gula
27.09.2024 13:57
Ýollarymyz aýra ýaly gövnüme
diýip, maňa näçe gezek aýdypdyň
Gövnüňe gelenini alnyňa çyrşap
Men bar zady saňa goýup gaydypdym...

Soň-soňlaram müň bahana tapyldy
Ýöne oba hiç aýagym çekmedi...
Seni unutdurup bilmedi şäher,
Hem özümden eden tamam çykmady!

Dostlaryň sataşyp ýatlatdy durdy
Aga gatyp näletlenen ykbaly...
Gözlerimiň gussasyny gizledim
Olar saňa baryp aýdaýjak ýaly)

Syra dönsün,hemem saňa ýetmesin
Aýralygyň salan ahu-waýlary
Tapan bagtyň bolup görünsin saňa
Şu şäheriň beýik-beýik jaýlary.

Sen meni bir bagty çüwene deňäp
Ynanýarkaň razylygmy ykbaldan...
Şu gezegä gövnüňdäkiň alnymda
çöwreligini bilmek saňa hökmanmy?!

Ogulnur Ataýeva
12
188
gula
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, bolýa:)
Abat_
29 Sentýabr 2024
@gula, okaýyşy çeper. Gaty haladym))
gula
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, hawa... açdymy?
gula
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, (1)ligini goýmandyryn... täzeden ugratdym görüň hany
gula
29 Sentýabr 2024
@Abat_, bolya ýenede ugratjak häzir
Abat_
29 Sentýabr 2024
@gula, hawa, köp sagboluň💐
Abat_
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, Standart. Ýokla şörlerde menem)
gula
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, size bardymy?
gula
29 Sentýabr 2024
@Abat_, açdymy?
Karaleva_
29 Sentýabr 2024
@okyyjy, bolya sagbol clahs oynayyn.men 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.