Geçen agşam ýene düýşüme girdiň
Ilki söýgüm ýüregimde joş urdy
Şonsuzam az däldi ýyllaň yzasy
Gözlem ýene ahmyr bilen ýaşardy...
Nädip ýatdan çyksyn bu gören düýşüm
Mähir doly gözleriňde eränim
Hakydama siňip giden suratyň
Dyrnap dur kesmegin köne ýaramyň!
Haýsy günäm üçin saňa baglandy?!
Garynja dözümsiz ejiz yüreğim
Ozalynda kysmatymda ýok bolsaň
Oýny näme bu birehim pelegiň...?!
Git sen! Durmuşymyň senden kemsinen
ahmyr doly kitabyny ýapdym men
Egsilen köňlüme direg bolmadyň
Barybir özge kalpdan mähir tapdym men...
Yetmediň päkize söýgüň gadryna
Ýöne gadra ýetjeklerem kän eken
Gitdiň.Durmuşyma gaýdyp dolanma
Dünýe sen bolmasaň,senemjan eken...!
Mülkaman Jumaniýazov