gulalek_poetess
28.09.2023 16:55

«Eje» sözi


«Eje» sözi ilki sözdür çaganyň,

«Eje» sözi bägülidir adynyň,

«Eje» sözi gudratydyr bu dünýäň,

«Eje» sözi başlangyjy şatlygyň.


«Eje» sözi desterhandyr-baýramdyr,

«Eje» sözi ýüreklerde aýdymdyr,

«Eje» sözi dillermizde senadyr,

«Eje» sözi köp dilde-de penadyr.


«Eje» sözi gülälekli meýdandyr,

«Eje» sözi daglardaky jeýrandyr,

«Eje» sözi jennetdäki bagymdyr,

«Eje» sözi ýer ýüzünde şanymdyr.


«Eje» sözi perişdäniň adydyr,

«Eje» sözi sallançagyň badydyr,

«Eje» sözi arkamdaky dagydyr,

«Eje» sözi damardaky ganymdyr.


Kä çagalar, zardyr «eje» sözine,

Ulalýarlar, görmän eje mährini,

Şonuň üçin, elmydama dilňizde,

Sena ediň, baky «eje» sözini.

20
43
gulalek_poetess
28 Sentýabr 2023
🫶🫶@mawy,
gulalek_poetess
28 Sentýabr 2023
🫶@gül🥀_,
gulalek_poetess
28 Sentýabr 2023
@dmoo, minnetdar ☺️
dmoo
28 Sentýabr 2023
👍❤👍❤👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.