gulalek_poetess
25.09.2023 08:27

Göwün guşum uçup gitse asmana,

Ara eýýam daşdyr ony tutmana.

Aýagym ysmaýar ýere basmana,

Hemme zat ýat bolýar, Ylham gelende.


Öz dünýäme çümüp gitýärin birden,

Ýadowlyk, agyry, duýmaýar beden.

Oýa batyp siňipdirin goşgyma,

Bir seretsem, günem dogaýan eken.


Hiç goýbermän elim galamy tutýar,

Gysýar bar güýjünden, durmanam ýazýar,

Ak kagyzyň ýüzi şygyrdan dolýar,

Bady peselmeýär, Ylham gelende


Bu ýagdaýda, juda howsala gelýär,

Heýjan joşup, birden ýürege berýär,

Gyzdyryp, gaýnadyp, sowadyp geçýär,

Ýüregim möwç urýar Ylham gelende.

12
57
dmoo
25 Sentýabr 2023
@medik_, señ gadryñ başgaçalaý
gulalek_poetess
25 Sentýabr 2023
@dmoo, menem plyus goydum☺️
dmoo
25 Sentýabr 2023
Meñ teswirime dislaýk kim goýdy🤨
gulalek_poetess
25 Sentýabr 2023
@garamyratt, sagboluñ düşünjäñiz üçin☺️
gulalek_poetess
25 Sentýabr 2023
Minnetdar☺️@12445,
gulalek_poetess
25 Sentýabr 2023
@dmoo, hawa meniñ setirlerim☺️
garamyratt
25 Sentýabr 2023
Muny Babamyrat Hamdamowyñ stilinde aýdym edip aýtdyraýsañ...
dmoo
25 Sentýabr 2023
Awtory kim? Öziñmizmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.