde aýdymdyr,

«Eje» sözi dillermizde senadyr,

«Eje» sözi köp dilde-de penadyr.


«Eje» sözi gülälekli meýdandyr,

«Eje» sözi daglardaky jeýrandyr,

«Eje» sözi jennetdäki bagymdyr,

«Eje» sözi ýer ýüzünde şanymdyr.


«Eje» sözi perişdäniň adydyr,

«Eje» sözi sallançagyň badydyr,

«Eje» sözi arkamdaky dagydyr,

«Eje» sözi damardaky ganymdyr.


Kä çagalar, zardyr «eje» sözine,

Ulalýarlar, görmän eje mährini,

Şonuň üçin, elmydama dilňizde,

Sena ediň, baky «eje» sözini.

20
43
gulalek_poetess
25.09.2023 08:27

Göwün guşum uçup gitse asmana,

Ara eýýam daşdyr ony tutmana.

Aýagym ysmaýar ýere basmana,

Hemme zat ýat bolýar, Ylham gelende.


Öz dünýäme çümüp gitýärin birden,

Ýadowlyk, agyry, duýmaýar beden.

Oýa batyp siňipdirin goşgyma,

Bir seretsem, günem dogaýan eken.


Hiç goýbermän elim galamy tutýar,

Gysýar bar güýjünden, durmanam ýazýar,

Ak kagyzyň ýüzi şygyrdan dolýar,

Bady peselmeýär, Ylham gelende


Bu ýagdaýda, juda howsala gelýär,

Heýjan joşup, birden ýürege berýär,

Gyzdyryp, gaýnadyp, sowadyp geçýär,

Ýüregim möwç urýar Ylham gelende.

12
57
gulalek_poetess
23.09.2023 21:41

Bir gyzykly kitap, tekjämden alyp,

Geçip oturybam, gatyn agtaryp,

Öz dünýäme çümüp gitýärin birden

Oýlanmalar ummanymda gark bolup.


Okadygymça, göwnüm geldi heýjana,

Bilmedim nämeden näme sebäpden,

Küýlem seýil etýär, uçup herýana,

Bu duýgyny hiç zat, ýoga deňärden!


Begenjim galkynýar gursakda meniň,

Nuryn saçýar, günüň basyp şöhlesin,

Köňlümde gülälek açypdyr gülün,

Goja dünýä, peşgeş berip lälesin.


Şatlygymyň ýokdur çenide-çaky,

Göwün guşum tutdyrmazam badyny,

Görmeklik isleýär her sagy-soly,

Añmaz hijem teşneligi, yadowy.


Göwün guşum Arzuwlarma ýetirseň,

Menden bagtly, adam bolmaz Zeminde,

Ýüregimde beslänlerme getirseň,

Bilýän, maña bagly, meniñ ellemde.


Diñe saña göwün baglap bolanok,

Öz üstümde entek işlemek gerek,

Hiç kim öz ornuny aňsat tapanok,

Ýeňil ýolun gözläp, agyra derek.


Çekerin zähmeti derimi döküp,

Köpräk kitaplaryñ gatyn agtaryp,

Sizede maslahat bermek isleýän

"Wagt çäksizkä Kitap köpüräk okañ",

Durmuşda ornuñy tapynjak bolup!

14
56
gulalek_poetess
21.09.2023 21:37

Ägirt bolmak üçin çarhy pelekde,

Adyñy göterjek şägirtleñ bolsun.

Çünki sen gideñsoñ dowam etdirjek,

Ynamdar dostlañdan saçagyñ dolsun.


Hemişe ser salgyn ýakyna-ýada,

Özge ýerde gözleme syryñy satan.

Seretme berende ýalandan wada,

Belki şoldur saña tezekler atan.


Beýik şahalardan miwe isleseñ,

Gorky duýgusyny birçete taşla.

Miwäni datmany kalpda besleseñ,

Uly ädim bilen dyrmaşma başla.


Kynçylyklañ baram iner başyñdan,

Hiçkime daýanman öz başyñ agyrt.

Ýykylşyñ dek galmanyda başarsañ,

Sen şonda bolarsyñ çyndanam ägirt.

16
28
gulalek_poetess
19.09.2023 08:50

Bu günem, düşdiñ meniñ ýadyma,

Söýgim möwç alýardy, señ baryña,

Ýene-de Allam çykaraýsa ýoluma,

Şonda haýyş senden, yza dolanma!


Gujak açyp, garaşypdym gelerñe,

Söýgi doly pursatlary bererñe,

Isläpdim, garşymda gabat gelerñe,

Şonda näme diýsem, yza dolanma!

17
58