gula
08.03.2025 16:55
Biziň bile gezen köçelermizde
Aýralygyň sazy çalyp dur assa
Bileje oturan ýerlerimizde
Mäkäm ýapyşypdyr
Otur-a gussa...

Öň sen barkaň bagtdan saýraýan guşdum
Kalbym dilip gyrdyň ganatlarymy
Nä men sençe ýokmy?!
Çynyma tutsam-
Seni has düýbünden unutmarynmy?!

Biziň bile gezen köçelermizde
Bagtly gezip ýörler başga aşyklar
Bu wagta ýap ýagty, öňler-ä bizi
Bukmak üçin hiç ýanmazdy yşyklar...

Men bärlere ýeke gelip görmändim
"Mydam bile borus" diýerdiň sözde
Şuwagt aglap ýalňyz ýöräp barýaryn
Biziň bile gezen köçelermizde...

Göwher Şyhberdiýewa
9
38
gula
07.10.2024 18:32
Git diýdiň aýtmadyň nirädigini
Tutuş süňňim bilen eýledim inkär
Senden jyda düşsem diri däldigmi
Niçik, neneň, nädip düşünmediňkäň?!

Ah urdum,dadyma yeten ýok ýerde
Men seni soradym, Haky çagyryp
Täleými berdiňmi deňziň ellerne
Meni dünýä iltäp duran labyrym?!

Git diýdiň aýtmadyň nähili, neneň
Diri galjagymy gidemde niräk
Şahasyny serip köküni süýräp
Git diýdiň aýtmadyň nirädigini...!

Mätgurban Mätgurbanow
4
39
gula
04.10.2024 06:53
Geçen agşam ýene düýşüme girdiň
Ilki söýgüm ýüregimde joş urdy
Şonsuzam az däldi ýyllaň yzasy
Gözlem ýene ahmyr bilen ýaşardy...

Nädip ýatdan çyksyn bu gören düýşüm
Mähir doly gözleriňde eränim
Hakydama siňip giden suratyň
Dyrnap dur kesmegin köne ýaramyň!

Haýsy günäm üçin saňa baglandy?!
Garynja dözümsiz ejiz yüreğim
Ozalynda kysmatymda ýok bolsaň
Oýny näme bu birehim pelegiň...?!

Git sen! Durmuşymyň senden kemsinen
ahmyr doly kitabyny ýapdym men
Egsilen köňlüme direg bolmadyň
Barybir özge kalpdan mähir tapdym men...

Yetmediň päkize söýgüň gadryna
Ýöne gadra ýetjeklerem kän eken
Gitdiň.Durmuşyma gaýdyp dolanma
Dünýe sen bolmasaň,senemjan eken...!

Mülkaman Jumaniýazov
9
43
gula
02.10.2024 14:37
Okla meni senli dünýäň içine
Sakla meni berme asla hiçkime
Gör-ä halym yşkym juda biçeme
Gel-de özüň dermanym bol gymmatlym!

Görjek diýip seniň Aýa taý keşbiň
Talaba duş boldy ýigitlik köşgüm
Kirpikleň içinde tussaga düşdim
Gel-de özüň permanym bol gymmatlym!

Gelseň bolýar kesirligiň bes edip
Seň üçin bir durmuş goýdum bezedip
Maňa ýetdirmedik bagta göz edip
Gel-de özüň ykbalym bol gymmatlym...!

Avtoryny tapmadym...
9
40
gula
29.09.2024 09:08
Ýazgydyň yzyndan ylgaýar adam
Ömür şeýle şertli döränmiş başda
Ýetilmeli çagy ýetilmän galan
Ahmyrly zatlaryň gymmaty başga...!

Isa Hojamerdanov
9
31
gula
27.09.2024 13:57
Ýollarymyz aýra ýaly gövnüme
diýip, maňa näçe gezek aýdypdyň
Gövnüňe gelenini alnyňa çyrşap
Men bar zady saňa goýup gaydypdym...

Soň-soňlaram müň bahana tapyldy
Ýöne oba hiç aýagym çekmedi...
Seni unutdurup bilmedi şäher,
Hem özümden eden tamam çykmady!

Dostlaryň sataşyp ýatlatdy durdy
Aga gatyp näletlenen ykbaly...
Gözlerimiň gussasyny gizledim
Olar saňa baryp aýdaýjak ýaly)

Syra dönsün,hemem saňa ýetmesin
Aýralygyň salan ahu-waýlary
Tapan bagtyň bolup görünsin saňa
Şu şäheriň beýik-beýik jaýlary.

Sen meni bir bagty çüwene deňäp
Ynanýarkaň razylygmy ykbaldan...
Şu gezegä gövnüňdäkiň alnymda
çöwreligini bilmek saňa hökmanmy?!

Ogulnur Ataýeva
12
188
gula
25.09.2024 19:49
Golaýlaşsaň alyp gaçýan özümi
Görünmeseň elek etýän dünýäni
Gün bar vagty görünenok ýyldyzlar
Ýa ýyldyzlar daňa golaý sönýämi?!

Sataşaňda zora salýan özümi
Bolanokdy... Aljyraman owsunman
Mende o bolşuňa meňzeş duýgular
Öň bolupdy garaşylýan mövsümden...

Ine-de men...25-iň dälisi!
Hat-da boýun alardanam agyrdyň
Sen öz eden arzuvlarňy sanaýaň
Men sanaýan gözlerimiň ýygyrdyn...!

Beýlede bir meňzeşlik bor, oňuşýa
Gabat gelýär hat-da adyň adyna...
Niçik agyr iliň bagtyna dörän
Meňzeş bolsa seň ýitiren zadyňa)

Ogulnur Ataýeva
13
116
gula
24.09.2024 10:51
Ýüregimde ýaşasaňam müdimi
Seniň adyň ýazylmandyr alnyma
Entek doly sovmankalar ýedimi
Soňky gezek görmäne gel ýanyma...

Mundan beýläk bu dünýäde ýok diýip
Saňa habar geler, meniň adymdan
Gelip sypalagyn ýumşak mazarym
Ýoldaşyň gabanmaz ölen adamdan!

Ýöne bir damja-da ýaşyň akmasyn
Çünki gül ýüzüňe gülmek ýaraşýar:)
Solan söýgümiziň hatyrasyna
Soňky gezek gelgin hökman garaşýan...!

Kuvvat Ýazmuhammedov
14
69
gula
23.09.2024 14:41
Syrdamsyrdam kirpikleriň çaknyşyp
Gabaklaň bir geňsi gylyçlaşdylar
Inede gözleriň bövedin bövsüp
Gövün şalygynyň ýolun açdylar-

Al ýaňakdan dür damjalar syrykdy
Ýylgyrsana...Jany jana gatdygym !
Dana aýdan "-Gözýaş kalby tämizläp"
Ýolun päklärmişin geljek şatlygyň...)

Kakamyrat Rejepov
12
53
gula
22.09.2024 12:48
Men kimdir birini unudan ýaly
Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan
Ýüreğim käteler tisginip gidýär
Nätanyşyň has nätanyş adyndan...

Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal
Birdenkä sypalap geçse başymy
Men oňa şol diýip etýände güman
Synlamaga gorkýan degre-daşymy...

Durmuş tapmaçamy?
Gurluş tapmaça...
Soraglar ummany heläk etjekden
Adam öz özüni gözläp tapmasa
Oňa kimdir birin sebäp etjekden...!

Ýatdan çyksa ýatdan çykmaly zatlar
Soň yzyna geljek bolup durmasa
...Men ýene tisginýän nätanyş atdan
Ýalta bakýan nätanyş ses gürlese...!

Aýgül Garaýewa
17
84